Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Azerbaýjan-gajar gapma-garşylyklary


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet14/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Azerbaýjan-gajar gapma-garşylyklary 
XVIII asyryň 80-nji ýyllarynda Eýranda häkümiýet 
Gajarlar dinastiýasyny esaslandyran Aga Muhammet hanyň 
eline geçýär. Ol tutuş Zakawkazýanyň we Günorta 
Azerbaýjanyň hökümdarlaryna perman iberip, olaryň özüne 
tabyn bolmagyny talap edipdir. Muňa jogap edip 
hökümdarlaryň köpüsi Russiýa döwletinden kömek sorap, ýüz 
tutupdyrlar. Gazaba münen Aga Muhammet han Zakawkazýa 
ýerlerine ýörişe başlaýar. Ol Talyş, Nahiçewan we Ýerewan 


39 
hanlyklaryny derbi-dagyn edýär. Emma Şuş galasy olara berk 
gaýtawul berýär. Garabaglylar ermeniler we gürjüler bilen 
birleşip 33 günüň dowamynda duşmandan üstünlikli goranmagy 
başarypdyr. Aga Muhammet han Şuş galasyny gabamagy bes 
edip, öz goşunyny Gürjüstana tarap sürýär. 
Eýran goşunlarynyň Zakawkazýa çozmagy rus hökümetini 
ynjalykdan düşrüp başlapdyr. Ýerli hökümdarlaryň hat ýazyp 
kömek soramagyny göz öňünde tutup, 1796-njy ýylyň aprel 
aýynda rus goşuny B. Zubowyň ýolbaşçylygynda Azerbaýjana 
girýär. Muny eşiden Aga Muhammet han çaltlyk bilen 
Zakawkazýadan çykýar. 
Rus goşunlary gysga wagtyň içinde Kubany, Bakuwy, 
Şemahy, 
Genjäni 
eýeläpdirler. 
Eýran 
goşunlaryndan 
tapawutlylykda rus goşunlary ýerli halk bilen hoşniýetli 
gatnaşypdyrlar. Galybersede, Ekaterina II egerde kimde-kim 
ýerli ýaşaýjylara kast etse onuň berk jezalandyryljakdygy 
barada buýruk hem çykarypdyr. 
Emma 1796-njy ýylda Ekaterina II aradan çykandan soň, 
tagta çykan Pawel I tiz wagtda goşuny yzyna çagyrýar. Mundan 
peýdalanyp Aga Muhammet han ýene-de Azerbaýjana Garabag 
hanlygynyň üstüne çozýar. Tiz wagtda Aga Muhammet han 
dildüwşülip öldürilýär. 
Azerbaýjanyň hanlary we Kartli Kahetiýa patyşasy 
Georgiý II (1798-1890) ýene-de kömek sorap Russiýa 
döwletine ýüz tutýarlar. Zakawkazýa hökümdarlarynyň birnäçe 
gezek ýüztutmalaryndan soň, Pawel I ahyry rus goşunyny 
Zakawkaýa girizmegiň kararyna gelýär. Emma Eýran şasy 
Fataly şa öz goşunynyň kuwwadynyň rus goşunyndan pesdigine 
garamazdan, Zakawkazýany basyp almak pikirinden el 
çekmeýär. Ol öz goşunynda harby tälimleri geçirmek üçin 
Fransiýadan harby hünärmenleri çagyrýar. 


40 
Azerbaýjanyň ýerleriniň Eýran we Türkiýe tarapyndan 
baslyp alynmagy, geljekde ol ýerleriň Angliýanyň we 
Fransiýanyň kolonial obýektine öwrülmegine we halkyň 
tozdurylmagyna 
getirjekdi. 
Eýranyň 
we 
Türkiýanyň 
Azerbaýjandaky basypalyjylykly syýasaty ýerli ilatda Russiýa 
döwleti bilen ýakynlaşmak meýlini has güýçlendiripdir. 
Şeýlelikde, XVIII asyryň ahyrlarynda- XIX asyryň başlarynda 
dörän taryhy ýagdaý Azerbaýjanyň Russiýa birikmegi üçin ähli 
zerur şertler döräpdir. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling