Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Azerbaýjan SSR-niň döredilmegi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Azerbaýjan SSR-niň döredilmegi
1919-njy ýylyň maý aýynda Azerbaýjanyň kommunistleri ``Garşsyz Sowet Azerbaýjany ugrunda`` diýen şygary öňe sürýärler. Bu şygar astynda kommunistler işçileri we daýhanlary, tutuş progressiw pikirli adamlary Azerbaýjan Sowet Respublikasyny döretmek ugrundaky göreşe çagyrypdyrlar. Bu çagyryşa jogap edip diňe bir işçiler däl-de, eýsem daýhanlar hem köpçülikleýin guramaçylykly çykyş edip başlapdyrlar. 1919-nji ýylda Azerbaýjanyň ähli uýezdlerinde daýhanlar bilen pomeşikleriň arasynda ýaragly çaknyşyklar bolup geçýär. Genje, Gazak, Şuş, Gökçaý we Lenkoran uýezdlerinde ýaragly gozgalaň has giň gerime eýe bolupdyr. Genje uýezdiniň Gyzyl- Gajylyly obasynda Meşady Kadyryň ýolbaşçylygynda bolup geçen daýhanlar gozgalaňy pomeşiklere uly howyp salypdyr. Ýene-de bir daýhanlaryň ýaragly otrýady Gazak uýezdiniň Ýokary-Aýyply we beýleki obalarynda hereket edipdir. Bu ýerde 1919–njy ýylyň güýz aýynda Gyzyl gwardiýanyň daýhanlar otrýadlary döredilipdir Garabagda, Şamsadil we Gazak yýezdlerinde azerbaýjan we ermeni daýhanlary birleşip, musawat we daşnak häkimetiniň garşysyna çykyş edipdirler. Musawatçylaryň yaragly güýçlerniň garşysyna Geranboý- Ahmetli obasynda Gatyr Mamedin ýolbaşçylygyndaky daýhanlar otrýady duýdansyz göreş alyp barypdyrlar. Gatyr Mamediň we Meşady Kadyryň daýhanlar otrýady dowlet edaralarnyň, hanlaryň, begleriň we pomeşikleriň üstüne çozuş edip, olaryň ýerlerini we mallaryny daýhanlara paýlap beripdirler. Musawatçylara 1919–njy ýylyň sentýabr aýynda Gatyr Mamedi wagşylarça öldürmek başardan hem bolsa, tutuşlugyna daýhanlar hereketiniň öňini almak başartmandyr. Rewolýusion wakalaryň içinde Lenkoran uýezdiniň zähmetkeşlerniň Sowet häkimýeti ugryndaky göreşi has tapawutlanypdyr. 1919–njy ýylyň 25– nji aprelinde işçileriň, 64 daýhanlaryň we rewolýusion esgerleriň ýaragly otrýadlary tarapyndan reaksion ofiserleri ýesir alýarlar we Lenkoran uýezd uprawasyny (iş dolandyryjysyny) agdarýarlar. Häkimýet Rewolýusion Komitetiň eline geçýär. Rewolýusion hereketden gorkan musawaçylar we reaksiýon toparlar tutha – tutlugy we terrorçylykly hereketi güýçlendiripdiler. Sowet häkimiýeti ugrundaky göreşde duşmanyň elinde K. Agasiew, A. Aliew, M. Aýdinbekow, F. Gubanow, B. Dadaşew, A. Katarzade, I. Kolomiýsew, M. Melikýans, M. Musawi, B. Sardarow, A. Suleýmanow we beýlekiler ýaly halkyň edermen ogullary wepat bolupdyrlar. Bu waka Azerbaýjan musawatçylarynyň halka dönükligini ýene-de bir gezek subut etdi. 1920-nji ýylyň 24-nji aprelinde Azerbaýjanyň Kommunistik (bolşewikler) Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň (AK(b) P MK) harby tehniki kommisiýasy ähli raýon harby- syýasy kommisiýalaryna ýaragly gozgalaňy taýarlamak boýunça göreşiň instruksiýasyny iberýär. 1920-nji ýylyň 27-nji aprelinde Bakuwda gozgalaň turýar. Azerbaýjanyň gozgalaň eden zähmetkeşlerine 11-nji Gyzyl Goşun kömege gelipdir. Azerbaýjan kommunistleri musawatçylar parlamentine ultimatum berip, Bakuwyň esasy punktlaryny eýeläpdirler. Netijede, şol gün musawatçylar parlamenti häkimiýetiň Azerbaýjanyň rewolýusion kommitetiniň eline geçýändigi baradaky karara gol çekýär. Şeýlelikde, 1920-nji ýylyň 27-nji aprelinden 28-nji apreline geçilen gije musawatçylar hökümeti agdarylýar we Azerbaýjanda Sowet häkimiýeti ýeňýär. Azerbaýjan Sowet Sosialistik Respublikasy jar edilýär. Wagtlaýyn rewolýusion Kommitet döredilip, onuň düzümüne N. Narimanow (başlyk), A. Aliýew, D. Buniatzade, M. Guseýnow, A. Garaýew, G. 65 Musabekow we G. Sultanow giripdirler. Azerbaýjan Sowet Sosialistik rewolýusiýasy yglan edilýär. 1920-nji ýylyň 28-nji aprelinde bolsa, Azerbaýjan Rewolýusion Kommiteti N. Narimanowyň ýolbaşçylygynda Halk Komissarlar Sowetiniň ilkinji düzümini tassyklaýar. 1921-nji ýylyň 6-njy maýynda Bakuwda Azerbaýjan SSR- niň Sowetleriniň I gurultaýy bolup, onda Azerbaýjanyň ilkinji Konstitusiýasy kabul edilýär. Konstitusiýanyň kabul edilmegi Azerbaýjan halkynyň syýasy ösüşinde uly taryhy ähmiýete eýe bolupdyr. Gurultaýda ýokary döwlet organlary Azerbeýjan Merkezi Ispolnitel Komiteti (AzMIK) we Halk Komissarlar Soweti saýlanypdyr. HKS-yň başlyklygyna N. Narimanow, AzMIK-nyň başlyklygyna M. Gajyýew saýlanypdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling