Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ekerançylygyň we maldarçylygyň peýda bolmagy
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Ekerançylygyň we maldarçylygyň peýda bolmagy
Arheologiki gazyp-agtaryşlaryň maglumatlaryna görä, Özbegistanyň territoriýasynda ýaşan gadymy adamlar misi Günorta Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan adamlardan has soňrak, b.e.ö. III asyryň ahyrlarynda ulanyp başlapdyrlar. Eneolit eýýamyna degişli ýadygärlikleriň galyndylary Zarafşan derýasynyň aşak akymlarynda, Buhara welaýatynyň demirgazyk böleginde gabat gelýär. Buhara welaýatynyň demirgazygynda tapylan gadymy adamlaryň duralgalary bolan Lawlakan we Beşbulak duralgalarynda metallurgiýa önümçiliginiň galyndylarynyň üsti açylýar. Bu ýeriň adamlary misi eredip, ondan dürli zatlar ýasapdyrlar. Özbegistanda eneolit eýýamynda adamlar ekerançylygyň we maldarçylygyň ýönekeý usullaryny ulanyp başlapdyrlar. Orta Aziýanyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Özbegistanyň territoriýasynda hem ilkinji ekerançylyk ýerleri amatly howa şertleri bolan dag eteklerinde peýda bolupdyr. Ekerançylygyň bilen bir hatarda maldarçylyk hem peýda hem döräp başlapdyr. Bürünç eýýamynda ekerançylyk we maldarçylyk mundan beýläk-de giňelipdir we ösüpdir. Özbegistanyň territoriýasynda 84 bu döwre degişli ýadygärlikleriň köpüsi Zarafşan derýasynyň aşaky akymlarynda köp gabat gelýär. Şeýle ýadygärlikleriň ilkinjileriniň biri Zamanbaba ýadygärligidir. Ol ýadygärlik Zamanbaba kölüniň kenarynda ýerleşendigi üçin şeýle atlandyrylypdyr. Zamanbaba medeniýetinde ýeri özleşdirmekde kätmen ulanylyp başlapdyr. Ol bolsa, önümçiligiň ösmegine oňyn täsir edipdir. Bu ýerden çakmak daşdan ýasalan oraklaryň, däne owgyçlarynyň bölekleriniň, bugdaý we arpa däneleriniň yzlarynyň tapylmagy ekerançylygyň bolandygyna doly şaýatlyk edýär. Zamanbabanyň ilaty otyrymly maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyrlar. Ol ýerden gazuw agtaryş mahaly tapylan haýwanlaryň süňkleriniň 80%-i öý haýwanlaryna degişli bolup çykýar. Otyrymly ekerançylyk medeniýeti Özbegistanyň demirgazyk ýerlerine garanyňda günortasynda has ir döräpdir. Surhanderýa welaýatynyň Sapalydepe diýilýän ýerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri, ol ýerde ýaşan günorta taýpalaryň Türkmenistanyň günortasynda ýaşan taýpalar bile bir wagtda suwarymly ekerançylyga we oturymly maldarçylyga geçendiklerine şaýatlyk edýär. Olarda küýzegärçilik, dokmaçylyk we metaly işläp bejermeklik ösen bolupdyr. Aýry-aýry taýpalar oňat berkidilen berkitmelerde ýaşapdyrlar. Olar bugdaý, arpa, dary ösdürip ýetişdirmeklik bilen, öý haýwanlaryň ähli görnüşini diýen ýaly köpeldipdirler. Keramiki küýze önümleriniň dürli görnüşlerini taýýarlapdyrlar. Arheologlaryň berýän maglumatlaryna görä, Fergana jülgesi gadymy ekerançylar tarapyndan giçki bürünç asyry döwründe giňden özleşdirilip başlanypdyr. Dag etegindäki düzlükler, şol ýeriň bol suwy ol ýerde otyrymly ekerançylyk hojalygyny alyp barmaga amatly şertler döredipdir. Çust, Dalwerrin, Aşkaldepe, Çimbaý, Targaç we 85 beýleki ýerler şol döwür barada maglumat berýän ýerleridir. Bular keramiki nagyşlary boýunça özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Şoňa görä hem bu ýadygärlikler toparyna has giň öwrenilen ilkinji ýadygärligiň ady bilen baglanyşdyrylyp ―çust ‖ ýadygärlik medeniýeti diýlip at berilýär. ―Çust ‖ medeniýeti b.e.ö. I müňýyllygyň II asyrynyň ahyrlaryny we I asyryny öz içine alýar. Bu toparlaryň ilaty ekerançylygy emeli usullar bilen suwarypdyrlar. Olaryň esasy önümçilik gurallary daş gyrgyçlar, sokudaşlar, oraga meňzeş pyçaklar we bürünçden ýasalan oraklar bolupdyr. Oba hojalygynda bugdaýy, arpany we daryny has köp ösdürip ýetişdiripdirler. Maldarçylyga hem uly ähmiýet beripdirler. Ilkinji nobatda ownuk mala, ikinji nobatda bolsa, iri şahly mala we gylýalçylyga üns beripdirler. Ekerançylaryň ýaşaýan ýerleri palçykdan we çig kerpiçden galdyrylan kuwwatly diwarlar bilen goralypdyr. Bu galalar bir tarapdan otyrymly ekerançylyk hojalygynyň ýokary derejesini, baýlygyny, jemgiýetdäki emläk deňsizligi görkezýän bolsa, ikinji tarapdan, ekerançylyk taýpalary bilen göçme çarwa taýpalarynyň arasyndaky harby çaknyşyklaryň güýçlenýändigine şaýatlyk edýär. Bürünç asyrynyň ahyrlaryndan başlap, Özbegistanyň ýerlerinde adamlaryň sürümli ekerançylyk hojalygyna geçmegi bilen emeli kanallar gurlup başlanypdyr. Ilkinji kanallaryň uzynlygy onlarça metre barabar bolupdyr. Maldarçylyyň ösmegi oturumly taýpalaryň sürümli ekerançylyga geçmegine şert döredipdir. Netijede, hojalygyň iki esasy pudagy bir ýere sygman başlapdyr. Bu bolsa öz gezeginde maldarçylygyň ekerançylykdan bölünip aýrylmagyna getiripdir. Emeli suwaryşa esaslanýan sürümli ekerançylygyň we örüde bakylýan maldarçylygyň çalt depgin bilen ösmegi diňe ilatyň azyk goruny yzygiderli üpjin etmän, eýsem olaryň hal- 86 ýagdaýynyň hem ýokary galmagyna getirýar. Awçylyk we iýmit çöpleýjilik jemgyýetde mundan beýläk-de esasy rol oýnamagyny bes edipdir. Bu döwre çenli atlar eldekileşdirilip, ol adamzat durmuşynda esasy jandara öwrülýär. Ekerançylyk medeniýetiniň we maldarçylygyň ykdysadyýetde esasy orny eýelemegi bolsa, maşgala durmuşynda atalaryň hukugy berkleşip başlaýar. Garyndaşlyk gatnaşyklary ata tarapyndan yzarlanyp başlanypdyr. Otyrymly ekerançylaryň we maldarlaryň mal-mülküni goramak zerurlygy taýpa harby birleşmeleriň döremegine getiripdir. Urug serdarlary we serkerdeleri jemagatyň jemgiýetçilik we ykdysady durmuşynyň başynda durupdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling