Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Merkezleşen döwletiň döremegi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Merkezleşen döwletiň döremegi
XIV asyryň 50-60 njy ýyllarynda Mawerennahrdaky özara uruşlar we feodal dagynyklyk öň hem agyr durmuşda ýaşap ýören halk köpçüliginiň ýagdaýynyň has hem pese gaçmagyna getirýär. Zähmetkeş halkyň mongollaryň we ýerli feodallaryň ezişlerine garşy berk göreşi ýygy-ýygydan halk gozgalaňlarynyň turmagyna getiripdir. Mongollaryň dolandyrmagyndan ýerli dolandyryjy ýokary ýokary gatlagyň belli bir toparynyň arasynda hem nägilelik döräpdir. 102 Mongollaryň agalyk etmegi ýerli feodallaryň bähbitlerine laýyk gelmändir. Olar ýurtda ähli häkimiýeti öz ellerinde jemläp, gol astyndaky zähmetkeş halky bolsa özleri ezmek isläpdirler. Garşy durýan gatlaklaryň arasynda özara uruşlardan we dagynyklardan esasy zyýan çekýän täjirler topary has hem gaýduwsuz hereket edipdir. Söwda-hünärment toparlary kerwen ýollarynyň merkezlerine eýe bolmak we daşarky hem-de içerki söwdanyň ösüşini üpjün edip biljek merkezleşen döwletiň tarapdary bolup çykyş edipdir. Olar mongollara garşy durýan ýerli feodallaryň wekilleri, emirleri we ruhanylary öz taraplaryna çekipdirler. Serbedarlaryň gozgalaňlarynyň netijesinde Mawerennahrda mongol agalygynyň ýykylmagyndan peýdalanyp, mongollara garşy durýan topar Emir Temiriň ýolbaşçylygynda häkimiýeti öz ellerine alýarlar. Temiriň harby we guramaçylyk ukyby agalyk ediji ýokary gatlagyň arasynda uly abraýa eýe bolmagyna getiripdir. XIV asyryň başlarynda Temmir Keş welaýatynyň hökümdary bolýar. 1361-nji ýylda ol Samarkandyň emiri Hüseýin bilen bileleşige girýär. Bularyň bileleşigi Mawerennahrdaky uly güýje öwrülýär. Bu bileleşik baglaşylandan soň, Temir öz garşydaşy Togluk- Temire we onuň ogly Ylýas hoja garşy uzak wagtlyk göreşe başlaýar. 1366-njy ýylda Temir bilen Hüseýin serbedarlaryň Samarkantda bolup geçen gozgalaňyny basyp ýatyrýarlar. Emma olaryň bileleşigi uzak dowam etmändir. Çünki, olaryň ikisi hem öz häkimiýetiniň güýçlenmegi ugrunda çalşypdyrlar. 1370-nji ýylda Hüseýin öldürilýär we onuň goşuny derbi-dagyn edilip, Temir Mawerennahryň ýeke-täk hökümdary bolýar. Temiriň döwletiniň paýtagty Samarkant şärheri bolupdyr. 1373-1374-nji ýyllarda Temir Günorta Horezmi boýun egdirýär. 1388-nji ýylda ol tutuş Horezmi gutarnykly basyp alýar. Temir 103 XIV asyryň 80-90-njy ýyllarynda Merkezi Aziýany birleşdirmekligi, Eýrana, Zakawkaziýa we beýleki territoriýalara rehimsiz ýörüşleri geçirmek bilen utgaşdyryp alyp barýar. Temir Altyn Orda hany Togtamyşyň garşysyna 1389-1391-nji we 1394-1395-nji ýyllarda ýörüş geçirip, ony hem derbi-dagyn edýär. 1398-nji ýylda ol Hindistana ýörüş edýär we Deli şäherini basyp alýar. Hindistandan gaýdyp gelenden soň, ol osmanly soltany Baýazit I garşy 1402-nji ýylda urşa başlaýar. Çaknyşykda osmanly goşuny ýeňilýär we Baýazit I ýesir alynýar. Temir 1405-nji ýylda Hytaýa garşy urşa taýýarlyk görüp ýörkä aradan çykýar. Temiriň döwleti onuň ömrüniň ahyryna çenli özüne Mawerennahry, Horezmi, Horasany, Zakawkaziýäni, Eýrany we Penjaby birleşdirýär. Şeýlelik bilen Temir öz öňde goýan syýastynda merkezleşen döwlet döretmegi maksat edinipdir. Ol esasy garşydaşlary bolan Altyn Ordany, Eýrany we beýleki ýurtlary özüne tabyn edipdir. Ownuk feodal eýeçilikleriniň soňuna çykypdyr. Bu bolsa öz gezeginde Mawerennahryň ykdysady we syýasy kuwwatyny artdyrypdyr. Merkezleşen döwletiň döremegi, feodal dagynyklygyň soňuna çykylmagy mongol agalygy döwründe ýurduň ýumrulan öndüriji güýçleriniň we ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine amatly täsirini ýetiripdir. Bu döwürde zähmetkeş köpçiliginiň ägirt uly tagallalarynyň netijesinde ekerançylykda, hünärmentçilikde, içerki we daşarky söwdada belli bir derejede öňe gidişlikler bolupdyr. Ylmyň, medeniýetiň ösmegine şertler döräpdir. Mawerennahryň şäherleriniň içinde Samarkant şäheri aýratyn tapawutlanyp başlapdyr. Şäheriň köp sanly ilaty bolup, olaryň esasy bölegi hünärmetçiligiň dürli görnüşleri we söwda bilen meşgullanypdyrlar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling