Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Medeniýet we ylym
IX-X asyrlarda Merkezi Aziýada ekerançylyk mundan beýläk hem ösüp başlaýar, şäherlerde bolsa hünärmentçilik giň gerime eýe bolýar. Şäherlerde durmuşyň kadaly ýola goýulmagy ylmyň, filosofiki pikirleriň, edebiýatyň we sungatyň ösmegine, şeýle hem Ýakyn Gündogar, Gündogar Ýewropa,Hytaý bilen ykdysady gatnaşyklar berkleşipdir. Samanylar eýýamynda Mawerannahrda arap dili bilen birlikde pars dili hem döwlet dili hökmünde alnyp barlypdyr. 106 Şol döwrüň taryhy mümkinçilikleri belli taryhçylaryň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň, filosoflaryň, hatdatlaryň we beýlekileriň peýda bolmagyna amatly şertleri döredipdir. IX-X asyrlarda Merkezi Aziýada belli bolan buharaly taryhçy Narşahyny, alym ensiklopediýaçy Horezmini, belli filosoflar Farabyny, Birunyny, Ibn Sinany, dilçi alymlar we akyldarlar Mahmyt Kaşgarlyny, Ýusup Hos Hajybyny, beýik şahyrlar Rudakyny, Ferdöwsini we beýlekileri bellemek bolar. Orta asyr Gündogarynyň iň bir uly alymlarynyň biri Muhammet Ibn Musa al-Horezmi (790-847) bolupdyr. Asly hyorezmli Muhammet IX asyrda Bagdatda halyf Mamunyň köşgünde eýýäm kämil alym hökmünde işläpdir. Ol matematika, astronomiýa, taryh we geografiýa ylymlary barada köp işleri bitiripdir. Matematika ugrunda bolsa, ol algebra boýunça ajaýyp ylmy işleri ýazypdyr. Algebra diýen adalganyň özi-de onuň ylmy işleriniň biriniň mowzugynyň ilkinji sözünden, ýagny "Al-jabr" diýen sözden emele gelipdir.Onuň adaty latyn ýazwynda algaritmi diýlip ýoýlan görnüşinde häzire çenli "lagorifm" adalgasynda saklanylypdyr. Alymyň ylmy işleri baryp orta asyrlarda latyn diline geçirilip, Gündogarda we Günbatarda ylmyň ösmegine öz täsirini ýetiripdir. Abu Nasr Faraby (872-950) Gündogaryň orta asyr meşhur alymlarynyň biridir. Ol Syrderýanyň kenarynda ýerleşýän Daşkent şäheriniň golaýyndaky Farap obasynda eneden dogulýar. Ol Buharada okaýar, soňra bolsa, okuwyny Bagdatda dowam etdirýär. Farabynyň döreden eserleri onuň öz döwründe dünýä medeniýetiniň ýeten derejesinden habarlydygyna şaýatlyk edýär.Ol jemgyýetiň kanunalaýyklyklary, ykdysadyýet, matematika ylmyna öz goşandyny goşupdyr. Ol öz bilimini Merwde, Buharada, Samarkantda artdyrypdyr. Oňa "Gündogaryň Aristoteli" hem diýipdirler. 107 Sebäbi ol Aristoteliň ýazan işleriniň hemmesine diýen ýaly düşündiriş beripdir, ony çuňlaşdyrypdyr, ösdüripdir. Faraby arap, grek, latyn ýaly dilleri suwara bilipdir. Farabynyň progressiw garaýyşlary beýik orta asyr ensiklopediýaçy alym Abu Aly Ibn Sinanyň dünýägaraýşynyň çeşmeleriniň biri bolupdyr. Ibn Sina (980-1037) başlangyç bilimi öz dogduk şäheri Buharada alypdyr. Ol dürli ylymlar bilen gyzyklanypdyr. Ibn Sina eýýäm on ýedi ýaşynda belli lukman we alym hökmünde tanalyp başlapdyr. Onuň eserlerinde zähmetkeş halkyň bähbidi beýan edilipdir. 1000-nji ýylda mejbury ýagdaýda Buharany taşlap Horezmiň merkezi şäheri Ürgenje barypdyr. Ol Horezmde on iki ýyl ýaşapdyr. Bu ýerde Abu Reýhan Birunya ýaly alymlar bilen tanşyp, ýakyndan gatnaşyk saklapdyr. Ol bu ýerde özüniň belli kitaby bolan "Lukmançylyk ylmynyň kanunlary" atly işini ýazypdyr. Ibn Sinanyň "Lukmançylyk ylmynyň kanunlary" atly işi ylmyň iň gymmat hazynalarynyň biri bolmak bilen, tebigatda bolup geçýän hadysalara dogry düşünmäge kömek berýär. Onuň bu işiniň bäş jildinde hem gadymy lukmançylygyň mähnetleri Gippokrat we Galen ýaly keselleri bejermekde gymmatly maslahatlar berilýär. Bu eser şu günki gün hem öz ähmiýetini ýitiren däldir. Orta asyrlaryň ýene-de bir beýik alym-ensiklopediýaçysy Abu Reýhan Birunydyr (973-1048). Ol taryh, filosofiýa, astronomiýa, mineralogiýa ýaly ylymlara degişli bolan eserleriň 150-den gowragynyň awtorydyr. Biruny özüniň ―Hindistan‖ atly işinde: ―Alymyň hakyky sypatlarynyň beýikligi hakyky alymlykdan, sadalykdan hem-de öz okap öwrenen zatlaryňy alymlara öwretmekden ybaratdyr‖- diýip ýazýar. Biruny 995-nji ýylda, ýagny 22 ýaşynyň içinde Ýeriň globusyny (şekilini) çyzypdyr. 1003-nji ýylda Biruny özüniň 108 ―Geçen nesillerden galan ýadygärlikler‖ atly meşhur işini tamamlapdyr.Ylmy edebiýatda bu işiň ady ―Hronologiýa‖ diýilip tutulýar. Bu işde Eýranda ýaşan halkyýetleriň taryhy, dini, däp-dessurlary, yrym-ýorumlary, gylyk-häsiýetleri hakda gyzykly maglumatlar berilýär. Biruny Gürgende bolan alty ýylynyň içinde ylmy işleriň 15-ni ýazypdyr. Biruny 1019-njy ýylda ýazyp başlan ―Geodeziýa‖ kitabyny 1025-nji ýylda tamamlapdyr. Ol soltan Mahmydyň köşgünde bolan döwürleri (1025-1030-njy ýyllar) aýratyn öndümli işläpdir we ululy-kiçili işleriň ýedisini ýazypdyr. Beýhaky akyldar Biruna ýokary baha berip, geometriýa we pelsepe babatynda, ―..şol döwürde onuň bilen deňeşdirer ýaly başga bir adam hem ýokdy‖ diýip ýazypdyr. Akyldar ―Hordalar‖ atly kitabyny 20 aýda ýazypdyr. Ol uly bir traktatdyr. ―Fergananyň elementlerine düzedişler‖, ―Jaýlaryň merkezini kesgitlemekde azimutlaryň tegeleklerini peýdalanmak hakda‖, ―Gnomonika‖, ―Aý duralgalaryny anyklamak hakda‖ we ―Astronomiýanyň açary‖ atly işleri onuň meşhur işleridir. Biruny 1030-njy ýylda ―Ýyldyzlar hakynda ylym‖ diýen meşhur kitabyny hem ýazypdyr. Ol öz eserlerini özüniň perzendi hasap edipdir. Bu babatda onuň galamyndan çykan setirlerine ýüzleneliň: ―Meniň ähli kitabym-meniň perzentlerimdir, adamlaryň köpüsi bolsa öz perzentlerini we şygyrlaryny ölemen söýýändir‖. Alym Biruny dünýä ertekilerinde wasp edilýän, Gündogaryň baý mirasyny özünde jemleýän Hindistan ýurduna bagyşlap ýazan eseri bolan ―Hindistany‖ miladynyň 1030-njy ýylynda ýazypdyr. Akyldar alym miladynyň 1048-nji ýylynyň Dekabr aýynyň 11-ne 75 ýaşynyň içinde aradan çykypdyr. Samanylar döwründe Mawerannahrda taryhy ýazmak boýunça aýratyn gyzyklanma döräpdir. Şol döwrüň belli taryhçylarynyň içinde Madainini, Belazuryny, Tabaryny, 109 Muhammet Narşahyny we beýleki taryhçylary bellemek bolar. Muhammet Narşahynyň Buharanyň taryhy barada ýazan gymmatly işi häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitiren däldir. IX-X asyrlarda Mawerannahrda binagärlik sungaty uly ösüşlere eýe bolupdyr. Gurluşykda ýokary hilli bişen kerpiçler we alebastr ulanylypdyr. X asyryň gurluşyklarynda agaçlardan hem peýdalanypdyrlar. Agaçlary köplenç sütün ornunda ulanypdyrlar. Araplaryň Merkezi Aziýa aralaşmagy netijesinde,ýerli arhitektura sungatyna hem öz täsirini ýetiripdir. Ýerlerde metjitler, medreseler gurlupdyr. Gümmezli jaýlaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlanypdyr. Şol döwrüň binagärçilik sungatynyň belli ýadygärlikleriniň içinde Buharada gurlan Samanylaryň aramgähi häzirki döwre çenli gelip yetipdir. Ol IX-X asyrlaryň sepgidinde Ysmaýyl Samanynyň buýrugy boýunça gurlupdyr. Bu kümmet Ysmaýylyň kakasy Ahmet ibn Asad üçin gurlandyr.Soňra bu aramgähde 907-nji ýylda aradan çykan Ysmaýylyň özi we onuň agtygy Nasr ibn Ahmet hem jaýlanypdyr. Bu bina häzirki wagtda hem oňat durkunda saklanyp, syýahata, zyýarata gelenleri haýrana galdyrýar. Mawerannahrda IX-X asyrlarda gurlan ýene-de bir binagärlik sungatyna degişli bolan aramgähleriň biri Tim obasyndaky Arapata mazarydyr. Mawerannahrda orta asyrlarda çig kerpiçden hem-de palçykdan gurlan jaýlar hem giňden ýaýrapdyr. Şekillendiriş we bezeg sungatynda hem düýpli özgerişler bolupdyr. Bu döwürde yslam dininiň ýaýramaklygy bilen adamlaryň we haýwanlaryň şekilleriniň ýerine ýazgylar we ösümlikleriň şekilleri ýaýrapdyr. Yslam dininiň kadasy boýunça adamlaryň şekilini çekmek gadagan edilipdir. Arhitektura gurluşygynda arap ýazuwynyň kufi görnüşindäki haty giňden peýdalanylypdyr.Netijede,yslam dininiň yayramagy bilen 110 heýkeltaraşlyk sungaty pese gaçypdyr. Şekillendiriş senetçiliginde esasan hem keramiki hünärmentçilik ösüpdir. X asyrda keramiki gap-çanaklary taýýarlamakda ýaşyl, gyzyl, goňur, gara reňkler giňden peýdalanylypdyr. Gap- çanaklaryň ýüzlerine nakyllar, atalar sözi, alkyşlar arap diliniň kufi hatynda ýazlypdyr. XIV-XV asyrlarda hem Merkezi Aziýada ykdysadyýet, ylym we medeniýet ösüpdir. Temiriň dolandyran döwründe Mawerannahra diňe bir maddy gymmatlyklar getirilmän, eýsem, ökde hünärmenler, gurluşykçylar, alymlar, suratkeşler ýesir edilip getirilipdir. Şol döwürde Samarkantda Horezmden, Yspyhandan, Şirazdan, Halapdan we Gündogaryň beýleki şäherlerinden getirilen hünärmenleri görmek bolupdyr. Ulugbegiň dolandyran döwründe Mawerannahrda ylym we sungat ösüpdir. Samarkant şäherinde alymlaryň, suratkeşleriň, gurluşykçylaryň, senetçileriň giden topary şäherdäki gurluşyk we medeni işlerini alyp barypdyrlar. Ulugbegiň Samarkantda gurduran obserwatoriýasy ylmyň merkezine öwrülmek bilen ýurduň medeni durmuşynda esasy waka bolupdyr. Şol döwürde Samarkantda Kazy-Zade Rumy, Horezmi, Jamid bin Masudy, Muýiddin we onuň ogly Mansur Kaşi, Aly ibn Muhammet Birjondi ýaly belli alymlar ýaşapdyrlar we döredipdirler. Ulugbegiň astronomiýa tablisasy bütin dünýä meşhur bolup, ol häzirki wagtda hem öz ähmiýetini ýitiren däldir. Özbegistanyň medeniýetiniň we ylmynyň taryhynda Ulugbegiň şägirdi Alauddin Aly ibn Muhammet Kuşçi Samarkandy (1403-1474) görnükli orny eýeläpdir. XV asyrda ýaşap geçen özbek halkynyň beýik şahyry, alymy, akyldary we döwlet işgäri Alyşir Nowaýydyr (1441-1501). Ol Hyratda temirler çinownigi Kyýasetdin Kiçginäniň maşgalasynda dogulýar. Onuň öýi sungat adamlarynyň, şahyrlarynyň ýygy-ýygydan üýşýän ýeri bolupdyr. Alyşir 111 Nowaýy on bäş ýaşlarynda iki dilde (türki we pars) ýazan şahyr hökmünde belli bolupdyr. Ol Hyratda, Maşatda we Samarkantda bilim alypdyr. Alyşir Nowaýy 1469-njy ýylda öz mekdep ýoldaşy patyşa Hüseýin Baýkaranyň möhürdary bolýar. Döwlet öňünde bitiren hyzmatlary üçin ol 1472-nji ýylda wezirlige bellenilýär we emir diýen derejä mynasyp bolýar (Mir ýa-da Emir Alyşir atlandyrlmagy-da şondandyr). Şonda ol alymlara, suratkeşlere, sazandalara, şahyrlara, hatdatlara kömek berip durupdyr. Ol öz serişdelerine köprüler, ýollar, kanallar, kerwensaraýlar, mekdepler, hatdatlar we suratkeşler üçin ussahanalar gurdurypdyr. Alyşir Nowaýynyň edebi mirasy köp, hem her taraplydyr. Ol XV asyrda Merkezi Aziýanyň ruhy durmuşyny aýdyň görkezýän otuza golaý goşgular ýygyndysyny uly poemalar we gymmatly ylmy traktatlar döredipdir. Onuň eserlerinde kadysa, gazal, rubaýy ýaly dürli liriki žanrlara (görnüşlere) duşmak bolýar. Aýratynam gazal Alyşir Nowaýynyň köp döreden žanry bolupdyr. Ullakan bäş poemany öz içine alýan dünýä meşhur "Hamsa" Alyşir Nowaýynyň döredijilik ussatlygynyň iň ýokary derejesi hasaplanylýar. Geçmişde onuň eserleri, aýratynam, "Hamsasy" mekdep- medreselerde sapak edilip geçilen bolsa, häzirki döwürde Alyşir Nowaýynyň edebi döredijiligi tutuşlygyna öwrenilýär. Alyşir Nowaýyny türkmen halky hem hut öz şahyry ýaly söýýär. Şahyryň türkmenleriň arasynda gadymdan bäri tanymaldygyna onuň obrazynyň biziň milli folklorymyza ornaşyp galanlygyda güwä geçýär. Türkmen halkynyň Alyşir Nowaýyny hormatlaýandygynyň ýene bir şaýatnamasy hökmünde biziň milli sungatymyzda önjeýli orna eýe bolan "Nowaýy" perdäni-de ýatlamak bolar. Bularyň hemmesi Alyşir Nowaýynyň edebiýatyň, ylmyň we 112 sunagtyň köp taraplaryndan habarly bolandygyny, onuň egilmez zehininiň eýesidigini tassyklaýar. XIV-XV asyrlarda Mawerannahrda sungat, binagärlik we gurluşyk tehnikasy uly ösüşe eýe bolupdyr. Bu döwürde Samarkantda täze-täze binalar, halk üçin amatlyklary bolan bazarlar gurlupdyr. Şol döwürde gurlan binalaryň bir bölegi biziň günlerimize hem gelip ýetipdir. Şolaryň içinde örän täsin gurlan Şahy-Zind kümmetler toplumyny, Bibi-hanym metjidini, Temiriň jaýlanan ýeri bolan Gur-Emir mazarlygyny görkezmek bolar. XIV asyryň 70-nji ýyllarynda saz sungaty bilen birlikde halk teatr sungaty hem ösüpdir. Özbek halk sazlary her bir diňleýjä özüniň özboluşly täsirini ýetirmek bilen, adamlara ruhy lezzet beripdir.Özbek mukamlaryny ýerine ýetirjiler halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirenlerinde halk döredijiliginden we nusgawy şahyrlaryň eserlerinden giňden peýdalanypdyrlar. XIV-XV asyrlarda Merkezi Aziýada gurjak teatry, masgarabazlaryň oýunlary, togara oýunlary, akrobatiki we beýleki oýunlar giňden ýaýrapdyr. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling