Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Özbegistan temirleriň döwründe


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet39/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Özbegistan temirleriň döwründe 
Temir aradan çykandan soňra onuň imperiýasy ýykylyp, 
onuň ýerinde iki sany döwlet emele gelýär. Olaryň biri merkezi 
şäheri Hyrat bolan Horasan, beýlekisi merkezi Samarkant 
şäheri bolan Mewerannahr döwletleri bolupdyr. Horasany
Temiriň ogly Şahruh, Mewerannahry bolsa, Şahruhyň ogly 
Ulugbeg dolandyrypdyr. Ulugbegiň döwletiniň serhedi häzirki 
Özgebistan döwletiniň serhedi bilen deň gelipdir diýen ýalydyr. 
Mundan başga-da, onuň düzümine Syrderýanyň basseýniiniň bir 
bölegi, ýagny Otrardan Sygnaga çenli öz içine alypdyr. 1411-nji 
ýyldan başlap, Ulugbeg özbaşdak hökümdar hökmünde çykyş 
edip başlaýar.Ulugbeg öz döwrüniň beýik alymy, guramaçysy 
we ylmyň, sungatyň howandary hökmünde taryha girendir. XV 
asyryň başlaryndan başlap, dünýä söwda ýoly Termez 
sähralyklarynyň üstünden geçip, ol ondan aňrylygyna bolsa 
Hindi ummanyna çenli aralykda has işeňňirleşip başlapdyr.
Temirler döwletleriniň içinde alnyp barylýan salgyt 
syýasaty zähmetkeş halk köpçüliginiň arasynda nägilelikleriň 
artmagyna getiripdir. Şol bir wagtyň özünde Ulugbegiň döwlet 
dolandyrşyndan ýurduň aristokratlarynyň (agalyk edýän synpyň 
aýratyn hukukly gatlagy) we reaksion pikirli ruhanylarynyň 
arasynda nägilelik döräp başlapdyr. Olar jemgyýetiň medeni 
ösüşine, dünýä ylmy taýdan akyl ýetirişlerine we erkin 
pikirlenmelere garşy durupdyrlar. Ulugbege garşy durýan şeýle 
pikirli topara onuň ogly Abdulatyf ýolbaşçylyk edipdir. 
1449-njy ýylda Samarkandyň eteginde Dimişk diýen 
obanyň golaýynda Ulugbeg bilen Abdulatyfyň arasynda söweş 
bolýar. Bu söweşde Ulugbeg ýeňilipdir. Söweşde Ulugbegiň 
harby serkerdeleri oňa dönüklik edipdirler. Samarkandyň emiri 
bolsa, şäheriň derwezesini berk ýapypdyr. Ulugbeg öz ogluna 
boýun egmeli bolupdyr. Netijede, Abdulatyf kakasyna gizlin 


105 
sud etdirýär we 1449-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda ony 
öldürmegi guraýar. 
Häkimet 
Abdulatyfyň eline geçen hem bolsa
Samarkantda we onuň töwereklerinde Abdulatyfy we onuň 
tarapdarlaryny tagtdan agdarmak üdin oňa 
garşy 
durýan 
toparlar hereket edip başlapdyr. 6 aý hem geçmänkä Abdulatyf 
gabawa alnypdyr we kakasyny öldüren ogul hökmünde halk 
tarapyndan näletlenilip öldürilipdir. Ondan soňra, temirler 
Abuseýit, Abdylla Muhammet we Juçynyň arasynda tagt 
üstünde göreş başlanypdyr. Olaryň üçüsi hem özbek hany 
Abdylhaýrdan kömek sorap ýüz tutupdyrlar. 1451-nji ýylda 
Abdylhaýr 
Samarkanda gelýär we Abuseýidiň tagty 
eýelemegine kömek edýär. Tiz wagtda Abuseýit Şahruhyň 
Geratdaky tagtyny hem eýeleýär. 
Şeýlelik bilen, ol temirler döwletini birleşdirýär. Onuň 
ogullary Soltan Ahmet, Soltan Muhammet, Omar Şeýh we 
beýlekiler özbaşdaklykda Samarkandy, Ferganany ve Buharany 
dolandyrypdyrlar. 1468-nji ýylda Abuseýit Azerbeýjandaky 
söweşleriň birinde wepat bolýar. Onuň tagtyny bolsa, soltan 
Hüseýin Baýkara basyp alýar. Şeýlelik bilen, Horasan we 
Merkezi Aziýa özbaşdak eýeliklere bölünýär.Ol eýelikleriň 
hökümdarlary biri-birleri bilen garyndaş bolupdyrlar. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling