Türkmenistanyň Bilim ministrligi


III BÖLÜM  Özbegistan XVI-XIX asyryň ortalarynda


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet41/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

III BÖLÜM 
Özbegistan XVI-XIX asyryň ortalarynda 
 
Şeýbany hanyň Mawerannahry basyp almagy 
XV 
asyryň 
ahyrlarynda 
Mawerannahrda 
taýpa 
serdarlarynyň özara uruşlary netijesinde Abulhaýryň döwleti 
çagşaýar. Döwletiň ýykylmagyna, şeýle hem ýurduň ykdysady 
dagynyklygy, feodal ýer eýeleri bilen daýhanlaryň synpy 
göreşleriniň ýitileşmegi hem öz täsirini ýetiripdir. Halk 
köpçüligi agyr salgytlara, feodallaryň yzygiderli özara 
uruşlaryna çydap bilmän ezijileriň garşysyna aç-açan çykyş edip 
başlapdyrlar. 
Ýurtda 
syýasy 
bulam-bujarlyk 
we 
hojalyk 
weýrançylygynyň şertlerinde Mawerannahra Şeýbany hanyň 
(1451-1510) ýolbaşçylygynda göçme taýpalar çozuş edip 
başlapdyrlar. Merkezi Aziýa çozuş etmezden ozal, Şeýbany 
hanyň goşuny Horezmiň, Buharanyň, Daşkendiň, Samarkandyň 
üstüne çozuş edipdir. Emma, ol şol oazislerde saklanman ýene-
de yzyna sähralyga gaýdyp gelipdir. Şeýbany han Şeýbanylar 
dinastiýasynyň 
düýbini 
tutujydyr 
we 
Çingiz 
hanyň 
nesillerindendir. Ol ýaşlygyndan başlap, göçme taýpalary 
birleşdirip öz atasy Abulhaýryň döwletini dikeltmek ugrunda 
çalşypdyr. Emma, bu başa barmandyr we şoňa görä-de 
temirleriň gowşan döwletlerini basyp alyp başlapdyr. 
1500-nji ýylda ol Mawerannahry öz häkimetine tabyn 
edýär. XVI asyryň başlarynda Şeýbany han Merkezi Aziýa 
çozuş edip, Buharany hem-de Samarkandy basyp alýar. Babyr 
öz goşuny bilen Şeýbany hanyň ýörişiniň öňüni almaga 
synanyşypdyr. Emma ol ýeňlip Owganystana tarap çekilipdir. 
Şeýbany han Gissary, Ferganany, Daşkendi basyp alypdyr we 
Horasana çozuş edýär. 1507-nji ýylda Şeýbany han Hyrady
eýleýär we ähli temirler agalygyny ýok edýär.Şeýbany han 


114 
Horasany basyp alandan soň, Syrderýadan Merkezi 
Owganystana çenli bolan agalygyň hökümdary bolýar. Ondan 
soňra, ol Sefewi Eýranyny basyp almaga çalyşýar.
Emma Sefewiler oňa berk gaýtawul berýärler.1510-njy 
ýylda Merwiň eteginde Şeýbany hanyň goşunyny Sefewi şasy 
Ysmaýyl I derbi-dagyn edýär. Söweşiň gidişinde Şeýbany 
hanyň özi hem wepat bolýar. Şeýbany ölenden soňra onuň 
döwleti eýesiz galýar. Sefewi şasy Ysmaýyl I Babyry 
Samarkantdaky öz tagtynda oturmaga çagyrypdyr. Emma Babyr 
ýerli halk tarapyndan goldaw tapmandyr. Şoňa görä-de, ol 
Samarkantda uzak saklanyp bilmändir. 
Samarkandyň we Buharanyň şol wagtky dolandyryjy 
toparlary Türkistana soltan Ubaýdullanyň ýanyna öz 
adamlaryny iberip onuň Merkezi Aziýa gelmegini haýyş 
edipdirler. Soltan Ubaýdulla uly bolmadyk goşunyň başynda 
durup ýörişe başlaýar. Oňa Babyryň goşunyny dargatmak 
başardypdyr. Şondan soňra Babyr Mekezi Aziýany hemişelik 
taşlap gitmäge mejbur bolupdyr. 
Şeýlelik bilen, Merkezi Aziýada temirler agalygy ýykylýar 
we onuň ýerine Şeýbanylar dinastiýasynyň ýolbaşçylygynda 
Altyn Ordanyň göçme özbek taýpalarynyň häkimeti gurlupdyr. 
Bu türki dilli göçme taýpalar Merkezi Aziýanyň ýerli türki ilaty 
bilen goşuluşyp ýaşap başlapdyrlar. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling