Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet42/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Buhara hanlygy 
Mawerannahry şeýbanylaryň basyp almagy bilen Buhara 
ykdysady we medeni merkez hökmünde ýuwaş-ýuwaşdan 
ýokary galyp başlapdyr. Abdylla hanyň (1557-1598) dolandyran 
döwründe Buhara şäheri Şeýbany döwletiniň paýtagty bolupdyr. 
Abdylla han ýurduň içindäki agzalalyklary ýok edip, öz 
häkimetini güýçlendirmek ugrunda çalşypdyr.


115 
Ol birnäçe harby ýörişleri geçirip Samarkanty, Daşkendi, 
Ferganany, Saýrany, Garşyny, Merwi, Hisary, Deşti-Gypjagy 
we beýleki ýerleri basyp alýar. Abdylla han Sibir hanlyklaryna 
hem öz täsirini ýetirmek maksady bilen Kuçum hana öz harby 
kömegini beripdir. Emma bu oňa üstünlik getirmändir. 
Buhara hanlygy Russiýa, Eýran, Hindistan, Hytaý bilen 
söwda we diplomatiki gatnaşyklary ýola goýupdyr. Şäherlerde 
hünärmentçilik, dokmaçylyk, söwda ösüpdir. Buharada we 
Samarkantda iri bazarlar emele gelip, olar her dürli ýüpek-şahy 
matalar, mis gaplar, kişmiş we şuňa meňzeşleri öndürmegiň, 
satmagyň merkezine öwrülipdir. Köp şäherlerde köşkleriň, 
medreseleriň, metjitleriň we mawzoleýleriň gurluşygy alnyp 
barlypdyr. 
Abdylla 
han 
ölenden 
soňra 
Buhara 
hanlygynda 
şeýbanylaryň dinastiýasy synypdyr hem-de döwlete 150 ýylyň 
dowamynda aştarhamylaryň dinastiýasy (1599-1753) eýelik 
edipdir. Aştarhamylar özbekleriň etniki bir şahasy bolup, ol 
Astrahan hanlyklaryň nesilleridir. Şu döwürde hanlyk gowşap, 
feodal dagynyklyk başlanypdyr. Özara içki we daşky uruşlaryň 
yzy kesilmändir. Buhara hanlygy Eýran, Hywa hanlygy hem-de 
gazak ordalary bilen uruşlar alyp barypdyr. Bularyň hemmesi 
merkezi 
häkimiýeti 
gowşadyp, 
ýerli 
feodallary 
gylawlandyrypdyr. 
1740-njy ýylda Buhara hanlygyny Nedir şa hiç hili 
garşylyksyz basyp alypdyr. 1747-nji ýylda Nedir şa ölenden 
soň, onuň imperiýasy dargaýar. Buhara hanlygynda iri 
feodallaryň içki uruşlary ýene-de güýçlenip başlapdyr. Netijede, 
häkimiýet başyna täze Maňgyt dinastiýasy (1753-1920) 
geçipdir. Bu döwürde ýurduň syýasy-ykdysady ýagdaýy ep-esli 
derejede gowlanypdyr. Aýratyn-da Şamyrat Welnamynyň we 
onuň müderris ("okymyş") adyny alan ogly Mirhaýdaryň 
döwründe (1800-1826) hanlygyň içki düzgüni berkleşipdir. 


116 
1785-nji ýylda Şamyrat Welnamy Maryny basyp alypdyr we 
Soltanbendi weýran edipdir. 
1801-1802-nji we 1824-nji ýyllarda Mirhaýdar ärsary 
türkmenleriniň gozgalaňlaryny rehimsizlik bilen basyp 
ýatyrypdyr. Emma bular feodal dagynyklygyň soňuna çykyp 
bilmändir. Buhara hanlygynda ýer eýeçiliginiň XVI asyrda 
emele gelen ulgamy saklanyp galypdyr. Ýerler, esasan, üç 
görnüşe: emläk (döwlet ýerleri, patyşalyk ýerleri), mülk (hususy 
eýeçilikdäki ýerler), wakyf (dini ruhanylaryň ýerleri) ýerlerine 
bölünipdir. 
Ýersiz daýhanlaryň aglaba bölegi ýerleri kärendesine 
(üçden birine) işläp bejeripdirler. Çärjew begliginde ýaşan 
türkmenler emläk ýerlerine, Kerki begliginde ýaşan türkmenler 
bolsa mülk ýerlerine ekin ekipdirler. Merkezi Aziýa tä Russiýa 
birikýänçä, Buhara hanlygynda içki we daşky uruşlar dowam 
edipdir. Halk köpçüligi häli-şindi feodalçylyk zuluma garşy 
gozgalaň edip durupdyrlar.
Içerki we daşarky tükeniksiz uruşlar feodallaryň agyr 
ezişleri zähmetkeş halkyň tozmagyna we gedaýlaşmagyna 
getiripdir. Bu bolsa olaryň gozgalaňlarynyň turmagyna itergi 
beripdir. 1708-nji ýylda Buharada şeýle gozgalaňlaryň has 
güýçlileriniň biri bolup geçýär. Halk tolgunşygynyň sebäbi 
Ubaýdulla hanyň şowsuz geçiren "pul reformasy" bolupdyr. Bu 
reformanyň netijesinde teňňäniň hümmetiniň dört esse 
peselmegi ilkinji nobatda halk köpçüliginiň zyýan çekmegine 
getiripdir. 
Buhara hanlygyny sarsdyran iň uly gozgalaň 1821-1825-nji 
ýyllarda bolupdyr. Bu gozgalaň hem feodal ejişe garşy 
bolupdyr. Gozgalaň rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylypdyr. 
1868-nji ýylda Buhara hanlygy patyşa Russiýasy tarapyndan 
eýelenýär. Şertnama laýyklykda Buhara hanlygy Russiýanyň 
protektoratlygyny 
(güýçli 
döwletiň 
gowşak 
döwlete 


117 
howandarlyk etmegi) kabul edipdir. Ýurduň halk hojalygy kem-
kemden umumyrus bazaryna goşulyp başlapdyr. Öňki yzagalak 
oba hojalygyna we hünärmentçilige kapitalistik gatnaşyklar 
aralaşyp ekerançylygyň haryt önümçiligi artypdyr. Aýratyn hem 
pagtaçylyk giňden ösüp başlapdyr. Söwda gatnaşyklary has giň 
ýaýbaşlanypdyr. 
Ýurduň durmuşynda daşarky söwda uly ähmiýete eýe 
bolupdyr. Söwda kerwenleri Buharadan Eýrana, Hindistana, 
Gazagystana we Nogaý sähralyklaryna, Sibire we Kaşgara 
gatnapdyrlar. XVI-XIX asyrlarda Russiýa döwleti bilen söwda 
gatnaşyklary giňden alnyp barlypdyr. 
1920-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda gyzyl goşunyň 
goldamagy netijesinde Buhara zähmetkeşleri emiriň häkimetini 
agdarýarlar. 1920-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda bolup geçen Halk 
wekilleriniň Bütinbuhara I gurultaýynda Buhara Halk Sowet 
Respublikasy yglan edilýär. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling