Türkmenistanyň Bilim ministrligi
-1825-nji ýyllardaky Buhara gozgalaňy
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
1821-1825-nji ýyllardaky Buhara gozgalaňy
XIX asyryň başlarynda Özbegistanyň ähli hanlyklarynda zähmetkeş halkyň ýagdaýy örän agyr bolupdyr. Olar salynýan salgytlardan we paçlardan, hanyň dolandyryjy toparlarynyň eden-etdiliklerinden, feodallaryň gutarnyksyz özara uruşlaryndan zyýan çekip halys bolupdyrlar. Bu bolsa öz 122 gezeginde zähmetkeş halkyň öz ezijilerine garşy aç-açan çykyşlaryna getiripdir. Şeýle uly hereketleriň biri 1821-nji ýylda Buhara hanlygynyň Miankal etrabynda başlanypdyr.Öz wagtynda salgydyny töläp bilmedik daýhanlar salgyt ýygnaýjylar tarapyndan agyr sütemlere sezewar edilipdir we olaryň hususy emläklerini ellerinden alypdyrlar. Daýhanlaryň arza-şikaýatlary hökümdarlaryň hiç biri tarapyndan diňlenilmändir. Tersine, arz edenler rehimsizlik bilen yzarlanypdyr we olara goçmaça agyr jezalar ýüklenipdir. Bu bolsa, olary gutarnykly tozdurupdyr. 1821-nji ýylyň Buhara gozgalaňynyň sebäbi Miankal etrabynyň ýaşaýjylaryndan Merwde gulluk etmek üçin goşuna adamlaryň alynmagy bolupdyr. Munuň üstesine şol bir wagtda Ketdekurgan hökümdary Aýazbi tarapyndan ilatdan ýene-de salgyt ýygnamak barada buýruk bermegi halkyň nägileligini has hem artdyrypdyr. Tiz wagtda gozgalaň aç-açan ýagdaýa geçipdir. Netijede gozgalaň has güýçlenipdir. Gozgalaňçylar emiriň ähli çinowniklerini urup-ýenjipdirler we olary kowup, Ketdekurgan, Çilek, Ýangykurgan we beýleki käbir iri şäherleri basyp alypdyrlar. Ketdekurgan şäherinde gozgalaňçylara senetçi Safar aksakalyň ýolbaşçylygynda şäheriň aşaky gatlaklary hem goşulypdyr. Mundan soňra gozgalaňçylar Samarkant şäherine süýşüpdirler. Gozgalaňçylaryň garşysyna emir uly goşun birikmelerini iberipdir we Ketdekurgany eýeläpdir. Olar gozgalaňçylardan rehimsizlik bilen öç alypdyrlar. Jezalandyrylanlaryň umumy sany ýedi ýüz adama ýetipdir. Gozgalaňçylaryň serkerdeleriniň biri Safar aksakal hem wepat bolupdyr. Muňa garamazdan gozgalaňçylaryň bir bölegine gaçyp, Ýangykurganda gizlenmek başardypdyr. 123 Emir Haýdar Ketdekurganyň alnandygy baradaky habary eşidip top atyjy goşuny bilen şähere gelipdir. Ýöne, şäherdäki ýagdaý gaty dartgynly bolupdyr. Şoňa görä hem Emir Haýdar şäher ilatynyň garşysyna aýgytly hereketleri edip bilmändir. Emir gozgalaňçylar bilen gepleşikler geçirmek üçin ruhanylaryň abraýly wekillerini iki gezek iberipdir. Emma bu hiç hili netije bermändir. Gozgalaň has giňelip, tutuş Miankal etrabyny basyp alypdyr. Emir Haýdar gozgalaň tuzuran halkyň garşylygyny ýatyryp bilmän mejbury ýagdaýda Buhara gaýdypdyr. 1822-nji ýylda hem Emiriň goşunynyň gozgalaňçylaryň eýelän galasyny basyp almak ugrundaky göreşi şowsuzlyk bilen gutarypdyr. Gozgalaňçylar bilen hökümet goşunynyň göreşi gandöküşikli we dartgynly häsiýete geçipdir. Emir Miankaldaky gozgalaňçylaryň garşysyna alyp baran söweşi bilen birlikde hanlygyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar ýerlerine çozuş eden Hywa hanlygynyň garşysyna hem göreşmeli bolupdyr. Gozgalaňçylar şol bir wagtyň özünde Kokant hanyndan we emiriň garşysyna durýan beýleki hökümdarlardan kömek sorap ýüz tutupdyrlar. Bu bolsa emir Haýdaryň ýagdaýyny has hem kynlaşdyrypdyr. Gozgalaňçylar birleşen güýç bilen Samarkandy basyp almaga synanyşypdyrlar. Emma olaryň ýaranlarynyň arasynda agzybirlik bolmandyr. Tersine, özara dawalar başlanypdyr. Netijede, gozgalaňçylar Samarkandy basyp almak umydyndan el çekip gabawy aýryp, hersi öz ugruna gidipdirler. Miankalyň gozgalaň turuzan ilaty öz taraplaryna Buhara hanlygynyň beýleki etraplarynyň daýhanlaryny çekmek ugrunda çalşypdyrlar. Olar şol maksat bilen ýurduň jümmişine süýşip başlapdyrlar. Emma olaryň hereketi Miankal ýerlerinde gabalypdyr. Netijede, gozgalaň pese gaçyp başlapdyr. Dört ýylyň dowamynda etrabyň hojalygy gutarnykly dargapdyr. 1825-nji ýylyň ýazynda emir Haýdar gozgalaňçylaryň garşysyna goşun sürüp, olary aýgytly ýeňlişe sezewar edipdir. 124 Emma emiriň goşuny gaty ýadaw bolupdyr we şoňa görä hem ol gozgalaňçylaryň harby hereketi bes etmek we gozgalaňa gatnaşanlaryň günäsini geçmek baradaky talaplaryny berjaý etmäge mejbur bolupdyr. Şondan soňra Çilek we Ýangykurgan galalaryny beripdirler. Gozgalaňyň esasy hereketlendiriji güýji daýhanlar bolupdyr. Emma gozgalaňyň eke-täk ýolbaşçysynyň bolmanlygy oňa üstünlik getirmändir. 1821-1825-nji ýyllaryň gozgalaňy Buhara hanlygynyň syýasy durmuşyna özüniň uly täsirini ýetiripdir. Gozgalaň Buhara hanlygynyň syýasy güýjini gowşadyp, onuň syýasy durmuşyna ullakan täsirini ýetiripdir. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling