Türkmenistanyň bilim ministrligi türkmenistanyň milli bilim instituty
Download 149.5 Kb.
|
Himiýa 11 ýyllyk td adaty
- Bu sahifa navigatsiya:
- Aşgabat-2021
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI TÜRKMENISTANYŇ MILLI BILIM INSTITUTY IX-XI SYNPLAR ÜÇIN “HIMIÝA” DERSI BOÝUNÇA OKUW MAKSATNAMASY Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi Düzüjiler: Annadurdyýewa N.R. Annaýewa Ý.D. Amangulyýew M.B. Geldinyýazow M.G. Muradowa A.I. Gadamow D. G. Aşgabat-2021 Düşündiriş hatyBilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti” Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Perman we “Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda” karar kabul etdi. Bu resminamalar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe çuňňur bilimli , innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bilim, ylym ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek, döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim edaralarynda, başlangyç hünär bilimi edaralarynda, orta hünär bilimi edaralarynda, ýokary hünär bilimi edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlaryny ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak göwnejaý ýola goýuldy. Häzirki zaman okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binalardyr desgalarda ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredildi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýerasty we ýerüsti baýlyklary öwrenilmäge degişlidir. Sebäbi, biziň dünýä belli, ýokary hilli nebitimiz, gazymyz, duzumyz, kükürdimiz, gymmat bahaly ýodumyz we ş.m. örän köp himiki baýlyklarymyz bar.Bu önümleri gaýtadan işläp , halk hojalygyna peýdaly önümleri öndürýän ylmyň gazananlarynyň soňky derejeleri bilen doly üpjün edilen, dünýä ölçeglerine gabat gelýän kärhanalarymyz bar. Döwletimizde öndürilýän önümler diňe özümizi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem daşary döwletlere hem satylýar. Türkmenistanyň orta biliminiň mazmuny okuwçylaryň dersler boýunça bilim, başarnyk we tejribe almaklaryny, olaryň durmuşa doly gatnaşmaklaryny häsiýetlendirýär. Okuw maksatnamasynyň esasy maksady we wezipeleri: barha ösýän jemgyýetde ýaşamaga ukyply, jemgyýetiň bähbitlerini we özüniň şahsy bähbitlerini goramak üçin taýýar, bilimli döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek, dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň bilimde, ylymda, medeniýetde, sungatda, ýokary tehnologiýada we ykdysadyýetde ýokary derejeli döwlet bolmagyny gazanmak. Okuwçylarda dersi özleşdiriş ukybyny ýokarlandyryp,onuň durmuş bilen arabaglanyşygyny ýola goýmaly. Şeýle hem, mekdep okuwçylarynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna guwanç we buýsanç döredip, olary tygşytly we ýerlikli ulanyp hem-de tebigatyň tämizligini goramagyň usullaryny öwredip, geljekde Watana wepaly ýaşlar edip terbiýelemeli. Okuwçynyň şahsyýet bolup ýetişmegi, onuň ruhy we fiziki taýdan sagdyn bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri durmuşa geçirmekde himiýa biliminiň ornuny ösdürmek möhüm bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okuw sapaklaryny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň many-mazmuny bilen utgaşyklylykda geçirmek mugallymlaryň öňünde goýlan esasy we möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Okuw maksatnamasynyň temalary Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli mirasymyza bagyşlanan “Paýhas çeşmesi” we beýleki kitaplarynyň mazmuny bilen berk baglanyşdyryldy. Maksatnama boýunça VII-VIII synplarda organiki däl himiýa, IX synpda organiki himiýa, X-XI synplarda umumy himiýa bölümleri öwrenilýär. sagat sany synpyň ugruna görä üýtgeýär. X synplarda himiýa dersini öwrenmeklige takyk we ynsanperwerlik ugry boýunça ýöriteleşdirilen synplara hepdede 1 sagat, tebigy ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen synplara hepdede 4 sagat berilýär. XI takyk we ynsanperwerlik ugurly synplara hepdede 2 sagat, tebigy ugurly synplara hepdede 5 sagat berilýär. Download 149.5 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling