Türkmenistanyň bilim ministrligi türkmenistanyň milli bilim instituty


Download 149.5 Kb.
bet4/14
Sana08.03.2023
Hajmi149.5 Kb.
#1248904
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   14
Bog'liq
Himiýa 11 ýyllyk td adaty

Görkezme tejribeleri
Metallaryň, olaryň oksidleriniň we käbir duzlarynyň nusgalary bilen tanyşmak. Multimediýa serişdelerinde maddalaryň molekulýar gurluşyna degişli maketler we suratlar bilen tanyşdyrmak.
Laboratoriýa işi № 2 (1 sagat)
Oksidiniň düzüminden gaýtarmak bilen misiň alnyşy. Magniniň gaýtaryjy häsiýeti. Mis, sink we olaryň birleşmeleri.
Amaly iş № 2 (1 sagat)
Metallar temasyna degişli tejribe meselelerini çözmek.
Hasaplama meseleleri çözmek (1 sagat)
Metallar temasyna degişli mysallar we meseleler işlemek.
Barlag işi № 2 (1 sagat)

Metal däller (10 sagat)


Metal dälleriň D.I.Mendeleýewiň periodik sistemasynda ýerleşişi we olaryň umumy häsiýetnamasy. Wodorodyň himiki elementleriň periodik sistemasynda ýerleşişi.
Metal dälleriň sada maddalary, olaryň gurluşy we ulanylyşy barada düşünje. Metal dälleriň okislendiriji-gaýtaryjy häsiýetleri.
Metal dälleriň wodorodly birleşmeleri we olaryň häsiýetleri.
Metal dälleriň oksidleri. Duz emele getirmeýän we duz emele getiriji oksidler. Olaryň himiki häsiýetleri we ulanylyşy. Kislorodly kislotalar.Organiki we organiki däl kislotalar. Azot we kükürt kislotalarynyň okislendiriji häsiýetleri-6 sagat.
Görkezme tejribeleri
Metal dälleriň nusgalary bilen tanyşmak. Bromy we ýody erginlerinden hloruň gysyp çykaryşyna gözegçilik etmek.
Laboratoriýa işi № 3 (1 sagat)
Konsentrirlenen we gowşadylan azot we kükürt kislotalarynyň okislendiriji häsiýetlerine degişli tejribeler.
Azot kislotasynyň käbir metallara, sulfid-we sulfit-ionlaryna gatnaşykda okislendiriji häsiýeti.
Amaly iş № 3 (1 sagat)
Elektroliz usuly bilen galogenidlerden galogenleriň, wodorodyň we aşgaryň alnyşy.
Hasaplama meseleleri (1 sagat)
Tema degişli mysallar we meseleler.
Barlag işi №3 (1 sagat)

Himiki analiziň başlangyçlary (12 sagat)


Himiki analiz we onuň wezipeleri. Himiki analiziň usullary. Hil we mukdar analizi. Kationlaryň we anionlaryň analitik klassifikasiýalary. Kationlaryň we anionlaryň hil taýdan kesgitlenişi. Sada maddalary tanamak. Çylşyrymly maddalary tanamak. Organiki maddalary tanamak. Maddalary biri-birinden saýlamak-7 sagat.

Download 149.5 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   14




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling