Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet43/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Hywa hanlygy 
Hywa hanlygy XVI asyrdan XX asyryň başlaryna çenli 
ýaşan Merkezi Aziýadaky feodal döwletdir. Bu hanlyk 1512-nji 
ýylda özbek hany Ilbarsyň häkimligi astynda döredilýär. Ol 
gadymy Horezmiň territoriýasyny, Müňgyşlakda, Dehistanda 
we Uzboýda ýaşaýan çarwa türkmenlerini, şeýle hem 
Horasanyň demirgazyk bölegini özüne birleşdiripdir. Döwletiň 
paýtagatlary: Wezir, Ürgenç, Hywa şäherleri bolupdyr. XVI 
asyrdan XVIII asyryň birinji ýarymyna çenli Hywa hanlygynda 
hemişe özara içki göreş dowam edipdir, Buhara, Eýran we 
çarwa türkmenler bilen uruşlar alyp barypdyr.
1703, 1714-nji ýyllarda Şanyýaz hanyň ilçileriniň Hywa 
hanlygyny rus raýatlygyna kabul edip almagy barada Pýotr I 
bilen gepleşikler geçirendigine garamazdan, Pýotr I 1717-nji 
ýylda 
Bekowiç-Çerkasskiniň 
baştutanlygynda 
iberen 


118 
ekspedisiýasy Hywa hany Şirazgy hanyň ýolbaşçylygynda 
hywalylar tarapyndan ýok edilýär. 
1740-njy ýylda Hywa hanlygy Eýran şasy Nedir şa 
tarapyndan basylyp alynýar. Emma 1747-nji ýylda ol ölenden 
soň ýene-de özbaşdak bolýar. 1763-nji ýylda özara içki 
uruşlaryň netijesinde özbekleriň goňrat taýpasynyň baştutany 
Muhammet emin orta çykýar we täze Hywa dinastiýasy bolan 
goňrat dinastiýasynyň düýbini tutýar. Bu dinastiýanyň iň güýçli 
wekili bolan Muhammet Rahym (1806-1825) Hywa hanlygyny 
birleşdirmegi tamamlaýar. 
Ol ýokary maslahat döredýär, salgyt reformasyny geçirýär. 
Ownuk goňşy mülkleri (aral, garagalpak we beýlekileri) özüne 
birikdirýär. Bu döwür merkezi häkimiýetiň we içki 
durnuklylygyň berkleşen döwri bolýar. Patyşa hökümeti Hywa 
hanlygyny öz täsirine tabyn etmek üçin ençeme gezek (1605, 
1717, 1739 we beýlekiler) synanyşyk edýär.
Patyşa hökümeti 1839-njy ýylyň noýabrynda Orenburgyň 
genral-gubernatory W.A.Perowskiniň ýolbaşçylyk etmeginde 5 
müň adamlyk goşuny Hywa tarap ugradýar. Emma adatdan 
daşary gazaply gyşyň şertlerinde başlanan ýörişiň guramaçylyk 
tarapyndan pes bolmagy netijesinde ol 3 müňden gowrak 
adamsyny ýitirip, 1840-njy ýylyň ýazynda Orenburga gaýdyp 
gelýär.
1873-nji ýylyň ýazynda Daşkentden, Orenburgdan
Müňgyşlakdan, 
Krasnowodskiden 
Türküstanyň 
general-
gubernatory general K.P. Kaufmanyň baştutanlygynda rus 
goşunlary ýörişe başlaýar. Şol ýylyň 27-28-nji maýynda patyşa 
goşunlary Hywa goşunlarynyň gowşak garşylygyny syndyryp, 
29-njy maýda Hywany eýeleýärler. 1873-nji ýylyň Gendemiýan 
parahatçylyk şertnamasy boýunça Hywa hanlygy özüni 
Russiýanyň protektoraty diýip ykrar edýär. 


119 
Şertnama boýunça Hywa hanlygy özüniň Amyderýanyň 
sag kenaryndaky ýerlerden elçekmäge mejbur bolýar we içki 
awtonomiýasyny saklamak şerti bilen Russiýanyň wassalynya 
öwrülýär. Hywa hanlygynyň ilaty ekerançylyk hem-de 
maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Feodal düzgünleri 
patriarhal-urug we guleýeçilik düzgünleri bilen utgaşykly 
bolupdyr. Hywa halygynda pagta arassalaýan zawodlaryň 
birnäçesi diýmeseň senagat kärhanalary bolmandyr. 
Daşary ýurtlara pagta, guradylan miweler, bagana, ýüň 
ýaly harytlary çykarypdyr. Ýurtda eden-etdilik we zorluk 
höküm sürüpdir. Ýurduň durmuşynda musulman ruhanylary uly 
rol oýnapdyrlar. 1920-nji ýylyň 2-nji fewralynda gyzyl goşun 
tarapyndan goldanylan halk gozgalaňy hanyň häkimiýetini 
syndyrýar. 1920-nji ýylyň 26-nji aprelinde I Bütinhorezm halk 
gurultaýy 
Horezm 
Halk 
Sowet 
Respublikasynyň 
döredilýändigini jar edýär. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling