Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Kokant hanlygy
Kokant hanlygy XVIII-XIX asyrlarda merkezi Aziýadaky feodal döwletdir. XVIII asyryň II ýarymynda Fergana jülgesine göçme taýpalaryň birnäçe gezek çozuş etmekleri, şeýle hem ýagdaýy agyr ülkäniň durmuşyny has hem kynlaşdyrypdyr. XVIII asyryň 60-njy ýyllarynda Fergana, Namangan, Kokant, Margelan, Andijan ýaly böleklere bölünipdir. Olaryň hersiniň başynda biri-birine garaşsyz özbaşdak hökümdarlary durupdyr. Olaryň arasyndaky göreşiň gidişinde Kokant begliginiň roly has ýokary galyp başlapdyr. Kokant begliginiň başynda özbekleriň Miň dinastiýasyndan bolan Irdanabiýa durupdyr. Bu döwürde Kokant hökümdarlary Fergana jülgesindäki häkimiýeti basyp alyp, harby güýç bilen goňşy etraplaryň hasabyna öz territoriýasyny giňeltmek ugrunda çalşypdyr. Dinastiýasyny esaslandyryjy Şahruk beg 1710-njy 120 ýylda Buhara emirligine garşy uly bolmadyk özbaşdak döwleti döredipdir. Onuň agtygy Ýodan begiň (takmynan 1774-nji ýylda ölen) häkimlik süren döwründe Andijan, Namangan, Margelan we Kokant ýerlerini birleşdirýär. Kokant hanlygy Buharadan gurtarnykly bölünip aýrylýar. Alymyň (1800-1809), Omaryň (1809-1822), Muhammet Alymyň (1822-1842) hanlyk süren döwründe Kokant hanlygy has hem güýçlenýär. Kokant hanlygyna Daşkent, Hojaent, Karategin, Darwas, Kulab, Alaý şäherleri birleşdirilýär. Kokant hanlygy gazak mülkleri bilen araçäkleşýän ýerlerde uly berkitme galalarynyň ençemesini gurdurýar. Kokant hanlygynyň uly şäherlerinde senetçilik önümçiligi, ylaýta-da ýüpek, nah mata dokamak ösýär. Oba hojalygynda, esasan, gowaça we şaly ekilýär. 1839-njy we 1841-1842-nji ýyllarda Buhara emiri Kokant hanlygyna güýçli zarbalar urup onuň birnäçe welaýatlaryny basyp alýar. Alym hanyň doganoglany Şiraly hana (1842-1845) Kokant hanlygynyň ýerlerinden Buhara çinowniklerini kowmak başardýar. XIX asyryň ortalarynda patyşa Russiýasy tarapyndan Merkezi Aziýa basylyp alynmaga başlanýar. Rus goşunlary 1865-nji ýylda Daşkendi, 1866-njy ýylda Hojaendi basyp alýar. 1873-1876-njy ýyllarda Kokant hanlygynda bolan gozgalaň hanlygy ep-esli derejede gowşadýar. Kokant gozgalaňy çarwa gyrgyzlaryň Hudaýar han tarapyndan salynýan salgytlaryň çensiz artmagyna we umuman feodalçylyk zuluma garşy hereket hökmünde başlanýar. Gozgalaň ilki 1874-nji ýylda ýatyrylýar. 1875-nji ýylda täzeden möwç alan gozgalaňa molla Ishak Hasan ýolbaşçylyk edýär. Muňa hanyň syýasatyndan närazy bolan ruhanylar, feodallar hem goşulýarlar. Emma bu ýagdaý gozgalaňyň halkylyk häsiýetini üýtgedip bilmeýär. Sebäbi, gozgalaňyň hereketlendiriji güýji giň halk köpçüligidi. Hudaýar hanyň 121 harby serkerdeleriniň oňa garşy guran dildüwşügi gozgalaňyň öwrülişik döwri bolýar. Dildüwşüge harby serdarlar, hanyň ogly Nasreddin beg (Andijanyň hökümdary) we onuň dogany Myrat beg (Margelanyň hökümdary) goşulýarlar. Soňra olar özleriniň ähli harby güýçleri bilen Polat begiň baştutanlygyndaky gozgalaňçylaryň tarapyna geçýärler. Hudaýar han kömek sorap Türküstanyň general-gubernatoryna ýüz tutýar. Özi bolsa, 1875-nji ýylda Daşkende gaçýar. Türküstan general-gubernatory K.P. Kaufman bilen gizlin gepleşige başlan we Rus imperiýasynyň wassalygyny kabul eden Nasreddin beg han diýlip yglan edilýär. Nasreddin hanyň bu dönüklik syýasaty Kokant gozgalaňyna gatnaşyjylaryň diňe bir hana däl, eýsem patyşa Russiýasyna garşy hem täze çykyşlarynyň ýokary göterilmegine getirýär. Gozgalaňçylar Nasreddin derek Polat begi han diýip yglan edýärler. Olar başga-da ençeme üstünlikler gazanýarlar. Emma 1876-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda rus goşunlary gozgalaňçylary uly ýeňlişe sezewar edýärler. 1876-njy ýylyň 19-njy fewralynda Kokant hanlygy ýatyrylýar we onuň deregine Russiýa imperiýasynyň Türküstan general-gubernatorlygynyň düzümine girýän Fergana welaýaty döredilýär. Soňra gozgalaňçylaryň baştutany Polat han tussag edilýär we 1876-njy ýylyň martynda asylyp öldürilýär. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling