Türkmenistanyň Bilim ministrligi
IV BÖLÜM Özbegistan XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
IV BÖLÜM
Özbegistan XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň başlarynda Patyşa Russiýasynyň Özbegistanyň ýerlerine harby ýörişi XIX asyryň ikinji çärýeginde Russiýada kapitalizmiň ösüşi, ilkinji nobatda nah mata senagatynyň ösmegi patyşa Russiýasyny ol senagat üçin çig mal çeşmesini gözlemäge mejbur edipdir. Rus senagaty we söwda buržuaziýasy patyşa Russiýasyny pagta çig malyny edinmek üçin Merkezi Aziýa garşy harby hereketleri başlamaga mejbur edipdir. Patyşa hökümeti bolsa öz gezeginde Merkezi Aziýa täze ýerleri eýelemek bilen Russiýanyň içindäki synpy garşylyklary gowşatmagy göz öňünde tutupdyr. 1861–nji ýylda patyşa Russiýasynda geçirilen daýhanlar reformasy ýurtda iri kapitalistik senagatyň ösmegine şert döredipdir. Russiýada kapitalizm "çuňlugyna" däl-de "giňligine" ösüpdir. Şoňa görä- de Russiýanyň Merkezi Aziýany basyp almagynyň rus buržuaziýasy we pomeşikleri üçin birinji derejeli ähmiýeti bardy. 1853-nji ýylda ilkinji harby hereketler başlanypdyr. Şol ýyl patyşa goşunlary Kokant galasyny eýeläpdirler. Onuň ýerinde Fort Perogskiý berkitmesini dikeldipdirler. 1864-nji ýylda general Werewkiniň goşuny Türküstana çenli baryp ýetipdir.1864-nji ýylyň oktýabr aýynda rus goşunlary kokantlylaryň garşylyk görkezmegine garamzdan Çimkent şäherini alypdyrlar.Ýokarda agzalan ýerleriň basylyp alynmagy Syrderýa we Sibir çäklerini birleşdirmäge mümkinçilik beripdir. Patyşa hökümeti ähli berkitmelerden, ýagny Çu derýasyndan Syrderýasynyň kenaryndaky Ýaňykurgan galasyna çenli aralykdaky berkitmelerden täze çäk döredilip, ol Täzekokant adyny alypdyr. 1865-nji ýylda Syrderýa we 129 Täzekokant çäklerinden Türküstan welaýaty döredilpdir. Bu welaýat Orenburg general-gubernatorlygyna degişli bolupdyr. Türküstanyň harby gubernatorlygyna general maýor Çernýaýew bellenilipdir. Ol 1865-nji ýylyň maý aýynda Daşkende bolan hüjüme hem ýolbaşçylyk edipdir. Şäheri goraýjylar güýçli garşylyk görkezseler hem Çernýaýewiň goşuny Daşkendi basyp alypdyr. 1866-njy ýylda bolsa. Buhara garşy harby hereketler başlanypdyr. Patyşa goşuny Irjaryň eteginde emiriň goşunyny derbi- dagyn edip, soňra Hojenti, Ura-Tübäni, Jyzagy, Ýaňykurgan galasyny alypdyrlar. Kokant hanlygynyň Buharadan arasy kesilipdir. 1867-nji ýylda patyşa Russiýasy tarapyndan gazak sähralyklaryndan, Kokant we Buhara hanlyklaryndan basylyp alnan ýerleri birleşdirilip Türküstan general-gubernatorlygy döredilipdir. Onuň merkezi Daşkent şäheri bolupdyr. Gubernatorlyk ilkibaşda iki welaýatdan, birinjisi merkezi Daşkent şäheri bolan Syrderýa welaýatyndan we ikinjisi bolsa, merkezi Wern şäheri bolan Semireçýe welaýatyndan ybarat bolupdyr. General-gubernatorlyk bilen birlikde Türküstan harby okurgy hem döredilipdir. Ilkinji general-gubernator we okurgyň baş serkerdesi edilip, general-adýutant K.P.Kaufman bellenilipdir. General K. P. Kaufman Kokant hany Hudaýar bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşyp, 1868-nji ýylda Buhara emirligine garşy harby hereketlerini dowam etdiripdir. Şol ýylyň maý aýynda rus goşuny ilki bilen Samarkandy, soňra bolsa Ketdekurgany alypdyr. 1868-nji ýylyň iýun aýynda Zirabulak belentliginde aýgytly söweşiň gidişinde Buhara emiriniň goşuny dargadylýar. 1868-nji ýylyň 28-nji iýulynda Buhara bilen Russiýanyň arasynda parahatçylyk şertnamasyna 130 gol çekilýär. Şertnama laýyklykda Zirabulakda basylyp alnan ýerler Russiýa birikdirilipdir. Netijede, basylyp alnan ýerleriň hasabyna Türküstan general-gubernatorlygynyň düzüminde Zerewşen okrugy döredilipdir. 1873-nji ýylyň 18-nji sentýabryndaky şertnama boýunça Buhara Russiýanyň protektoratlygyny ykrar etmeli bolupdyr we oňa daşary ýurt döwletleri bilen özbaşdak gepleşikleri geçirmek gadagan edilipdir. Soňrak bolsa, emirlikde hemişelik Rus syýasy agentligi döredilipdir. 1873-nji ýylda rus goşuny Hywa hanlygyna ýöriş edýär. Hywa hanlygyna üç tarapdan-Daşkentden, Orenburgdan we Kawkazdan ýöriş edilipdir. 1873-nji ýylyň awgust aýynda patyşa goşuny hanlygyň paýtagty Hywa şäherini eýeleýär. 1873-nji ýylyň 12-nji awgustynda baglaşylan parahatçylyk şertnamasyna laýyklykda Hywa hany Russiýanyň wassalyna öwrülipdir we özbaşdak daşary syýasy gatnaşyklary geçirmekden mahrum bolupdyr. Hanlygyň ýerleriniň bir bölegi ýagny Amyderýanyň sag kenary Russiýa geçirilip, ol ýerde Amyderýa bölümi döredilipdir. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling