Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- I BÖLÜM Azerbaýjan iň gadymy döwürden b.e.VIII asyryna çenli Azerbaýjan iň gadymy adamalaryň mekanydyr
9 AZERBAÝJAN RESPUBLIKASY Azebaýjan tutýan meýdany boýunça 86,6 müň inedördül kilometre barabardyr. Ilatynyň sany 8,3 mln adamdyr. Paýtagty Baku şäherinde 2 mln ilat ýaşaýar. Döwlet gurluşy Prezident respublikasydyr. Döwletiň başynda Prezident durýar. Kanun çykaryjy organy parlamentdir. Azerbaýjan administratiw-territorial bölünişi boýunça 59 raýondan we bir awtonom respublikadan (Nahiçewan Awtonom Respublikasy) ybaratdyr. Milli düzüminiň 90%-den gowragy azerbeýjanlardyr. Döwlet dili azerbeýjan dilidir. Şäher ilaty umumy ilatyň 52%-i düzýär. Azrbaýjanyň daş-töweregini Kawkaz daglary we Kaspiý deňzi gurşap alandyr. Ýurduň merkezi bölegini uly düzlüzkler tutýar, demirgazygynda Kawkaz dag gerişleri, günortada Kürdüstanyň daglyk ulgamlary, gündogarda Kaspiý deňzi, günbatarda bolsa Ermenistan hem-de Gruziýa bilen serhetleşýär. Azerbeýjan aram klimatly guşaklykda ýerleşendir. Ýurduň ykdysadyýetinde öňdäki orunlary nebit-gaz toplumy, nebit-himiýa, maşyn gurluşygy şeýle hem ýeňil we azyk senagaty tutýandyr. Ekerançylykda däneli, esasan hem bugdaýa (ekiş meýdanynyň 40%-i), ot-iýimlik, tehniki ösümliklere aýratyn üns berilýär. Maldarçylykda ownuk şahly we iri şahly mallar köpeldilýär. Guşçylyk, balykçylyk hem ösendir. 10 I BÖLÜM Azerbaýjan iň gadymy döwürden b.e.VIII asyryna çenli Azerbaýjan iň gadymy adamalaryň mekanydyr Beýleki ýerlerde bolşy ýaly Azerbeýjanyň ýerlerinde-de iň gadymy ýaşaýjylar ýaşap geçipdirler. Bu uzak wagtyň içinde ol ýerlerde dürli-dürli wakalaryň bolup geçendigi barada üsti açylan arheologiýa-taryhy ýadygärlikleri habar berýär. Şeýle ýadygärlikleriň iň gadymyllarynyň ilkinjisi Fizuly şäherinden uzak bolmadyk Azyh gowagyny görkezmek bolar. Bu ýadygärlik paleolit (gadymy daş) asyry eýýamyna degişlidir. Ol ýerden daşdan ýasalan gadymy zähmet gurallary bilen birlikde gadymy adamyň kelle çanagy hem tapylýar. Onuň Azyh gowagyndan tapylmagy sebäpli arheolog alymlar oňa azyhantrop diýip at beripdirler. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu tapyndy mundan bir million 50 müň ýyl ýyl ozalky döwre (irki we orta daş asyryna) degişlidir. Azyhantroplar özleriniň daşdan ýasan zähmet gurallary bilen esasan hem ýabany haýwanlary awlapdyrlar. Olar gowakda ýaşan hem bolsalar, ot ýakmagy we ýaşamak üçin jaý gurmagy başarypdyrlar. Munuň şeýledigine ol ýerden tapylan dürli ululykdaky ojaklaryň we ýarym aýlaw görnüşinde daşdan salnan jaýyň esasynyň tapylmagy şaýatlyk edýär. Daş asyrynyň irki we ortaky döwürlerinde adamlar uly bolmadyk toparlary döredip ýaşapdyrlar. Toparyň adamlary bilelikde aw awlapdyrlar we iýmit çöplemek bilen meşgullanypdyrlar. Azyhantroplar esasan aýylary, sugunlary, ýabylary, öküzleri, kerkleri we beýleki ýabany haýwanlary awlapdyrlar. Azerbaýjanda irki we orta daş asyryna degişli gonalgalaryň we duralgalaryň hatarynda Gaýaly, Ajydepe, Damjyly, 11 Daşsalahly, Gadyrdepe, Çemahly, Marally we beýlekileri görkezmek bolar. Daş asyrynyň ortaky döwründe Azerbaýjanda urug jemgyýeti peýda bolupdyr. Ol jemgyýetiň esasy enelik urugy bolupdyr. Taglar, Damjaly, Ýatak ýer gowaklaryndan tapylan galyndylar bolsa, Azerbeýjanda adamzat ýaşaýşynyň taryhynyň giçki daş asyry barada maglumatlary berýär. Azerbaýjanyň giçki daş asyr (b.e.öň 40-njy müňýyllykdan b.e.öň 12-10-njy müňýyllyklar aralygy) adamlary hem dag gowaklarynda ýaşamagy dowam etdiripdirler. Olar aw awlamak üçin amatly ýerlerde derýalaryň jülgeleriniň ugrunda ýaşapdyrlar. Erkek adamlar aw awlamak, aýallar bolsa ir-iýmiş çöplemek bilen meşgullanypdyrlar. Azerbaýjanyň gadymy ýaşaýjylary orta daş asyry mezolit (b.e.öň X müňýyllygyň başlaryndan b.e.öň VIII asyra çenli) eýýamynda ok-ýaýlary oýlap tapypdyrlar. Bu bolsa önümçiligiň ösmegine öz täsirini ýetiripdir. Bu zamanda kiçijik daş gurallary-mikrolitler (grekçe mikro-kiçijik, latynça litos-daş) peýda bolupdyr. Adamlar ýabany haýwanlary eldekileşdirip başlapdyrlar. Gobystanda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahaly çakmakdaşdan ýasalan dürli zähmet gurallary, gowagyň diwarlarynyň ýüzüne çekilen aýallaryň şekilleri, şeýle hem hekden ýasalan aýal heýkeljikleri we ş.m. mezolit eýýamynda hem enelik urugynyň dowam edendigine şaýatlyk edýär. Gobystanyň adamlary awçylyk, balykçylyk we çöpleýjilik bilen meşgullanypdyrlar. Azerbaýjanyň ýerlerinde täze daş asyry-neolit eýýamyna (b.e.öň VII-VI müňýyllyklar) degişli adamlaryň gonalgalary we duralgalary has köp gabat gelýär. Olara Nahiçewanyň golaýyndaky Küldepe, Hanlar raýonyndaky Gänjeçaý jülgesini, Kirowabadyň golaýyndaky Küllikdag ýadygärliklerini, şeýle hem Awçylar gowagyny, Ene gowagyny we beýlekileri 12 görkezmek bolar. Neolit eýýamynyň adamlary ilkinji bolup palçykdan dürli gap-çanaklary ýasamagy we olary bişirmegi başarypdyrlar. Şeýle gap-çanaklar Töwriziň golaýyndaky Ýanykdepe we Gasanly obasynyň golaýyndaky Firuzdepe diýen ýerden tapylýar. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling