Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Ekerançylygyň we maldarçylygyň peýda bolmagy


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet3/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Ekerançylygyň we maldarçylygyň peýda bolmagy 
Azerbaýjanyň ýerlerinde neolit eýýamynyň başlarynda 
ekerançylygyň we maldarçylygyň ýönekeý görnüşi peýda 
bolýar. Adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň indiki basgançagy mis-
eneolit eýýamy (b.e.öň V-IV müňýyllyklar) bolup, ol uzak 
dowam etmändir. Bu döwre degişli ýadygärlikler Nahiçewan 
ASSR-ynda, Garabag we Mugan sähralyklarynda we beýleki 
ýerlerde has köp gabat gelýär. Ol ýerlerde ilat oturymly 
ekerançylyk-maldarçylyk hojalygyny alyp barypdyrlar. Olardan 
has öňe saýlanýany Nahiçewanyň golaýyndan tapylan Güldepe 
I ýadygärligidir. Ol ýeriň ilaty b.e.öň V-IV müňýyllyklardan 
başlap, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda şol bir ýerde 
ekerançylyk-maldarçylyk hojalygyny alyp barypdyrlar. Olar 
palçykdan we çig kerpiçden salnan jaýlarda ýaşapdyrlar. 
Ätýaçlyk bugdaý tohumlaryny palçykdan ýasalan gaplarda we 
ýörite gazylan çukurlarda saklapdyrlar. Ýerleri daşdan, süňkden 
ýasalan kätmenler bilen işläp bejeripdirler. Ekerançylykda 
bugdaý we arpa ýaly ösümlikler ösdürilip ýetişdirilipdir.
Azerbaýjanyň ýerlerinde eneolit eýýamynda hem aýal 
allaçylygy dowam edipdir. Muňa Güldepe I, Babaderwiş, 
Alykemek, depesinden tapylan palçykdan, hekden ýasalan aýal 
heýkeljikleri şaýatlyk edýär.
Eneolit eýýamynyň ýaşaýjylary neolit eýýamynyň ýaşaýjylary 
bilen deňeşdireniňde ýerleri işläp bejermekde, täze ýerleri 
özleşdirmekde, goňşy taýpalar bilen gatnaşyklary ýola 
goýmakda we ilatyň köpelişi boýunça has öňe saýlanypdyrlar.


13 
Bürünjiň peýda bolmagy Azerbaýjanyň taryhynda esasy orny 
eýeläpdir. Bu döwürde (b.e.öň III-II müňýyllyklar) adamlar 
ilkinji gezek metaly eretmekligi öwrenipdirler.
Küldepe I, Babaderwiş, Gobustan, Mişarçaý duralgalaryndan 
metaly eretmek üçin daşdan we palçykdan salnan ýörite peçler 
tapylýar.
Bürünçden oba hojalyk işleri üçin zähmet gurallaryny we 
ýaraglary ýasapdyrlar.
Azerbaýjanda bürünç asyrynyň başlaryndan başlap ýerleri 
diňe bir kätmen bilen däl-de eýsem azal bilen hem işläp 
bejeripdirler. Dümek ekin ekip bolmaýan ýerlerde suwarymly 
ekerançylygyň ýönekeý usulyny ulanypdyrlar. Bagbançylyk 
hem peýda bolup başlapdyr.
Mugandan palçykdan ýasalan iki tigirli arabanyň we öküziň 
şekilleriniň tapylmagy bu eýýamyň adamlarynyň arabalar bilen 
ýük daşap başlandyklaryna şaýatlyk edýär. Bürünç 
eýýamynda ekerançylyk, maldarçylyk, hünärmentçilik biri-
birinden doly bölünýär. Hojalygyň bu pudaklary erkek 
adamlaryň fiziki güýçlerini talap edip başlaýar. Netijede, bolsa 
enelik urugy öz ornuny doly suratda atalyk urugyna berýär.
Bu döwürde oturymly ilatyň peýda bolmagy olaryň 
howpsuzlygyny hem talap edip başlapdyr. Ilat taýpa-taýpa 
bolup ýaşapdyrlar. Olar ýaşamak üçin uly bolmadyk 
baýyrlyklary saýlap ol ýerde obalaryny gurupdyrlar. Daşlaryna 
bolsa goranyş galalary galdyrypdyrlar. Olar alyp barýan 
hojalyklaryndan: maldarçylykdan, ekerançylykdan şeýle hem 
ekerançylar 
bilen 
maldarlaryň 
alyş-çalşyndan 
girýän 
girdeýjileriň hasabyna belli bir möçberde baýlyk toplamagy 
başarypdyrlar. Obalardaky ilatyň sany ýylsaýyn köpelipdir. 
Ýanykdepe ýadygärligi şeýle obalaryň biri bolup, onuň daşyny 
berk goranyş diwary gurşapdyr. Ol galanyň içinden dürli 
zähmet gurallary, ýaraglar we şuňa meňzeşler tapylýar.


14 
Orta bürünç eýýamynda (b.e.öň II müňýyllygyň birinji 
ýarymy we ortalary) öndüriji güýçleriň mundan beýläk-de 
ösmegi. 
Şol 
sanda 
hünärmentçiligiň 
esasan 
hem 
metallurgiýanyň we metaly işläp bejermegiň mundan beýläk-de 
ösdürülmegi söwda alyş-çalyşyny güýçlendiripdir. Goňşy 
ýurtlar bilen söwda gatnaşygy ýola goýlupdyr. Ýerlerden 
ýuwaş-ýuwaşdan gymmat bahaly metallardan alynýan 
önümleriň önümçilgi peýda bolupdyr. Ilatyň arasyndaky 
deňsizligiň mundan beýläk-de çuňlaşmagy şäher görnüşli ilat 
toparynyň döremegine getiripdir. Şeýle şäherleriň mysaly 
hökmünde Nahiçewan şäheriniň golaýynda ýerleşýän Küldepe 
II ýadygärligini bellemek bolar. Bu merkeziň iki derýanyň 
Nahiçewançaý 
bilen Egriçaý derýalarynyň çatyrygynda 
ýerleşmegi onuň goragyny hem ýeňilleşdiripdir.
Nahiçewan 
ASSR-yň 
territoriýasynda 
Garabaglar, 
Gäwurgala, Oglangala ýaly şäher galalar hem Küldepe II gala 
ýaly berk diwarly söweşjeň diňleri bolan şäher galalaryň 
hataryna girýär. Galalaryň içinde ýaşaýyş jaýlary hem bolup, 
olar ýörite desgalar arkaly suw bilen hem üpjün edilipdir.
Irki şäher galalary esasan hem söwda ýollarynyň ugrunda we 
beýleki wajyp ähmiýetli ýerlerde döräpdir.
Giçki bürünç asyrynda (b.e.öň II müňýyllygyň ikinji ýarymy) 
urug jemgyýetiniň içinde adamlaryň arasyndaky deňsizlik has 
çuňlaşyp, emläk deňsizligi peýda bolýar. Umuman alanyňda II 
müňýyllykda hem dowam eden bürünç eýýamy Azebaýjanda 
sürümli ekerançylygyň, örüde bakylýan maldarçylygyň, 
hünärmentçiligiň ösmegi, şäher tipli medeniýetiniň peýda 
bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bularyň ählisi bolsa synpy 
jemgyýetiň we döwletiň döremegi üçin şert döredipdir. Bu ösüş 
bolsa adamlaryň demiri özleşdirişi bilen gös-göni bagly
bolupdyr.


15 
B.e.öň I müňýyllygyň I ýarymynda Azebaýjanda demir asyry 
başlanýar. 
Demiriň 
özleşdirilip 
başlanmagy 
gadymy 
Azebeýjanyň ilatynyň maddy medeniýetiniň düýpli ösmegine 
şert döredipdir. Bu döwürde daşdan ýasalan zähmet gurallary 
doly aradan aýrylip, bürünç önümleri bolsa demir önümleri 
bilen giňden çalşyrylyp başlanýar.
Jemläp aýdanymyzda, giçki bürünç we irki demir eýýamynda 
Azebaýjanda ilkidurmuş jemgyýeti dargap, onuň ýerine irki 
synpy jemgyýet we ilkinji döwletler peýda bolýar.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling