Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Manna, Midiýa we Adropaten döwletleri


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet4/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Manna, Midiýa we Adropaten döwletleri 
 Azerbaýjan adynyň gelip çykyşy 
B.e.öňki IX asyryň ikinji ýarymynda Azebaýjanyň 
territoriýasynda ilkinji iri döwletleriň biri Manna patyşalygy 
döreýär. Onuň oturymly ilaty bolup, paýtagty Izirtu (Zirta) 
şäheri bolupdyr. Manna patyşalygy diňe bir Urartu döwletiniň 
öňki basyp alan ýerlerini yzyna gaýtaryp almak ugrunda däl-de, 
eýsem mannalylary bir ýere jemlemek ugrunda hem göreşipdir. 
B.e.öňki IX asyryň 20-njy ýyllaryna çenli mannalylar ep-esli 
ýerleri eýeläpdirler. 
Manna döwletiniň başynda patyşa durupdyr. Emma onuň 
hukugy ýokary aristokratik topar (urug aksakallary, harby, dini 
ýolbaşyçylar) tarapyndan çäklendirilipdir. Bu bolsa ýurtda 
sosial gapma-garşylyklaryň bardygyny alamatlandyrypdyr. Bir 
tarapdan ýokary gatlaklaryň özaralarynda, beýleki tarapdan 
bolsa ýokary agalyk ediji topar bilen giň halk köpçüliginiň 
arasyndaky göreş dowam edipdir. 
Galyberse-de Manna döwletini eýelemek ugrunda B.e.öňki IX 
asyryň ahyrlarynda-VII asyryň başlarynda güýçli döwletler 
bolan Assiriýa we Urartu döwletleriniň arasynda dartgynly 
göreş gidipdir. Olaryň özara uruşlaryndan peýdalanyp, Manna 


16 
döwleti b.e.öň VIII asyryň 40-30-njy ýyllarynda öz 
territoriýasyny giňeltmegi hem başarypdyr.
Emma b.e.öň VII asyryň ahyrlarynda-VI asyryň başlarynda 
Midiýa patyşalygy Manna döwletini basyp alýar. Netijede, 
Manna döwleti ýaşamagyny bes edýär.
B.e.öň VI asyryň ortalarynda Midiýa döwletini Ahamenler 
döwleti basyp alýar. Midiýa Ahamenler döwletiniň bir 
welaýatyna öwrülýär. Ahamenleriň patyşasy Dariý I dolandyran 
döwründe (b.e.öň 522-476ý.) mannalylar ―midiýalylar‖ diýlip 
ýazgylarda ýatlanylýar.
B.e.öň IV asyryň 20-nji ýyllarynda ahamen satraby 
(ahamenler basyp alan ýerlerini satraplara-welaýatlara 
bölüpdirler. Her satrabyň öz ýolbaşyçysy bolup, ony ahamen 
hökümdarlary belläpdir.)
Atropat Günorta Azebaýjanyň ýerlerinde özbaşdak döwleti 
döredýär. Bu döwlet resmi taýdan Midiýa diýlip atlandyrylsa-da 
köplenç düýbüni tutan adamyň ady Atropatahan bilen 
baglanyşdyrylypdyr. Grek çeşmelerinde ol Atropatan ady bilen 
ýatlanylýar.
Netijede, Azebaýjanyň ýerlerinde Manna döwleti ýykylandan 
III asyr geçensoň ýene-de özbaşdak Atropatan döwleti döreýär.
Bu döwlet tutuş Günorat Azebaýjan ýerlerini özüne tabyn 
edýär. Döwletiň paýtagty Ganzak şäheri bolup, ol häzirki 
Töwriz şäheriniň golaýynda ýerleşipdir.
Atropat grek-makedonlaryň ondan soňra Selewikleriň 
agalyk eden döwürlerinde hem döwletiň özbaşdaklygyny 
goramagy başarypdyr. B.e.öň II asyryň ortalarynda Atropaten 
döwletine parfiýalylar aralaşypdyrlar. Emma şoňa garamazdan 
Atropaten 
döwleti 
döwlet 
garaşsyzlygyny 
saklamagy 
başarypdyr.
Midiýalylar we atropatenalylar parfiýalaryň selewiklere garşy 
göreşini goldap çykyş edipdirler. Bu bolsa atropaten topragynda 


17 
midiýalylaryň, atropatenalylaryň we parfiýalylaryň etniki–
medeni taýdan ýakynlaşmagyna getiripdir.
B.e. 20-njy ýyllarynda Atropatenda Arşakidler häkimiýeti öz 
ellerine alýarlar.
Atropatena tä b.e. III asyrynyň başlaryna çenli Parfiýa 
patyşalygynyň düzüminde bolýar. Adropaten eýýamy 
―azerbaýjan‖ düşünjesiniň peýda bolmagyna getiripdir. Şol 
eýýamyndan başlap gadymy azarbeýjan döwlet gurluşy we 
gadymy azebeýjan, has takygy, atropaten- midiýa halkyýeti öz 
gözbaşyny alyp gaýdypdyrlar.
Günorta 
Azebaýjanyň 
gutylar, 
lulubylar, 
hurrytlar, 
mannalylar we beýleki halkyýetleriniň birleşmekleri esasynda 
täze bir etniki toparyň-adropatenleriň peýda bolmagyna 
getiripdir.
Türk taryhçysy Saadettin Gömeç özüniň ―Türk jumhuriýetleri 
we topluluklary taryhy‖ atly kitabynda Azebaýjan adynyň 
Göktürkleriň boýundan gaýdýan Aslar taýpasyndan bolup, olar 
Azebaýjanyň ýerlerinde gadymy döwürden ýaşap gelipdirler. 
Ýa-da Kasar (Hazar deňziniň kenarynda ýaşaýanlar) ady bilen 
bagly bolup biler. Ol atlardaky başky K we H harplaryň 
düşmegi bilen azarlar ady peýda bolupdyr diýip düşündirýär.
B.e. III-IV asyrlarynda Azebaýjanyň ýerlerinde feodal 
gatnaşyklary ösüp başlapdyr. Bu döwür esasan hem 
ekerançylygyň, maldarçylygyň we hünärmentçiligiň ösüşi bilen 
aýratyn tapawutlanypdyr.
Bu döwürde ýerleri diňe bir agaç kündeler bilen däl-de eýsem 
agaç azallar we ýerdemirler bilen sürüp başlapdyrlar. Ygalyň az 
düşýän ýerlerine ýörite ýaplary çekip suwarypdyrlar. Bulardan 
başga-da kärizleri gazmak bilen ýerasty suwlary alypdyrlar. Irki 
orta asyrlarda Azebaýjanyň ýerlerinde däneli we bakja 
ösümlikleri bilen birlikde bagbançylyga hem aýratyn üns 
beripdirler. Ilat pagtaçylyk bilen hem meşgullanupdyr. 


18 
Maldarçylykda iri we ownuk şahly mallara aýratyn üns 
berlipdir. Atçylyk hem ösdürilipdir.
III-VII asyrlarda Azebaýjanyň ilaty balykçylyk bilen hem 
meşgullanypdyrlar. Ýazuw çeşmelriniň we arheologiýa 
maglumatlarynyň şaýatlyk etmegine görä III-VII asyrlarda 
hünärmentçiligiň we söwdanyň merkezi bolan iri şäherler hem 
peýda bolupdyr. Şol döwürdäki şäherleriň içinde Kabala, Barda 
(Partaw), Çora (Çoga), Derbent, Halhal, Amaras, Sri, Hanakert, 
Paýtakaran, Baýlakan, Şabran, Şemah, Şeki, Şamkir, Genje, 
Nahiçewan, Baýlakan, Gazak, Töwriz we s.m. şäherler öňe 
saýlanypdyrlar. 
Azebaýjan bu döwürde bütündünýä söwda merkezleriniň 
birine öwrülýär. Onuň territoriyasyndan iň wajyp söwda ýollary 
geçipdir. 
Bu 
bolsa 
ýurdyň 
ykdysadyýetiniň 
ýokary 
göterilmegine özüniň oňyn täsirini ýetiripdir. Azebaýjandan 
beýleki ýurtlara mal, ýüpek matalar, polotno, daşky egin-eşikler 
we beýleki harytlary çykarypdyrlar. Öz gezeginde bolsa, ýakyn 
gündogardan we beýleki ýerlerden Azebaýjana dürli harytlary 
getiripdirler. Muňa gazuw-agtaryş mahaly tapylan ýüpek 
matanyň bölekleri, çüýşe önümleri, kümüş gap-çanaklar, aýal-
gyzlaryň bezeg şaý-sepleri, sasany patyşalygynyň we Wizantiýa 
monetalaryň tapylmagy hem şaýatlyk edýär. Bularyň hemmesi 
irki orta asyrlarda Azebaýjanyň ýakyn gündogar ýurtlary bilen 
giň söwda gatnaşyklary ýola goýandygyna görkezýär. 
Irki ort asyrlarda feodal önümçilik güýçleriniň we 
önümçilik gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde Azerbaýjanda 
täze synplaryň-feodallaryň we daýhanlaryň döremegine 
getiripdir. Ýurtda döwleti patyşa dinastiýasy dolandyrypdyr. 
Patyşanyň öz rezidentsiýasy (döwlet we hökümet baştutanynyň 
hemişe bolýan ýeri)‚ harby goşuny we sudy bolupdyr. 


19 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling