Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ildeňiz atabegligi. Azerbaýjany mongollaryň basyp
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Ildeňiz atabegligi. Azerbaýjany mongollaryň basyp
almagy IXII asyrda Azerbaýjanyň taryhynda Ildeňiz atabegler döwleti (1136-1225) esasy roly oýnapdyr. Töwriz‚ Nahiçewan‚ Hamadan we Maraga şäherleri ol döwletiň administratiw merkezleri bolupdyrlar. Döwlet basybalyjylykly harby syýasaty alyp barypdyr. Ildeňiz atabegligi Seljuklaryň Yrak we Kerman soltanlyklaryny‚ Şirwan döwletini we beýleki ýerleri öz tabynlygynda saklapdyr. Döwleti Şamsetdin Ildeňiz esaslandyrýar‚ ol 1136-1175-nji ýyllar aralygynda hökümdarlyk edýär. Ildeňizden soňra ýurdy onuň ogullary Jahan Pehlewan (1175-1186) we Gyzyl Arslan (1186-1191) dolandyrýarlar. Gyzyl Arslanyň dolandyran döwründe täze döwlet Azerbeýjan soltanlygy döreýär. Emma Gyzyl Arslan ölenden soňra bu döwlet ýuwaş- ýuwaşdan pese gaçyp başlaýar. 1125-nji ýyldan başlap Azerbaýjanyň günorta ýerlerine Köneürgenç türkmen döwletiniň hökümdary Jelaleddiniň ýörişi başlanýar. Jelaleddiniň özi mongollaryň çozuşy zerarly ýurdundan çykmaga mejbur bolýar. Zakawkaziýa gelen mahaly bolsa ol rehimsiz basybalyjynyň roluny ýerne ýetiripdirýär. Ol Azerbaýjanda Ildeňiz atabegler döwletiniň hem soňuna çykýar. Jelaleddiniň basybalyjylykly syýasatynyň garşysyna ilat gozgalaňa başlaýar. 1231-nji ýylda Bendaryň ýolbaşçylygynda Genje şäherinde başlanan gozgalaň iň güýçli gozgalaňlaryň biri bolýar. Gozgalaňçylar basybalyjylaryň şäherdäki goşunyny derbi- dagyn edýärler. Olar Köneürgenç şasy bilen gepleşikleri geçirmekden hem ýüz öwüripdirler. Gozgalaň baslyp ýatyrylýar we onuň 30 adamdan ybarat ýolbaşçylary jezalandyrylyp 25 öldürilýär. Gozgalaň basylyp ýatyrylan hem bolsa‚ ol Jelaleddini güýçli gowşadypdyr. Şol ýylyň özünde bolsa Çormagunyň ýolbaşçylygyndaky mongol goşuny Jelaleddiniň goşunyny ýeňip‚ günorta Azerbeýjany eýeleýär. Mongollar Azerbaýjanyň ýerlerine ilkinji gezek 1220-nji ýylda çozýarlar. Bu çozuşa mongol goşun serkerdeleri Jebe we Subutaý ýolbaşçylyk edip‚ olaryň goşunynda 30 müň adam bolupdyr. 1221-nji ýylda mongollar Marga‚ Ardabil‚ Serab‚ Hoý‚ Salmas‚ Balaýhan we Nahçiwan şäherlerini doly diýen ýaly ýumrupdyrlar. 1222-nji ýylda mongollar Genje şäheriniň üstüne dökülýärler. Şäheriň ilaty mongollara güýçli garşylyk görkezýärler. Netijede, mongollar Genje şäheriniň ilatyndan paç almak bilen çäklenýärler. Mongollar şol ýylyň özünde Şirwanşalarynyň paýtagty Şemah şäherini hem talap‚ azerbeýjandan çykyp gidýärler. 1231-nji ýylda mongollar ýene- de Genje şäheriniň soňra bolsa Şamhor‚ Baku we beýleki şäherleriň üstüne çozup‚ olary talaýarlar. 1239-njy ýylda bolsa mongollar Derbent şäherini eýelemek bilen Azerbaýjany basyp almagy tamamlaýarlar. Mongollaryň agalyk edýän döwründe Azerbaýjanyň ilatynyň ýagdaýy iň göz-gyny ýagdaýda bolupdyr. Mongol salgyt ýygnaýjylary-basgaklar ýerli ilatdan rehimsizlik bilen salgyt ýygnapdyrlar. Salgydyny töläp bilmedik daýhanlar dürli sütemlere‚ ýagny ellerinden çagalaryny alyp gulçuluga satmak we ş.m.sütemlere sezewar edipdirler. Iň ökde ussalar Mongoliýa sürlüpdir. Ýerli ilata ýer salgydyndan daşary emirleri we döwlet çinowniklerini saklar ýaly salgytlary salypdyrlar. Olardan başga-da ýerli ilaty ýol‚ galalar‚ köşkler we kanallary dikeltmek ýaly agyr işlere hem ulanypdyrlar. 26 Halkyň güýçli suratda ezilmegi XIII asyryň ahyrlarynda ýurduň ykdysadiýetiň düýpli krizise düşmegine getiripdir. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling