Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- IV BÖLÜM Azerbaýjan XIX-XX asyryň başlarynda XIX asyryň birinji ýarymynda azerbaýjan-rus gatnaşyklary
44 IV BÖLÜM Azerbaýjan XIX-XX asyryň başlarynda XIX asyryň birinji ýarymynda azerbaýjan-rus gatnaşyklary Türkmençaý şertnamasy Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi we onuň netijeleri XVIII we XIX asyrlaryň sepgidinde hem Azerbaýjanyň halkara ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galypdyr. Eýran we Türkiýe Zakawlazýany basyp almak syýasatyndan entek el çekmändir. Patyşa Russiýasy hem Zakawkazýany, şol sanda Azerbaýjany basyp almaga ymtylypdyr. Şu hili şertlerde Azerbaýjanyň ýönekeý ilaty, şeýle hem feodal gatlagyň daşdan görüji dolandyryjy topary Russiýa döwletine birikmegiň tarapdary bolupdyrlar. Patyşa Russiýasy Azerbaýjan meselesinde kolonial syýasatyny ýöredýärdi. Emma muňa garamazdan Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi onuň üçin ähmiýetli bolupdyr. 1800-nji ýylda Talyş, Kuba we Garabag hanlyklary Russiýanyň howandarlygyny kabul edýärlerler. 1801-nji ýylda Gruziýanyň Russiýa birikmegi baradaky manifest täzeden dikeldilýär. Netijede, Azerbaýjanyň şol wagtlar Gruziýanyň düzüminde bolan Gazak we Şamşadil soltanlyklary hem Russiýa birikdirilýär. 1804-nji ýylyň başlarynda rus goşunlary Genje hanlygyny eýeleýärler. 1805-nji ýylda bolsa Garabag, Şeki, Şirwan hanlyklarynyň hökümdarlary özleriniň Russiýa birikdirilmegi baradaky şertnama gol çekýärler. 1806-njy ýylda Kuba we Bakuw, 1809-njy ýylda bolsa Talyş hanlygy Russiýa döwletine birikdirilýär. Şeýlelik bilen, 1809-njy ýyla çenli Demirgazyk 45 Azerbeýjanyň ähli territoriýasy diýen ýaly parahatçylykly ýol bilen Russiýa birikdirilýar. Zakawkazýanyň Russiýa birikdirilmegi Eýranyň, Türkiýänyň şeýle hem Angliýanyň we Fransiýanyň Russiýa bolan gapma-garşylygynyň has ýitileşmegine getiripdir. 1804- nji ýylda Eýran, 1806-njy ýylda bolsa Türkiýe Russiýanyň garşysyna urşa başlaýarlar. Bu uruşda Zakawkazýanyň halklary, Russiýanyň tarapynda durupdyrlar. Uruş Russiýanyň ýeňmegi bilen tamamlanýar. 1813-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Gülüstan ýaraşyk şertnamasyna gol çekilýär. Parahatçylyk şertnama laýyklykda Eýran Demirgazyk Azerbaýjanyň Nahiçewandan galan ähli hanlyklaryň Russiýa birikdirilmegini ykrar edýär. Emma Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi Eýrany we Angliýany kanagatlandyrmandyr. Netijede, Angliýa tarapyndan meçew berlen Eýran 1826-njy ýene-de Russiýanyň garşysyna täzeden urşa başlaýar. Urşa Türkiýe hem goşulýar. Urşuň gidişinde ýerli ilat yzygiderli ýagdaýda rus goşunyna kömek beripdurupdyrlar. Şamhoryň we Genjäniň eteginde Eýranyň goşuny derbi-dagyn edilýär. Rus goşunlary eýran goşunyny Araks derýasynyň aňrysyna çenli gysyp çykaryp, Günorta Azerbaýjanyň territoriýasyna girýärler we Töwriz, Ardabil we beýleki şäherleri eýeleýärler. Günorta Azerbaýjanyň ilaty rus goşunlaryny gyzgyn garşylapdyrlar. Eýran parahatçylyk soramaga mejbur bolupdyr. 1828-nji ýylyň 10-njy fewralynda Töwriz şäheriniň golaýyndaky Türkmençaý obasynda Eýran bilen Russiýanyň arasynda parahatçylyk şertnamasyna gol çekilýär. Şertnama laýyklykda Eýran Demirgazyk Azerbaýjandan el çekýär we ol ýerleriň Nahiçewan bilen birlikde Russiýa birikdirilmegini ykrar edýär. Günorta Azerbaýjan bolsa Eýranyň düzüminde galdyrylýar. Zakawkazýanyň, şeýle hem Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa 46 birikdirilmegini Türkiýe hem ykrar edýär. Şeýlelikde, XIX asyryň başlarynda Demirgazyk we Günorta Azerbaýjan taryhy ösüşiň dürli ýoly bilen gitmeli bolupdyrlar. Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi azerbaýjan halkynyň taryhy ykbalynda uly progressiw rol oýnapdyr. Azerbaýjan halkynyň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşiniň mundan beýlekki ýoluny kesgitläpdir. Halk daşarky duşmanlaryň yzygiderli talaňçylykly çozuşlaryndan halas bolup asuda ýaşap başlapdyrlar. Patyşa hökümetiniň düzümine birikdirilmeginiň ilkinji ýyllaryndan başlap, hanlyk düzgüni ýatyrylypdyr. Azerbaýjan welaýatlara-prowinsiýalara bölnüp, onuň başynda patyşa ofiserleri (serkerdeleri)-komendantlar goýlupdyr. Olar harby- okrug ýolbaşçylaryna, harby-okrug ýolbaşçylary bolsa öz gezeginde Kawkazyň baş serkerdebaşysyna tabyn bolupdyrlar. Komendantlar giň ygtyýarlyklardan peýdalanypdyrlar. Garabagda we Nuhda welaýat, Bakuw, Kuba we Genje şäherlerinde şäher sudlary döredilipdir. Komendantlaryň eden-etdikleri, salynýan salgytlar ilatyň arasynda nägilelikleri döredipdir. Bu bolsa daýhanlaryň we şäher garyplarynyň topalaňlaryna getiripdir. Şeýle gozgalaňlar 1831-nji ýylda Talyşda, 1837-nji ýylda Kubada, 1838-nji we 1849-njy ýyllarda Şekide we beýleki ýerlerde bolup geçipdir. Kähalatlarda ýerli han-begler bu gozgalaňlary öz peýdalaryna ulanjak bolupdyrlar. Emma bu gozgalaňlar diňe bir rus kolonizatorlarynyň garşysyna däl-de eýsem baý-feodallaryň garşysyna hem gönükdirilipdir. 1840-njy ýylda patyşa hökümeti Azerbaýjanda öz möwrütini geçiren, Komendant dolandyrylyşyny üýtgedip, onuň ýerine sud-administratiw düzgüni girizýär. 1840-njy ýylyň reformasy boýunça Zakawkazýanyň territoriýasy paýtagty Tbilisi şäheri bolan Gruzin-Imeret guberniýasyna we paýtagty 47 Şemah şäheri bolan Kaspiý oblastyna bölünipdir. Azerbaýjanyň guberniýasynyň bir bölegi Gruzin-Imeret guberniýasyna degişli bolupdyr. Emma territoriýasynyň esasy bölegi Kaspiý oblastyna degişli bolup, oňa Şemah, Nuh, Zenkoran, Bakuw, Kuba we Derbent uýezdleri giripdir. 1846-njy ýylda Kaspiý oblastynyň ýerine Şemah guberniýasy döredilýär. 1859-njy ýylda güýçli ýer titremegi sebäpli Şemahyň weýarn bolmagy guberniýanyň merkeziniň Bakuwa geçirilmegine getirýär. Netijede, geberniýanyň ady hem üýtgedilip Bakuw guberniýasyna öwrülýär. 1868-nji ýylda Azerbaýjanyň territoriýasynda ikinji guberniýa-Ýelizawetpol guberniýasy döredilýär. Patyşa hökümeti Azerbaýjany Russiýa birikdiren ilkinji günlerinden başlap, ýerli feodallara we dindarlara daýanyp başlaýar. Ýerleriň uly bölegi patyşa hökümetiniň we ýerli han- begleriň elinde jemlenipdir. Emma patyşa hökümetiniň alyp baran kolonial syýasatyna garamazdan, Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi ol ýerlerde oba hojalygyň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegine itergi beripdir. Ýüpekçilik çalt depgin bilen ösüp, Russiýa äkidilýän ýüpegiň mukdary hem artypdyr. Oba hojalygynda haryt önümçiligi giňelipdir, haryt-pul gatnaşygy mundan beýläkde ösüpdir. Azerbaýjanyň şäherlerinde we obalarynda demirden ýasalýan önümleriň, dürli gurallaryň, mis gap-çanaklaryň, dokmaçylyk, küýzegärçilik önümleriniň önümçiligi giňelipdir. Halyçylyk giňden ösüpdir. Azerbaýjan halylary ýurduň daşynda hem uly meşhurlyga eýe bolupdyr. XIX asyryň 20-nji ýyllarynda Azerbaýjanda manufaktura görnüşindäki kärhanalar hem peýda bolup başlapdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling