Xix asyr ikinji ýarmy XX asyr başynda garagalpaklaryñ durmuşy we medeniýeti Meýilnama
Download 16.61 Kb.
|
5-tema...
XIX asyr ikinji ýarmy - XX asyr başynda garagalpaklaryñ durmuşy we medeniýeti Meýilnama: 1. Ruhy we medeniý durmuş. 2. Garagalpak edebiýaty nusgawylary 3. Garagalpak sazy we sungaty Edebiýatlar 1. O’zbekiston yangi tarixi. 1- kitob. Turkiston Chor Rossiyasi mustamlakachiligi davrida. Toshkent, 2000. Çar Rossiýasynyñ koloniýalyk syýasatyna garamazdan garagalpaklar milli durmuş we medeniýetini saklap galdylar. Olaryñ mekanlary ýer we suw mümkinçiligine mas şekillendi. Ýaşaýan jaýlary howply, laýly jaý, gara öý bolup, olary gurmak üçin toprak, ak derek, ak tal, gamyş, toraññy işledilipdir. Il arasynda metjid-medreseler gurulypdyr, degirmen, guýylar, toý geçirilýän meýdan obadan daşarda bolupdyr. XIX asyrda öý-jaýlar daşly çyralar bilen işlenip, olara ösümlik ýagyndan peýdalanylypdyr. Rossiýa düzüminde demir peçler köpelipdir, morly çyralar, kerosin lampalar peýdalanylypdyr. Garagalpaklarda nika urug içinden däl, başga urugdan (ekzogamiya) bolupdyr. Nikalaşmak aklaý guda (dogulmadyk çaganyñ ata-enesi özara wädeleşýär), ýaşlaýyn guda (aýtdyryp alady) arkaly bolupdyr. Giýew wepat etse ýeññesi gaýyn inisine ýa-da gaýynagasyna durmuşa çykýar. Gyz alyp gaçmak dessury hem bolupdyr. Gyzy köp adamlar aýtdyryp gelipdir, lekin mesele gyz gelşimi bilen çözülipdir. Nikada gelişilse “galyñ mal” berilipdir. Durmuşa berilen gyz düşek-ýorgan, gazan-tabak, geýim-gejimlerini “galyñ mal” hasabyndan alan. Durmuşa çykarylan gyza bagyşlap gara öý ornadylan. Maşgalanyñ kiçi maşgala, uly maşgala diýen görnüşleri bolupdyr. Nikada güwalar gatnaşypdyrlar, Molladan kümüş tiýin salynan nika suwy bar käsäniñ bir çetinden giýewe, bir çetinden gyza içiripdirler. Garagalpak geýimlerinde ynsanyñ yaşy, kesbi, maddylygy, öýlenenligi, durmuşa çykan ýa-da çykmadygy añladylypdyr. Garagalpaklar pagta, ýüñ, ýüpekden dokalan towardan, goýun-geçi, at derilerinden işlenen geýimler geýipdir. Uly aýallar gyzyl reñkdäki geýim geýipdir “ýüzüniñ gyzyly gitse hem ýüpek geýim yapyp ýör diýip halk oýlapdyr. Erkekleriñ geýimi possum, çapan, çäkmen, beşpent bolupdyr, tahýa, toppy, şogirme, degeleý geýipdirler. Garagalpak gyzlary ýaşlygyndan öýüñ içki işlerine, milli hünäre öwredilipdir, nagyşsyz geýim geýmedik, heýkel, onir monjuk, düwme, bilekýüzüksiz ýörmändirler. Durmuşa çykan gyz saukele geýipdir. Garagalpaklarda tebipçilik rowaçlanypdyr. Tebipler damar tutyp keselligiñ görnüşlerini anyklapdyrlar. Olar synykçy, parhan, tebip, şerşi bolup bölünipdirler. Şemallan adamlara yandak, garpyz, enar, igde suwlaryny içiripdirler, gum we duza düşüripdirler. Üzärlik tütedipdirler. Göz degen keselliklere adamlara, mala, ýaşalýan jaýlara goçuñ şahyny, burç, sogan gysdyrypdyrlar. Balyk we towuk bilen kakdyrypdyrlar. Garagalpaklarda bir gün duz iýen yere kyrk gün salam ber diýip nahar gadryny yokary bahalapdyrlar. Bedenterbiýe ugrynda ylgamak, daş götermek, arkan tartmak, at çapmak, ýaryşa at ibermek, ak süýek, kaşarman tup, şullik oýunlary bolupdyr. Geştek, oturyşmalar, aga biý oturşmasy geçirilipdir. Sünnet toý, Gurban aýt, Nowruz baýramlary geçirilipdir. XX asyr başynda Amuderýa bölüminde 58 medrese bolupdyr. Garagum işan medresesi, Tas medrese uly medreselerden hasaplanypdyr. 1907-ýylda Petro-Aleksandrowsk, hojeli, Koñrat galalarynda „täze usul” mekdebi düzülipdir. 1917-ýylda sowatsyzlyk derejesi 10-15 göterim bolupdyr. Türkistan general-gubernatorlygy Syrderýa welaýaty düzümindäki Amuderýa bölüminde ýaşaýan garagalpaklar sungaty koloniýa ýagdaýynda ýaşandyklaryny görkezýär. “Gragalpaklar ýadynda, -diýip ýazypdyr gazak ilşynasy Ç.Walihanow, müñläp hekaýalar, aýdymlar saklanypdyr”. Olaryñ içinde iñ meşhury “Alpamyş”, “Koblan”, “Edige”, “Shäriýar”, “Erşuro”, “Kyrkgyz” dessanlary bolupdyr. Olaryñ ýerine ýetirijileri jirawlar, bagşylar bolupdyr. Olar sebäpli uzak geçmişdäki halk agzeki döredijiligi nusgalary nesilden-nesle geçip, biziñ döwrümize çenli yetip gelipdir. Jirowlar şejeresiniñ köki geçmişe baryp ýetýär. XV asyrda Soppasli Sipira jirow uly şöhrat gazandy, XVIII-XIX asyrlarda bolsa Jiýen jirow, Şonkaý jirowlar at gazandy. Birnäçr bagşylar mekdepleri, şol sanda Garypnyýaz bagşy, Akymbet bagşy, Kuşim bagşy, Musa bagşy we başga mekdepler iş alyp barypdyrlar. Halk durmuşy zähmeti dessurlary, urp-amatlary bilen aýrylmaz bagly bolup toý aýdymlary, aglanýan aýdymlar (ýoklamak, marsiýa, hoşlaşmak), çagalar we “dowalamak” (badik) aýdymlary we başgalar garagalpaklaryñ şygry we sazly döredijiliginiñ düzüm bölegini düzüpdir. Nakyl-matallar halk danyşmendleriniñ ýygyndysy, halk ukyplylygynyñ ýagty görnüşi bolup gelipdir. Garagalpaklarda tapmaçalar, tapyjylyk bäsleşikleri we halk döredijiliginiñ başga köpçülik görnüşleri giñ ýaýrapdyr. Garagalpaklar başga türkizyban halklary bilen bir hatarda gadymy umumtürk ýazma ýadygärliklerini (gadymy orhan-ýeniseý ýazuwlary, VII-VIII asyrlar), Mahmut Kaşgarynyñ “Dewoni lugati turk” (XI asyr), “Kodeks Kumanikus” (XIII asyrdaky gypjaklar dili sözlügi), “Oguznama” taýpalaryny miras edip alypdyr. Garagalpaklaryñ öz durmuşy we garaşsyzlygy üçin güýç-gaýrat bilen alyp barylan göreşi wagtynda Jiýen jirow, Günhoja, Ajiniýaz, Berdak, Uteş ýaly ajaýyp halk şahyrlary ýetişip çykdy. Garagalpak edebiýatynyñ uly nusgawysy, şahyr we jirow Jiýen Jungar hanynyñ we başga hanlaryñ syýasatyny “Weýrana halk” poemasy mysalynda paş etdi. XIX asyrdaky ähli adalatperwer garagalpak şahyrlary Jiýen jirowy garagalpak şygryýetiniñ atasy diýip boýun aldylar. Meşhur şahyr Günhoja (Jiýamurat) hem (1799-1880) öz eserlerinde (“Çopanlar”, “Orakçylar”, “Ak gamyş”, Unytmaryn” we başga) zähmetkeş halkyñ agyr ýagdaýyny suratlandyryp, garagalpak jemgyýetindäki çukur jemgyýetçilik garama-garşylyklaryñ mazmunyny açyp berdi. XIX asyrda ýaşap geçen garagalpak şahyrlary Ajiniýaz we Berdak döredijiligi häzirki wagtda hem uly ähmiýet eýeleýär. Ajiniýaz Kosybaý ogly (1824-1878) garagalpak edebiýatynyñ ýene bir uly we özüne has döredijilik nusgawysydyr. Ol Hywa medresesinde tälim alypdyr, taryh we halk agzeki döredijiligini gowy bilipdir, Gündogar lirikasy bilen tanyş bolupdyr. Şahyr eserlerinde lirik temalar bilen bir hatarda jemgyýetçilik temalar hem orun alypdyr. Onuñ meşhur “Bozatow” poemasy garagalpak halkynyñ agyr durmuşyny açyp berýän ähmiýetli taryhy çeşme bolup hasaplanylýar. Berdak (Berdimurat) Gargabaý ogly (1827-1900) garagalpak mumtaz edebiýatynyñ iñ uly nusgawysydyr. Özüniñ köpçülik lirik eserlerinde, poemalarynda Berdak XIX asyrdaky garagalpak halkynyñ jemgyýetçilik durmuşyny her taraplama suratlandyrýar. Şahyr-demokrat sypatynda ol öz döwründäki hadysalara we jemgyýetçilik aragatnaşyklara adyl we watanperwerlik nazarda baha berýär. Berdak öz eserlerinde jemgyýetiñ öñdebaryjy kişilerini halk bagty üçin göreşmäge çagyrýar, köpçülik geçmiş hadysalaryna çuñ pikir bildiripdir. Berdak “Amangeldi”, “Aydos baba”, “Ernazar biy” ýaly eserlerini ýazypdyr. Onuñ “Şejire” eseri taryhy çeşme hasaplanýar. Şol sebäpden hem taryhçylaryñ hiç biri Berdak döredijiligini daşda galdyryp gitmeýär. Uteş Alşinbaý ogly (1828-1902) gaty köp bolmadyk miras galdyrypdyr. Lekin onuñ zalymlara garşy, jepakeş mazlumlary goramaga garadylan gülkili eserleri (“Şermende”, “Meñzär” we ş.m.) şahyry XIX asyr garagalpak şygryýetiniñ atly wekilleri hataryna göterdi. Edebiýat bilen bir hatarda garagalpak sazy hem öz taryhyna eýe. Halk agzeki döredijiligi ýaly saz nesilden-nesle agzeki geçip gelipdir. Saz medeniýetiniñ ýaýradyjylary aýdymçylar, jiraw-bagşylar, söz ussalary, halk bastakorlary, sazandalar, ýönekeý saz we aýdym gyzyklanyjylary bolupdyr. Esasy garagalpak saz gurallary: gopyz-kemança bilen çalynýan gadymy saz guraly bolup, ol bilen jirawlar gahrymanlyk rdessanlaryny ýerine ýetiripdir; dutar – bagşylar çalýan iki tarly saz guraly; başgalardan aýratyn bolup durýan çyngopuz -diñe aýallar çalýan, gaýtalanmaýan sese eýe guraldyr. Bulardan başga sunray we gyjak hem gollanylypdyr. Amaly sungat (agaç oýmakärligi, keşteçilik, haly dokamak, zergerlik, güne basyp nagyş salmak, applikatsiya we ş.m.) garagalpak halky döredijiliginiñ köpräk rowajlanan ugrydyr. Aýratynam keşteçileriñ reñbe-reñ bolup towlanýan keşteleri aýal-gyzlaryñ baýram geýimlerini bezäpdir. Garagalpagystanda zergerlik zatlary (ysyrga, bilekýüzük, ýüzük, ýaka dakylýan zatlar), zähmet gurallary, öý-rozgar enjamlary, şonuñ ýaly, gural-ýarag (gylyç, sowyt, kemer we ş.m.) hem dgiñ ýaýrapdyr. Mustamlaka (koloniýa) syýasaty garagalpak halkynyñ duýgylaryny söndürip bilmedi. Onuñ zähmeti we ukyby asyrlar boýlap ýaşap gelýän halk döredijiliginiñ nusgalarynda öz ornuny tapdy. Download 16.61 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling