A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Download 121.66 Kb.
bet1/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия


A.Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri.
Biziň er. öňki 330-njy ýylyň ortalarynda Aleksandyr Makedonskiý Günbatar Türkmenistanyň territoriýasynyň esli bölegini-de öz içine alýan Girkaniýa Satraplygynyň çäklerine aralaşypdyr. Ol ýerde oňa Girkaniýanyň we Parfiýanyň Dariý III tarapyndan bellenen satraby Fratern we parslaryň atly han-begleri özleriniň tabynlygyny mälim edipdirler. Girkaniýa söweşsiz boýun egipdir. Şondan soň Iskender Züklarneýin asly parfiýaly Atminapy Girkaniýanyň we Parfiýanyň satraby edip belläpdir. Aleksandr Makedonskiý Girkaniýanyň we Parfiýanyň territoriýasyndaka, Baktriýanyň satraby Bess ýurduň paýtagty Baktriýada özüni “Aziýanyň patyşasy” diýip yglan edip, “ArtakserksIII” diýen tagt adyny alypdyr. Şondan soň ol parslaryň patyşasy hökmünde özüniň Aleksandr Makedonskä garşy göreşde goldanmagyny halkdan haýyş edipdir. Bessi Baktriýa satraplygyndan başga Sogd satraplygy-da, Ariý satraplygy-da goldapdyr. Biziň er. önki 329-njy ýylda Aleksandr Makedonskiý Parfiýadan Ariý satraplygyna ugrapdyr. Onuň gelýän habaryny äşiden Ariý satraby Satibarzan Parfiýa bilen serhetdeş Susiýa şäheriniň eteginde (Mäne – Çäçäniň golaýynda) serkerdäniñ öňünden çykyp, özüniň onuň tarapyna geçýändigini aýdypdyr. Aleksandr Makedonskiý gidenden az wagyt geçensoň, Satybarzan grekleriň gözegçi otrýadyny gyryp Aride gozgalan turzupdyr. Bu habary eşiden Aleksandr Makedonskiý uly goşun bilen iki günde 110 km. Ýöl geçip Ariý welaýatynyň paýtagtyna gelýär we gozgalaña gatnaşan adamlardan oç alýar. Şondan soň Aleksandr Makedonskiý gelip çykyşy boýunça eýranly Arsy Ariý welaýatynyň satraby diýip yglan edip, öz ýörişini dowan edipdir. Aleksandr Makedonskiniň ýörişi we Ariý ýurdunda bolan gozgalanlaryň rehimsiz basylyp ýatyrylmagy häzirki Türkmenistanyň şol sonda Sarahs oazisiniň köp obasynda ýaşaýşyň kesilmegine sebäp bolupdyr. Urşuň netijesinde köp sanly irrigasion kanalar ýumrulypdyr, köne Sarahs galasy uly weýrançylyga sezawar edilipdir. Aleksandr Makedonskiý 328-nji ýylyň ýazynda Hindiguş daglaryndan geçip, Baktriýa aralaşypdyr. Muny eşiden Bess öz goşunynyň güýjüne ynamy bolman, Amyderýadan geçip,demirgazyga tarap çekilipdir

Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling