A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Download 121.66 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124 - копия
Bazar ykdysadyýetiniň nusgalary
Häzirki zaman şertlerinde ulanylýan bazar ykdysadyýetiniň nus Beýik Seljuk Türkmen döwleti we türkmenleriň dünýä ýaýramagy Seljuklar dinastiýasynyň düýbüni tutan saltyklar nesli gelip çykyşy boýunça oguzlaryň gynyk urugyndandyr.Dinastiýany esaslandyryjy Seljugyň 4 ogly: Ysraýyl (Arslan), Mikail Ýunus we Musa bolupdyr. Seljuklar ýurtda dinastiýa hökmünde emele gelip başlan döwründen öňki tiredeşleri bilen, göreşe girişdiler. Olar ilkinji nobatda Aral kölüniň, Demirgazyk Kaspiý kenar sähralaryny eýelän Günbatar oguz taýpalarynyň Serdarlary bilen çaknyşýarlar. Şeýle bäşdeşlik netijesinde X-asyrda oguzlar ikä bölünýär. Olaryň demirgazyk (Ýaňykent) toparyna öňküsi ýaly “oguzlar” diýseler, günorta bölümine “Seljuklar”. (Gündogarly awtorlarda – “türkmenler”) diýip at berýärler. XI-XII - asyrlar seljuklaryň asyrydyr Seljuklar kem-kemden günorta, häzirki Türkmenistanyň ýerlerine süýşüp ugrapdyr. Olaryň bu hereketi iki döwlet, ýagny X – XI – asyrlaryň sepgidinde Merkezi Aziýanyň, Owganystanyň we Eýranyň köp ýerini birleşdiren Garahanylar döwleti we Gaznawylar döwleti bilen baglanyşyklydy. Seljuklaryň Günorta Türkmenistana gelmegini gaznawylar unamandylar. 1035 – nji ýylyň iýul aýynda Nusaýyň golaýynda Seljuk – gaznawy urşy başlanýar. Uruşda seljuklar ýeňiş gazanýarlar we Nusaýdan Dehistana çenli bolan aralykda yurt tutmaga hukuk alýarlar.Gaznawy emiri Dehistany Çagry bege, Nusaýy Togrul bege, Ferawany hem Musa ýabguwa beripdir Seljuk urşunda esasy söweş 1040 –njy ýylda Dandanakanda (Daşrabatda) – Merw bilen Sarahsyň arasynda bolýar. Ol gaznawylaryň ýeňilmegi bilen tamamlanýar. Şol söweşden soň diňe bir Horasan däl, eýsem bütin Eýran seljuklaryň gol astyna düşdi. Daňdanakan soweşi türkmen halkynyň taryhynda ilkinji merkezleşdirilen uly döwletiň – imperiýanyň başlangyjyny goýdy. Bu ýeňişden soň Seljuk soltanlary Togrul beg Nişapurda, Çagry beg bolsa Merwde “soltan” diýlip yglan edilýär. Soňra seljuklar Horezmi-de eýeleýärler. XI –nji asyryň 40-njy ýyllarynda türkmenleriň taryhynda täze etap Seljuk basyp alyjylary döwri başlanýar. Beýik serkerde Togrul begiň ýolbaşçylygynda seljuklar Eýrana, soň Zakawkazýe, Ýakyn Gundogar ýurtlaryna tarap ymtylyp başlaýar. Olar gysga wagtda Gürgendir, Tabarystany, şeýle-de Eýranyň beýleki ýerlerini, Azerbaýjany boýun egdirýär. Togrul beg 1055 – nji ýylda Bagdady eýeleýär. Abbasylar halyfyny häkimiýet başyndan aýyrýarlar. Belli Seljuk serkerdeleri Çagry beg 1059 –njy ýylda Merwde, Togrul beg 1063-nji ýylda Reý şäherinde dünýäden ötýär. Seljuklar döwleti soltanlar Alp Arslanyň (1059 - 1072) we onuň ogly. Mälik şanyň (1072 - 1092) döwründe iň ýokary ösüş derejesine ýetýär. Alp Arslan döwründe seljuklar Ermenistany (1064) eýeläp, Gruziýa ýörişler guraýarlar. 1071-nji ýylda Wizantiýanyň goşunyny kül-peýkun edip, onuň imperatory Roman IV Diogeni ýesir alýarlar. Bu ýeňişden soň seljuklar Kiçi Aziýany tabyn edip, 1072 –nji ýýlda Gündogarda Buharany eýeleýär. Alp Arslan agyr ýara zerarly şol ýyl aradan çykýar. Download 121.66 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling