Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Azerbaýjan Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda


Download 1,51 Mb.
Pdf ko'rish
bet24/130
Sana21.04.2023
Hajmi1,51 Mb.
#1367924
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 
Azerbaýjan Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda 
 (1941-1945) 
1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda faşistik Germaniýanyň 
ähtiýalanlyk bilen çozmagy zerarly azerbeýjan halkynyň hem 
parahatçylykly zähmetiniň arasy kesilýär. Azerbaýjan halky 
hem SSSR-iň beýleki halklary bilen bilelikde nemes-faşistik 
basybalyjylarynyň garşysyna aýaga galypdyrlar. 
Urşa gidenleriň ornuny zähmet weteranlary, aýallar we 
ýaşlar çalşypdyrlar. 1942-nji ýylyň tomsunda diňe bir nebit 
senagatynda 25 müň aýal-gyzlar işläp, olar nebit senagatynda 
işleýän işçileriň 33 %-ni tutupdyr. Respublikanyň senagatynda 
uruş ýyllarynda 70 müňden gowrak ýaş ýigitler we gyzlar 
zähmet çekipdirler. 1941-nji ýylyň ahyrlarynda Azerbaýjan 
SSR-inde, esasan hem Bakuwda goşun üçin gerek bolan 
ýaraglaryň, ok-därileriň, harby enjamlaryň, dürli harby 
tehnikalaryň 130-dan gowragy öndürilidir. Uruş ýyllarynda 
Sowet Azerbaýjany ýurduň esasy nebit rezerwuary bolupdyr. 
Onuň paýyna SSSR-de öndürilýan ähli nebitiň 70-75 %-i, 
awiasiýa benzininiň 85-90 %-i düşýärdi. 
Uruş döwrüniň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçmek bilen 
Bakuwyň nebitçileri 75 mln. tonna golaý nebit, 22 mln. tonna 
benzin we beýleki nebit önümlerini beripdirler. 
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gaýduwsyz zähmet 
edermenlikleri üçin nebitçiler Süleýman Wezirowa, Baba 
Babazade, 
Rustam 
Rustamowa 
Sosialistik 
Zähmetiň 
Gahrymany diýlen belent at dakylypdyr. Zähmetkeşleriň 
onlarça müňüsi ordenler we medallar bilen sylaglanypdyrlar. 


70 
Azerbaýjanyň ulag işleri hem öz öňünde goýlan 
wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň hötdesinden gelmegi 
başarypdyrlar. Respublikanyň demirýolçulary uruş ýyllarynda 
1.300 müň wagon ýüki, şol sanda 600 müň sistern benzini we 
nebit önümlerini daşamagy başarybdyrlar. Kaspi gämiçileri 
bolsa 20 milýon tonna dürli ýükleri daşapdyrlar.
Esasy bölegini aýalalar we ýaş ýetginjekler tutýan oba 
hojalyk zähmetkeşleri ýokary hasyly ösdürip ýetişdirmek bilen 
bir hatarda maldarçylykda hem uly üstünlikler gazanypdyrlar. 
Respublika uruş ýyllarynda 1 mln. put bugdaý, 500 müň tonna 
golaý pagta, 1 müň tonna et, ýag we beýleki oba hojalyk 
önümlerini beripdir. 
Azerbeýjanyň ogullary uruşyň ilkinji günlerinden başlap, 
söweş 
meýdanlarynda 
gahrymançylygyň 
nusgalaryny 
görkezmek bilen öz Watanyny daşarky duşmanlardan 
gorapdyrlar. 
Uruş ýyllarynda Sowet Azerbaýjanyň 500 müňden gowrak 
ogullary we gyzlary söweş meýdanlarynda duşmana garşy 
gaýduwsyz göreş alyp barypdyrlar. Olaryň köpüsi watanlarynyň 
azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda janlaryny gurban ettiler. Bu 
edermenlikleri üçin olaryň 120-si Sowet Soýuzunyň gahrymany 
diýen ada mynasyp bolsa, 30-y Şöhrat ordenynyň derejeleriniň 
3-si, 176 müňisi bolsa, SSSR-iň ordenleri we medallary bilen 
sylaglanypdyrlar. 
Uruş ýyllarynda Azerbaýjanyň tylda galan zähmetkeşleri 
fronta yzygiderli kömekleri berip durypdyrlar. 
1941-1943-nji ýyllarda respublikanyň zähmetkeşleri watan 
goragçylaryna eşikleriň dürli görnüşleriniň 1.601,5 müňüsini, 
125 wagon içki ýyly egin başlary, 350 müň posylka 
iberipdirler. 
1941-1942-nji 
ýyllarda Azerbaýjan SSR-i
goranmak fondyna 15 kg. altyn, 952 kg. kümüş, 295 mln. 


71 
manat, 15 mln. manatlyk döwlet zaýomynyň obligasiýasyny we 
beýlekileri tabşyrypdyrlar. 

Download 1,51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2025
ma'muriyatiga murojaat qiling