Türkmenistanyň Bilim ministrligi


VI BÖLÜM  Azerbaýjan Garaşsyzlyk eýýamynda


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet26/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

VI BÖLÜM 
Azerbaýjan Garaşsyzlyk eýýamynda 
Garaşsyz Azerbaýjanyň içeri we daşary syýasaty 
XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ikinji ýarymyndan SSSR-de 
başlanan demokratik özgertmeler Azerbaýjan SSR-ne hem öz 
täsirini ýetiripdir. Bu özgertmeler ýurdyň içinde döwlet 
häkimiýetini we kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygyny 
gowşadypdyr. 1980-nji ýylda Daglyk - Garabag awtonom 
oblastynyň üstünde azerbeýjan-ermeni gapma-garşylyklary 
ýitileşip başlaýar. Daglyk -Garabag oblastynda ýaşaýan ermeni 
etniki toparyň aglabasy oblastyň Ermenistan SSR-ne 
berilmeginiň tarapdary bolup çykyş edip başlaýarlar. Bu bolsa 
azerbaýjan-ermeni gatnaşyklarynyň ýitileşmegine getiripdir. 
1990-njy ýylyň 19-njy ýanwaryndan 20-nji ýanwaryna geçilen 
gije SSSR goranmak ministrlginiň goşuny Azerbaýjanyň 
paýtagty Bakuwa goşunyny girizipdir. Netijede, parahat ilatyň 
köpçülikleýin gyrylmagyna getiripdir. Bu waka Azerbaýjanyň 
taryhyna Gara Ýanwar ýa-da Ganly ýanwar ady bilen giripdir. 
1990-njy 
ýylyň 
18-nji 
maýynda 
Azerbaýjanyň 
parlamentiniň mejlisi Azerbeýjanyň Kommunistik partiýasynyň 
1-nji sekretary Aýaz Mutalibowy Azerbeýjanyň Prezidentligine 
saýlaýar. 
1991-nji ýylyň 30-njy awgustynda Azerbeýjanyň Ýokary 
Soweti Azerbeýjan Respublikasynyň döwlet garaşsyzlygyny 
dikeltmek baradaky deklerasiýany kabul edýär. 
1991-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Azerbeýjanyň Ýokary 
Soweti ―Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet garaşsyzlygy 
barada‖ Konstitusion akty kabul edýär. Bu akt Garaşsyz 
Azerbaýjanyň döwlet syýasy we ykdysady esasyny düzüpdir. 
Şol gün 18-nji oktýabr Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni diýlip 
yglan edilýär. 


75 
1992-nji ýylyň iýun aýynda Aýaz Mutalibowyň ýerine 
Azarbaýjanyň mili halk frontunyň ýolbaşçysy Abdulfaz Elçibeý 
geçýär. Azerbaýjanyň milli halk frontunyň düzen hökümetiniň 
ýurdy dolandyrmaga ukypsyz bolup çykmagy häkimiýetiň 
krizise düşmegine getirýär. Bu bolsa, 1993-nji ýylyň 4-nji 
iýunynda Genje şäherinde polkownik Suret Guseýnowyň 
ýolbaşçylygynda gozgalaňyň turmagyna getirýär. Abdulfaz 
Elçibeý raýatlyk urşunyň öňüni almak maksady bilen şol 
wagtlar Nahiçewanda ýaşap ýören Azerbaýjan SSR-niň 
Kommunistik partiýasynyň öňki birinji sekretary Geýdar 
Aliýewi Bakuwa çagyrýar. Şeýlelik bilen, Geýdar Aliýew ýene-
de häkimiýet başyna gelýär. 
Bu 
wakalaryň 
gidişinde 
polkownik 
Alakram 
Gummatowyň ýolbaşçylygynda Lenkoranda talyş-ofiserler 
topary Azerbaýjanyň düzüminde Talyş-Mugan awtonom 
respublikasyny yglan edýärler. Emma Geýdar Aliýew
awtonomiýany ykrar etmeýär we 23-nji awgustda ýerli 
ýaşaýjylar ol awtonom respublikany agdarýarlar. 
1991-nji ýylyň ahyrlarynda - 1992-nji ýylyň başlarynda 
Azerbaýjan Respublikasy bilen ykrar edilmedik Dagly-Garabag 
Respublikasynyň arasynda Daglyk-Garabagyň we oňa degişli 
raýonlarynyň üstünde harby çaknyşyklar başlanýar. 
1994-nji ýylyň maýynda GDA döwletleriniň arada 
durmagynda Azerbaýjan, Ermenistan we Daglyk-Garabag 
respublikasy urşy bes etmek baradaky ylalaşyga gol çekýärler. 
Emma muňa garamazdan häzirki wagta çenli bu meseläni 
kadalaşdyrmak boýunça geçirilýän gepleşikler öz netijesini 
bermän gelyär. 
2003-nji ýylda Geýdar Aliýew aradan çykandan soň, onuň 
ýerine ählihalk saýlawy esasynda ogly Ilham Aliýew geçýär. 
Azerbaýjanda Milli mejlis ýurduň iň ýokary kanun 
çykaryjy organydyr. Onuň ählihalk tarapyndan bäş ýyl möhlet 
bilen saýlanýan 125 deputaty bardyr. 
1995-nji ýylda Garaşsyz Azerbaýjanyň taryhynda ilkinji 
gezek parlament saýlawy geçirilýär. Parlamentiň häzirki düzümi 
2005-nji ýylyň noýabrynda saýlanandyr. 


76 
Parlamentiň deputatlarynyň aglaba bölegi partiýa agzasy 
däldir ýa-da ―Täze Azerbaýjan‖ prezident partiýasynyň 
wekilleridir. 
Ýurtda 30-dan gowrak syýasy partiýalar we hereketler 
hasaba alnandyr . Olaryň içinde ―Täze Azerbaýjan‖ partiýasy, 
Azerbaýjanyň milli garaşsyz partiýasy, ―Musawat‖ partiýasy, 
Azerbaýjanyň Halk fronty partiýasy, Azerbaýjanyň liberal 
Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling