Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet34/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 


92 
II BÖLÜM 
Özbegistan VIII - XV asyrlarda 
 
Ýerli ilatyň arap basybalyjylaryna garşy göreşi 
Araplaryň ýerli halky yzygiderli talap durmagy, olaryň 
hukuklaryndan mahrum edilmegi, medeniýetiniň, diliniň 
kemsidilmegi, arap ýazuwynyň we yslamyň zor bilen 
girizilmegi ýerli halkyň gahar-gazabyny artdyrypdyr. 
720-721-nji ýyllarda Sogdiýanada araplaryň garşysyna 
uly halk gozgalaňy başlanýar. Sogdiýanalylar Semireçiýeden 
göçme taýpalary kömege çagyrýarlar. Gozgalaňçylaryň birleşen 
güýçleri Sogdiýanadaky arap otrýadyny derbi-dagyn edýärler. 
Horasanyň emiri gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin goşun sürýär. 
Güýçleri deň bolmadyk sogdianalylar Fergana tarap yza 
çekilipdirler. Gozgalaňçylary Horasanyň namestnigi Seýit 
Haraşiniň hut özi uly goşuny bilen yzarlapdyr. Fergananyň 
patyşasy muny eşidip, sogdianalylara kömek etmekden ýüz 
öwürýär.
Netijede, sogdianalylar bilen Seýit Haraşynyň arasynda 
söweş bolup geçýär. Söweşde gozgalaňçylar ýeňilýärler we 
Hojent şäherinde gizlenýärler. Gozgalaňçylar araplaryň goýan 
şertlerini kabul etmeli bolýarlar. Şertnama laýyklykda 
gozgalaňçylar hyraç salgydyny we salgydyň tölenilmedik 
bölegini doly tölemeli edilýär, özleri bolsa yzlaryna Sogdiana 
gitmeli edilýär. Soňra Haraşy Hojentiň ilatyndan berk öç 
alypdyr. Tabaranyň aýtmagyna görä, 3000 adam, başga 
maglumatlar boýunça bolsa, 7000 adam öldürilýär. 
728-nji ýylda Sogdianada ýene-de gozgalaň turýar. 
Emma bu gozgalaň Horasanyň emiri tarapyndan çaltlyk bilen 
basylyp ýatyrylýar. 
Mawerennahr ýerlerinde arap halyflygynyň agalygyna 
garşy yzygiderli gozgalaňlar bolup durupdyr. Şeýle 


93 
gozgalaňlaryň ulusy 776-njy ýylda Hakim ibn Haşymyň 
ýolbaşçylygynda Mawerennahr ýerlerinde başlanýar.
Taryhçy Narşahynyň habar bermegine görä, Haşym ibn 
Häkim ýüzüni ýaşyl örtük bilen ýapyp gezipdir. Şoňa görä hem 
halk ony ýüzi örtükli adam-Mukanna diýip atlandyrypdyr. 
Sebäbi onuň ýüz keşbi gelşiksiz, bir gözi bolsa gyşyk bolupdyr. 
Ol gozgalaňa Merwde taýýarlyk görüp başlapdyr. Emma onuň 
bu hereketini ýerli häkimiýet bilipdir. Şoňa görä-de, ol 
Mawerennahra gaçýar. 
Muhannanyň tarapdarlary ak geýim geýipdirler, şoňa 
görä-de olara ak geýimli adamlar diýip diýip hem at beripdirler.
Mukanna adamlaryň sosial deňligini we erkinligini wagz 
edipdir. Onuň tarapdarlary tutuş häzirki Özbegistanyň 
territoriýasynda gozgalaňa başlapdyrlar. Ýerli han-begler 
tarapyndan goldanylýan arap hökümdarlary Mukannanyň 
garşysyna uly güýçleri sürüpdirler. Şeýle-de bolsa, olar diňe 
birnäçe ýyla çeken erjel göreşden soň, gozgalaňy ýatyryp 
bilipdirler. 
Yzly-yzyna üznüksiz diýen ýaly gozgalaňlar halyfatyň 
kuwwatyny örän gowşadypdyr. ―Ak geýimli adamlaryň ‖ we 
Mukannanyň gozgalaňy basylyp ýatyrylsa-da, ýerli halkyň arap 
halyflygynyň eden-etdiligine bolan gahar-gazaby köşeşmändir, 
tersine, güýçlenip kähalatlar-da ol täze ýaragly çykyşlaryň 
döremegine getiripdir. 
806-njy 
ýylda 
Sogdianada 
Rafi 
ibn 
Leýsiň 
ýolbaşçylygynda daýhanlaryň gozgalaňy başlanýar. Gozgalaň 
Samrakantda başlap, soňra Daşkente, Fergana, Kaşgaderýa we 
Horezme geçýär. Gozgalaňyň başlanmagynyň sebäbi yslam 
dinine we daşary ýurt basybalyjylaryna bolan ýigrenç bolupdyr. 
Gozgalaň Mawerennahryň köp bölegini öz içine alypdyr. 
Halyflygyň gozgalaňy harby güýç bilen basyp ýatyrmak 
synanyşyklarynyň ählisi başa barmandyr. Şonda Horasanyň 


94 
namestnigi Mamun ýerli feodallardan kömek sorap, ýüz tutýar. 
Hökümdar kim kömek etse ýurdy dolandyrmakda uly hukukdan 
peýdalanmaga kömek berjekdigine söz beripdir. Rafi ibn Leýs 
araplara we halyfa garşy söweşini bes edipdir. 806-njy ýylda 
başlanan gozgalaň 810-njy ýylda basylyp ýatyrylýar, onuň 
ýolbaşçylary bolsa jezalandyrylypdyr. 
Gozgalaň basylyp ýatyrylan hem bolsa arap halyflygynyň 
syýasy taýdan pese gaçmagyna getiripdir. IX asyryň birinji 
çärýeginiň ahyrlarynda Horasanda we Mawerennahrda 
häkimýet ýerli feodallaryň-ýer eýeleriniň eline geçýär. Halk 
köpçüliginiň daşary ýurt zulumyna garşy azatlyk ugrunda 
gaýduwsyz göreşleriniň netijesinde ýerli nebereleriň başda 
durmagynda özbaşdak döwletiň döremegi üçin şertler döräpdir. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling