Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ýerli ilatyň grek-makedonlaryň agalygyna garşy göreşi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Ýerli ilatyň grek-makedonlaryň agalygyna garşy göreşi
B.e.ö. IV asyrda Gresiýanyň demirgazygynda ýerleşýän kiçijik ýurt-Makedoniýa güýçlenip, ol dünýä agalygy ugrunda göreşe başlaýar. B.e.ö. 334-nji ýylda bu döwletiň hökümdary Aleksandr Makedonskiý Kiçi Aziýa ýöriş edip, ahameni goşununy derbi- dagyn edýär. B.e.ö. 329-njy ýylda Aleksandr Makedonskiýniň goşuny Marakand (häzirki Samarkand) şäherine girýär. Samarkantdan çykyp, Syrderýanyň kenarlaryna süýşüp başlaýar. Ol Syrderýa barýan ýolunyň ugrunda birnäçe şäherleri basyp alýar. Şäherleriň ilaty Aleksandr Makedonskiýniň goşunyna berk gaýtawul berýärler. Söweşiň gidişinde Aleksandryň özi hem ýaralanýar. Ol Syrderýanyň kenaryna gelip, çaltlyk bilen gala gurduryp başlaýar. Makedonlar derýanyň sag kenarynda berkleşip onuň beýleki kenaryndaky saak goşunlary bilen söweşe girişýär. Saaklar bilgeşleýin yza çekilip, Aleksandryň goşunyny Gazagystanyň düzliklerine äkitmek isläpdirler. Emma Aleksandr muňa düşnüp, özüni aldawa saldyrman yzyna gaýdyp gelýär we gala saldyrýar. 87 Ol bu gala ―Uzakdaky Aleksandriýa‖ diýip at berýär. Aleksandr Makedonskiniň goşuny Sogdiana çozmak bilen ýerli halky güýçli talapdyrlar we gysypdyrlar. Bu bolsa ýerli halkda nägilelik döredip, olaryň basybalyjylara garşy aç-açan aýaga galmagyna getiripdir. Şeýle gozgalaňlaryň iň ulusy Spitameniň ýolbaşçylygynda b.e.ö. 329-njy ýylda Samarkantda başlanýar. Gozgalaňçylar makedon goşunyny gabawa salypdyrlar. Aleksandr gozgalaňçylaryň garşysyna goşun sürmäge mejbur bolupdyr. Spitamen Samarkandy goýup, Zarafşan derýasynyň aşaky akymlaryna gidipdir. Ýolda gozgalaňçylar özlerini kowalap gelýän grek goşunyny dargadýarlar we ýene-de yzlaryna öwrülip, Marakandy täzeden gabaýarlar. Ýagdaýyň gowy däldigini aňan Aleksandr ähli güýjini gozgalaňçylaryň garşysyna gönükdirýär. Spitamen Aleksandryň goşunynyň ýakynlaşyp gelýändigini bilip, Marakandy goýup ýene-de Zarafşan derýasynyň aşak akymlaryna gidýär. Aleksandr gozgalaňçylary yzarlap, ýüzüniň ugruna 120 müň adamy gyrýar. Ol Marakantda Pewkolaýyň başlyklygynda 3 müň sany pyýada goşuny galdyryp, Amyderýadan geçip, gyşlamak üçin Baktriýa gaýdyp gelýär. B.e.ö. 328-nji ýylyň ýazynda Aleksandr halk köpçüliginiň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin täzeden goşun sürüp başlaýar. Bu gezekki çaknyşykda Spitameniň goşuny ýeňilýär. Spitamen b.e.ö. 328-nji ýylyň güýzünde çarwa taýpalaryň serdarlary tarapyndan öldürilenden soň hem Baktriýada we Sogdiýanada gozgalaňlar uzak wagtlap dowam edipdir. Bu ýagdaý Aleksandr Makedonskiniň b.e.ö. 328-327- nji ýylyň gyşyny Sogdiýanada gyşlamaga mejbur edipdir. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling