Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet37/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Serbedarlar hereketi 
Mongol basybalyjylarynyň we olaryň tarapynda durýan 
iri feodallaryň garşysyna halk köpçüligi ýygy-ýygydan çykyş 
edip durupdyrlar. XIV asyryň birinji ýarymynda mongollaryň 
garşysyna has giň gerime eýe bolan hereket serbedarlar hereketi 
bolupdyr. Bu hereket ilki bilen Horasanda döräpdir. 
Serbedarlar-dardan asylan adamlar diýmek bolup, olar 
özlerine şeýle at beripdirler. Olar ―eger-de ýeňiş gazansak, 
halky mongollaryň we olaryň çinownikleriniň zulumyndan 
boşadarys, eger-de ýeňilsek dar agajyna gitmäge taýýar, çünki, 
mundan beýläk-de zorluga çydamak bolmaz‖ diýipdirler. 
Serbedarlar mongollary we olaryň ýaranlary bolan ýerli 


100 
feodallary agdarmagy, soňra bolsa giň zähmetkeş halkyň, 
daýhanlaryň, 
hünärmentleriň, 
ownuk 
söwdagärleriň, 
intelligensiýanyň wekilleriniň we hat-da, orta daýhanlaryň 
bähbitlerine laýyk gelýän öz düzgünini girizmegi maksat 
edinipdirler. Şoňa görä-de sarbadarlary şol toparyň wekilleri has 
giňden goldapdyrlar.
Bu hereket sebäpli mongollaryň ar almagyndan gorkan 
ruhanylar we feodallar serbedarlaryň ýolbaşçylaryndan bu 
göreşden ýüz öwürmeklerini talap edipdirler. Emma serbedarlar 
olaryň teklibinden doly ýüz öwüripdirler. Olaryň azat edijilikli 
göreşiniň gidişine Horasanda merkezi Sebzewar şäheri bolan 
özbaşdak döwletini hem döredýärler. Bu döwlet 1337-nji ýyldan 
1381-nji ýyllar aralygynda ýaşapdyr.
1365-nji ýylda serbedarlar hereketi Mawerennahrda peýda 
bolýar. XIV asyryň ortalarynda mongol basybalyjylarynyň we 
ýerli feodallaryň eden-etdilikleri sebäpli Samarkant, Buhara we 
beýleki şäherler özleriniň güýçli durgunlylygy başdan 
geçirýärler. Mawerennahryň ýagdaýy ýylsaýyn agyrlaşýardy.
Güýçli hökümdaryň ýokdugy sebäpli, ýurt doly feodal 
dagynyklyk ýagdaýyna gelip ýetdi. Her mongol hanynyň tutuş 
Mawerennahyry basyp almaga çalyşmagy ýurtda ýagdaýyň 
çylşyrymlaşamyna getiripdir. Olaryň biri Çagataý ulusyň hany 
Togluk-Temir 1360-njy ýylda öz goşuny bilen Mawerennahra 
giripdir we hiç hili garşylyk görmezden Kaşgaderýa çenli baryp 
ýetipdir. Emma bäş ýyl geçenden soň, Mawerennahryň emirleri 
Togluk-Temiriň ogly Ylýas hoja boýun egmegi bes edipdir. 
1365-nji ýylyp başlarynda Ylýas hoja uly bolmadyk goşuny 
bilen Mawerennahra ugraýar.
Şol wagtlar Mawerennahrda döwlet başynda iki sany 
abraýly emirler- Temir we Hüseýin durupdyr. 1365-nji ýylyň 
ýazynda olaryň goşuny Ylýas hojanyň goşuny bilen çaknyşýar, 


101 
emma ýeňilýärler. Emirleriň ikisi hem dargan goşunynyň 
galyndysy bilen Amyderýadan geçip günorta tarap gaçýarlar.
Ylýas hojanyň goşunynyň öňünde Samarkanda tarap ýol 
açylýar. Şäheriň ilaty mongollardan goranmaga taýýarlyk görüp 
başlapdyr. Samarkandy goramaklyga şäheriň iň sowatly 
adamlarynyň biri Mawlonazade Muhammet Samarkandy 
ýolbaşçylyk edipdir. Onuň ýanynda Samarkantly serbedarlar 
Abubekir Kuluý, Hurdek-i-Buhary we beýlekiler hem 
bolupdyr.
Ylýas hojanyň goşuny Samarkandy uzak wagtlap netijesiz 
gabapdyr. Şäheri goraýjylar mongollaryň atly goşununyň üstüne 
çar tarapdan hüjüm edipdirler. Ylýas hoja ilkibaşda 
Samarkandyň eteklerini, soňra bolsa Mawerennahry taşlap 
gitmäge mejbur bolupdyr.
Serbedarlar şäheri edara etmek bilen käbir demokratik 
çäreleri hem durmuşa geçirmäge girişipdirler. Olar şäher 
obşinasynyň ýolbaşçylygyna halkyň içinden çykan ýönekeý 
adamlary çekipdirler.
Wagtyň geçmegi bilen serbedarlar hereketi iri feodallaryň 
we ruhanylaryň tagallalary bilen rehimsizlik basylyp 
ýatyrylypdyr. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling