Yhlas arazjan ogly agajanow


Download 19.39 Kb.
Sana08.03.2023
Hajmi19.39 Kb.
#1250923
Bog'liq
Arzuw Ýegenmuradow Magtymguly Pyragy


HADYS YLMY WE ONUŇ TERBIÝELEÝJI ÄHMIÝETI
YHLAS ARAZJAN OGLY AGAJANOW –
AJYNYÝAZ ADYNDAKY NDPI, NÖKÜS ŞÄHERI

Yslam dininiň taglymatynyň esaslaryny şöhlelendirýän Gurhany Kerimden soňky esasy çeşme hadyslar hasaplanýar. Hadys diýip Muhammed (s.a.w.) pygamberiň aýdan sözleri we hereketleri barada aýdylýan rowaýatlara aýdylýar. Muhammed (s.a.w.) iň tutan ýoluna sünnet diýilýär. Sünnet bolsa şerigatyň esasy bir bölegi bolup durýar. Hadyslar göniden-göni sahabalar tarapyndan rowaýat edilipdir. “Hadys” sözi arapçada gürrüň, täze diýen manylary berýär. Hadyslary toplamak işi VIII asyrda başlanypdyr. Pygamber alaýhysalamy gören we bilenlerden ýazyp alnan maglumatlara görä, ilkinji hadys toplaýjylar ibn Şahab az- Zühriý, Ýahýa ibn Sagd al-Ansary, ibn Juraýj ýalylar bolan. Äleme meşhur muhaddyslar Abu Abdylla Muhammed ibn Ysmaýyl al-Buhary, Ymam Müslim ibn Hajjaj, Ymam Nysaýy, Ymam ibn Moja, Abu Isa Muhammed as Samarkandy, Ymam at-Termiziýlerdir. [1\202]


Elbetde, bu alymlaryň arasynda biziň Türküstan diýarynyň alymlarynyň hem bardygy, şeýle sogaply işde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşandygy, yslam äleminde bu ynsanlaryň toplan hadyslary köpçülik alymlar tarapyndan iň ynanarly bolan ýagny, “sahih” hadyslary toplandygy, bütin dünýäde bu hadyslaryň hali-güne çenli gymmatly çeşme hökmünde garalýandygy we olar medreselerde ýörite derslik hökmünde näçe ýyllardan bäri okadylyp gelinýändigine hemmämiz çäksiz buýsanç duýýarys. Bu alymlaryň arasynda esasan Ymam al-Buhary we Ymam at-Termiziý babamyzyň döredijiligi ünsüňi özüňe çekýär. Atlaryndan mälim bolşy ýaly, bu beýik alymyň ikisi-de mukaddes Özbegistan topraklarynda doglup ösendigini görmäge bolar. Ymam al-Buhary “Al Jame” as-Sahih” (“Ynamly ýygyndy ”) eseriniň üstünde on alty ýyl iş alyp bardy. We alty ýüz müň hadysy ýygnap, olaryň içinden 7275- sini saýlap alypdyr. Şeýle hem, “Al-jome as-sahih”den edep-ahlak mowzugyna degişli bolan hadyslary ýygnap, aýratyn kitap şekline getirdi. Bu kitaba “Al-adab al-müfred” diýilýär (" Edep dürdäneleri") Bu eserde 1322 hadys bar.
At-Termiziniň döredijilik işinde döreden eserleriniň arasynda “Al-Jame 'as-Sahih (Ynamly ýygyndy) iň möhümidir . Bu eser, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, al-Jami 'al-Kabir”("Uly ýygyndy"), "Sahih at-Termizi", "Sunan at-Termizi"("Termizi Sünnetleri") ýaly atlar bilen ýöredilýär. [1\202] Ýurdumyzyň näçe ýyllardyrki edýän arzuwlary amala aşyp, ýagny ýurdumyz öz garaşsyzlygyny alanyndan soňra bu beýikleriň hatyrasy gaýta dikeldildi. Ýubileýleri geçirildi, Ymam al-Buharynyň hatyrasyna Buharada, Termiziniň hatyrasyna Surhanderýa welaýaty Şerabad tümeninde ýadigärlikler guruldy. On iki asyrlyk taryha eýe bolan bu alymlaryň eserleri esasan garaşsyzlyk ýyllarynda özbek dilinde neşir edilip halk köpçüligine hödürlenmeginiň özi bir ullakan wakadyr.
Halkyň jemgyýetçilik aňyny ösdürmekde, durmuş ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşlarymyzyň agy garany, ýagşy-ýamany, hak we nähaky saýgarmagynda, şerigat kadalary esasynda ýaşamaga gönükdirmekde, halky ahlak ýörelgelerine mynasyp terbiýelemekde hadyslaryň ähmiýeti örän ulydyr. Hadyslarda terbiýeleýjilik ähmiýeti hem örän ýokarydyr. Ol ynsanlary hak ýolda ýöreýän, pygamberiň sünnetine eýerýän, ymmata peýdasy degýän kämil ynsan edip ýetişdirmekde ähmiýetlidir. Pygamberimiz Muhammed (s.a.w.)iň “Siziň iň gowylaryňyz husny hulkly bolanlaryňyzdyr” diýmegi, XX asyrda ýaşan beýik magrypetperwer babamyz Abdylla Öwlany “Terbiýe biz üçin ýa haýat- ýa ölüm, ýa nejat- ýa heläkçilik, ýa bagt- ýa betbagtlyk meselesidir” diýmegi hem biziň durmuşymyzda terbiýäniň näderejede ähmiýetlidigini subut edýär. Abu Huraýra(r.a.) dan rowaýat edilýär: Nabi sallalahu alaýhi wessellem: “ Mynapygyň belgisi üç sanydyr: sözlese ,ýalan sözleýär, wada berse, wadasynyň üstünden çykmaýar we amanat oňa ynanylsa, hyýanat edýär” (Buhary, Muslim, Abu Dawut we Termiziý rowaýat eden.) [2, 36] Bu hadys arkaly ynsanlary ýalan sözlemezlige, wadasyna wepaly bolmaga, amanata hyýanat etmezlige çagyrylýar. Egerde bir mömin bu işleri etse onuň imany hatardadygyna delalat bolýar.
Dil apatlarynyň iň ýamany gybat söz, ýalan güwalyk bermek bolup ol ähli ýamanlyklaryň enesidir. Bu barada Özbegistan gahrymany Ybraýym Ýusupow : “ Gybat söz diýeniň öwüsýän şemal, Bu şemalyň öwüsmeýän ýeri ýok...”
- diýip gybatyň näderejede tiz ýaýraýandygyny, onuň çirkin zatdygyny belleýär. Ymam Newewiý “Sahihi Muslim” şarhynda şeýle ýazýar: - Öz döwründe magrybda mälikiýler ymamy hasaplanan Abu Muhammed Abdylla ibn Abu Zaýd şeýle diýipdi: “ Ähli haýyrly edepler şu dört hadys esasynda emele gelen: “Alla we Ahyret gününe iman getiren kişi (diňe) gowy söz sözlesin ýa-da tukatlyk saklasyn”, “Kişiniň özi üçin möhüm bolmadyk zatlardan daşlaşmagy onuň Yslamynyň gözelligindendir” , “ Gahar etme!” , “ Siziň (hiç) biriňiz tä özüne gowy gören (haýyrly) zady ýoldaşyna hem rowa görmeýänçä (kämil) imanly bolmaýar”. Hakykatdan-da bu hadys iň kämil bolan , hakyky möminligiň , hakyky imanyň nähili şertleriniň bardygyny açyklaýar.
Halkymyzyň taryhyna seredenimizde, hadyslar näçe asyrlardan bäri dilden dile geçip gelýän halk döredijiigimiziň hem döremegine esas, ýagny çeşme bolup hyzmat edipdir. Mälimki, bir zada bir zat säbäp bolýar. Diýmek biziň baý folklorymyzyň ösmeginde, şol sanda nakyllar pähimleriň emele gelmeginde-de hadyslaryň ornunuň ähmiýeti örän uly. Indi “edebiýat” sözüne seredeliň. Bu hem arapçadan edep sözünüň köplük formasyndan ýasalypdyr. Ýagny, biziň edebiýat hakyky manyda edep-ahlak normalaryny özünde jemleýän we ony sada dilde çeperçilik arkaly halka ýetirip bermegi bilen hem günbatar edebiýatyndan tapawutlanýar. Hakyky manyda manyda edep-ahlak normalaryny bize kesgitläp beriji çeşme bu hadyslardyr. Şol sebäpden şahyrdyr-ýazyjylaryň döredijiliginde hem hadyslara meňzeş jümleler duş gelinýär. Türkmeniň beýik şahyry Magtymgulynyň: “Sözlegende söz manysyn bilmeýän, Ondan ki bir gepläp bilmez lal ýagşy.” diýen setirleri hem ýokarda belläp geçenimiz hadysa bir mysal bolup biler. Umumy netije çykaryp aýdýan bolsak, hadyslaryň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti çäksizdir. Ylym öwrenmek- kyrk parzdan biri bolandygy hem biziň hadyslary öwrenmegiň we geljek nesile hem öwretmeilidiginiň ähmiýetlidigini, yslamyň ylyma garşy din däldigini, gaýtam ylym almak iň uly ybadatdygyny görkezýär.
Peýdalanylan edebiýatlar:
1. B.X.Хodjayev. Umumiy pedagogika nazariyasi va amaliyoti. Darslik. - Т.: ≪Sano-standart≫ nashriyoti, 2017-yil, 416 bet.
2. Шамсуддин Бахауддинов. “Кəмил инсан” – Ташкент 2021
3. Alewov O., Pazilov A., Seytmuratov Q., Otebaev T. Pedagogikatariyxi. (Sabaqliq) Nokis«Bilim» 2020.
Download 19.39 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling