Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Arap agalygynyň ýykylmagy


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet35/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Arap agalygynyň ýykylmagy 
809-njy ýylda halyf Harun al-Raşid aradan çykýar. Onuň 
ogullary Amin bilen Mamunyň arasynda tagt ugrunda göreş 
başlanýar. 
813-nji ýylda Mamun iri ýer eýeleri Tahyr ibn Huseýiniň 
we beýlekileriň kömegi bilen Bagdady eýeleýär we halyflyk 
tagtyna geçýär. 
Tahyr ibn Huseýin Bagdatda ýokary wezipeleri eýelemek 
bilen Horasanyň we Mawerennahryň ähli ýerlerinde diýen ýaly 
öz adamlaryny goýýar. 821-nji ýylda ol Horasanyň emirligine 
bellenilýär. Emma ol tiz wagtda garaşylmadyk ýagdaýda aradan 
çykýar. 
Mamun Horsanyň emirligine Tahyryň uly ogly Talhany, 
soňra bolsa onuň kiçisi Abulabbas Abdyllany belläpdir. 
Tahyrylar neberesi 821-nji ýyldan 873-nji ýyllar aralygynda 
Horasanda agalyk etmek bilen Mawerennahry hem öz 
tabynlygynda saklapdyr. IX asyryň ortalarynda başlanan 
gozgalaňlar Tahyrylar döwletini gowşadypdyr.


95 
873-nji ýylda Ýakup ibn Leýsiň gozgalaňy Tahyrylar 
nebeleriniň 
Mawerennahr 
ýerlerindäki 
agalygynyň 
ýykylmagyna we onuň ýerine Saffarylar (misçiler) nesliniň 
hökümdarlygynyň 
gelmegine 
getiripdir. 
Saffarylaryň 
hökümdarlygy Samanylar döwletiniň golastyna geçýär. 
IX asyryň ahyrynda merkezi Buhara şäheri bolan 
Samanylar döwleti Özbegistanyň köp ýerlerini özüne 
birikdiripdir. 
Tahyrylaryň ýykylmagy bilen Buhara şäheriniň 
dolandyryjy 
topary şäheri Samanylaryň öz golastyna 
almaklaryny haýyş edip ýüz tutupdyrlar. 874-nji ýylda Samany 
hökümdary Nasr öz inisi Ysmaýyly Buhara hökümdar edip 
iberýär. 823-nji ýylda Ysmaýyl agasy Nasr ölenden soňra tutuş 
Mawerennahry öz tabynlygyna geçirýär.
Ysmaýyl halk gozgalaňlaryny rehimsizlik bilen basyp 
ýatyrypdyr we olardan öç alypdyr. Samanylar döwründe 
Mawerennahr ýerleri ykdysady taýdan ýokary göterilipdir. Oba 
hojalygy, şäherler, söwda, senetçilik we beýlekiler ösüpdir. 
Samanylar döwleti X asyryň ortalarynda özüniň ösüşini iň 
ýokary dereesine ýetip, ol özüne Mawerennahry, Horasany
Demirgazyk-Gündogar Eýrany birleşdiripdir. 
999-njy ýylda Buharany türkmenleriň Garahanly 
döwletiniň basyp almagy bilen Samanylar dinastiýasy, özüniň 
ýaşaýşyny togtadýar. Merkezi Aziýada Samanylar döwletiniň 
ýerinde Garahanly döwleti peýda bolýar. Garahanly döwletini 
türkmenleriň garlyk, ýagma, çigil taýpa birleşmesi döredipdir. 
Bu birleşmä üç oguz diýip at beripdirler. Olar X asyrda yslamy 
kabul edýärler. Olaryň Mawerennahra arlaşmagy Samanylar 
döwletiniň ýykylmagyna getiripdir. 
XII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, garahanlylar bilen 
seljuklaryň arasynda özara çaknyşyklar başlanýar. Ýurduň 
içinde-de özara dawalaryň başlanmagy merkezi häkimýeti 


96 
gowşadypdyr. Netijede, Garahanlylar döwleti özbaşdaklygyny 
ýitiripdir.
IX asyryň ikinji ýarymynda syýasy meýdanda Gaznaly 
döwleti peýda bolýar. Ol güýçli döwlet bolmak bilen 999-njy 
ýylda Samanylar döwletini agdarýar. Gaznalylar Garahanly 
döwletine-de güýçli zarba urýar. 
Gaznaly hökümdary soltan Mahmyt Gaznaly 1017-nji 
ýylda Horezmi zorluk bilen özüne tabyn edýär. 1040-njy ýylda 
Daňdanakan diýen ýerde seljuklar soltan Mesut Gaznalynyň 
goşunyny uly ýeňlişlere sezewar edýär. Bu söweşden soň, 
Gaznaly döwletiniň bir bölegi, şol sanda Mawerennahr hem 
seljuklaryň eline geçýär. 
Gündogar Seljuk soltanlygyna Soltan Sanjaryň 
hökümdarlyk (1118-1157) edýän döwründe Mawerennahra 
garahytaýlylar çozuş edip başlapdyrlar. Soltan Sanjaryň goşuny 
1141-nji ýylda Samarkandyň golaýynda Katawan diýen ýerde 
garahytaýlylar bilen çaknyşýar we güýçli ýeňlişe sezewar 
bolýar. Garahytaýlylar şonuň yzy bilen Buharany hem 
eýeläpdirler.
1157-njiylda soltan Sanjar aradan çykandan soň 
Gündogarda we Günbatarda birnäçe ownuk eýeçiliklre 
bölünýär. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling