Türkmenistanyň Bilim ministrligi


-80-nji ýyllarda Azerbaýjanyň sosial-ykdysasady we


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet25/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

50-80-nji ýyllarda Azerbaýjanyň sosial-ykdysasady we 
syýasy ýagdaýy 
Uruşdan soňra 1946-nji ýyldan başlap Azerbaýjanda halk 
hojalygyny parahatçylyk esasynda üýtgedip gurmak işleri 
başlanýar. Azerbaýjanyň halk hojalygy gysga wagtyň içinde 
uruşdan öňki derejesinden-de ýokary galýar. Azerbaýjan SSR-iň 
senagatynyň 1950-nji ýyldaky önümi 1940-njy ýyl bilen 
deňeşdireniňde 39 % artyk bolan bolsa, 1958-nji ýylda 1950-nji 
ýyl bilen deňeşdireniňde 1,8 esse köp önüm beripdir. 1969-
1979-njy ýyllarda Sowet Azerbaýjanyň jemi önümi tutuş 
uruşdan soňky döwir bilen (1945-1969) deňeşdireniňde 1,3 esse 
köp bolupdyr. 
1979-njy ýylda Sowet Azerbaýjanyň senagat önümleriniň 
350 görnüşi daşary ýurtlaryň 65-ne eksport edilipdir. Oba 
hojalygynyň umumy önümi rewolusiýadan öňki döwir bilen 
deňeşdireniňde 7 esse artypdyr. 
1969-1971-nji ýyllarda pagtanyň öndürilişi 2,5 esse, 
bugdaý 2,1 esse, üzüm 3,4 esse artdyrylypdyr. 1979-njy ýylda 
maldarçylyk önümleri 1969-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 1,5-2 
esse artyk öndürilýär. 10 ýylyň içinde ilatyň jan başyna düşýän 
milli girdeýji 1,7 esse artypdyr. 
1929-njy ýylda Azebaýjan ýazuwynda arap elipbiýinden 
latyn elipbiýine geçilmegi medeni gurluşykda uly ähmiýete eýe 
bolýar. Täze elipbiýe geçilmegi diňe bir Sowet Azerbeýjanyň 
durmuşynda däl-de, eýsem gündogaryň beýleki halklarynyň 
durmuşynda hem ägirt uly waka bolupdyr. Azerbaýjan SSR-
inde başlanan latyn elipbiýine geçmek hereketi sowet we daşary 
ýurt gündogar halklarynyň 40-a golaýyny öz içine alypdyr. 
Sowet häkimiýeti ýyllary içinde ýurtda ilatyň sowatsyzlygy 


72 
doly ýok edilipdir. Ählumumy başlangyç bilime geçilip orta 
mekdepleriň giň seti döredilipdir.
1914-1915-nji ýyllar bilen deňeşdireniňde Azerbaýjanda 
mekdepleriň umumy sany 3,5 esseden hem köp artypdyr. Diňe 
orta mekdepde okaýan okuwçylaryň sany 9 esse köpelipdir. 
Köp mukdarda tehnikumlar we ýokary okuw mekdepleri 
açylypdyr. Eger 1921-nji ýyllarda bary ýogy iki sany ýokary 
okuw mekdebi bolan bolsa 1940-1941-nji ýyllarda ol san 16-a 
ýetipdir. Olaryň içinde Azerbaýjan Döwlet Uniwersitetini, 
Nebitçilik Institutyny, Oba Hojalyk Institutyny, Mugallymçylyk 
institutyny, konserwatoriýany agzamak bolar. 
Köp sanly azerbeýjan sowet milli intelegensiýasynyň 
kemala gelmegi bolsa ýetilen sepgitdäki esasy üstünlikleriň biri 
diýip bolar. Mysal üçin rewolusiýa çenli bary-ýogy 45 sany 
azerbeýjan lukmany we 12 sany inžener bolan bolsa, onda 
1938-nji ýylda azerbeýjan milli lukmanlaryň sany 1000-e, 
inženerler bolsa 3 müňe ýetipdir. 
1935-nji 
ýylyň oktýabr aýynda SSSR Ylymlar 
akademiýasynyň Azerbeýjan filialynyň açylmagy bolsa ýurtda 
nebitçilik, geologiýa, himiýa, lukmançylyk we ylmyň beýleki 
pudaklarynyň ösmegine getiripdir. 
Azerbeýjan sowet edebiýaty we sungaty hem ösüpdir. 20-
30-njy ýyllarda azerbeýjan dramaturglary- Jafar Jabarlynyň 
(―Sewil‖, ―1905-nji ýyl‖, ―Oduň gelni‖) we Mirza Ibragimowyň 
(―Haýat‖), Şahyrlar- Samed Wurgunyň (―Wagif‖, ―Rot Front‖, 
―Komsomol poemasy‖), Süleýman Rustamyň (―Gijäniň 
romantikasy‖, ―Gaçak Nabi‖), prozaçylar- M. S. Ordubadyň 
(―Dumanly Töwriz‖) we Ragimowyň (―Şamo‖), kompozitorlar 
Y. Gajybekowyň (―Kerogly‖ operasy, ―Arşin mal alan‖ sazly 
komediýasy), M. Magameýewiň (―Nargiz‖ operasy), A. 
Badalbeýliniň (―Gyz galasy‖ atlyilkinji azerbeýjan baledi) we 
beýlekileriň ajaýyp eserleri döräpdir. 


73 
1949-njy ýyla çenli Azerbaýjan SSR-nde mekdepleriň seti 
uruşdan öňki derejesine çenli dikeldilipdir. Obalarda ýediýyllyk 
bilim, şäherlerde bolsa doly orta bilim ugrundaky göreş dowam 
edipdir. Mekdepleriň maddy-tehniki bazasy berkidilipdir. 1952-
1953-nji okue ýylynda respublikada 28 müňden gowrak 
mugallym işläpdir. 
1946-1959-njy ýyllarda ýörite orta we ýokary okuw 
jaýlarynyň seti ep-esli giňeldilipdir. Ýurtda 20 sany ýokary 
okuw mekdebi we 80 sany tehnikum bolup, olarda 50 müňden 
gowrak oglanlar we gyzlar okadylypdyr. Ylymlar akademiýasy 
bilen bir hatarda 81 sany ylmy edaralar işläpdirler. Gazetleriň 
99 görnüşi, şol sanda 8-si respublika möçberinde we 32 žurnal 
çykarylypdyr. 
Ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly 
işleýän hünärment aýal-gyzlaryň sany äşgär ösüpdir. 1961-nji 
ýylda Azerbaýjan SSR-niň ýokary okuw mekdeplerinde 36 
müňden gowrak, tehnikumlarynda 27 müňden gowrak aýal-
gyzlar hünär alypdyr. 
1980-nji ýylda respublikanyň halk hojalygynyň dürli 
pudaklarynda zähmet çekýän adamlaryň 83,2 %-niň ýokary, 
orta we doly däl orta bilimleri bolupdyr. Azerbeýjanyň 
ýaşaýjylarynyň her ikinji ýaşaýjysy okapdyr ýa-da tejribesini 
ýokarlandyrypdyr. Respublikanyň umumy bilim berýän 
mekdeplerinde 107 müňden gowrak mugallym işlän bolsa, 17 
sany ýokary okuw mekdeplerinde 105 müň talyp bilim alypdyr. 
Ýurtda Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylygynda 120-den 
gowrak ylmy barlag institutlary üstünlikli ylmy işleri alyp 
barypdyrlar. Olarda 21,5 müňe golaý golaý ylmy işgärler 
zähmet çekip, olaryň 9 müňe golaýy ylymlaryň doktorlary we 
kandidatlary bolupdyrlar. 


74 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling