Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Azerbaýjanyň garşysyna daşary ýurt interwensiýanyň


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet21/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Azerbaýjanyň garşysyna daşary ýurt interwensiýanyň 
guralmagy we raýatlyk urşy 
Zakawkazýa kontrrewolýusionerleri Sowet häkimiýetiniň 
tutuş Azerbaýjana, soňra bolsa Gruziýa we Ermenistana 
ýaýramagyndan howatyr edipdirler. Şoňa görä Kawkazda 
rewolýusion hereketiň daýanjy bolan Bakuw kommunasyny ýok 
etmäge çalşypdyrlar. Rewolýusýanyň duşmanlary bu meselede 
daşary ýurt interwentleriniň güýjüne daýanmak isläpdirler. Şu 


61 
maksat bilen 1918-nji ýylyň 22-nji aprelinde Zakawkazýe seými 
tarapyndan Zakawkazýa ``garaşsyz federatiw respublika`` diýip 
yglan edilýär. Şol ýylyň maý aýynda bolsa Batumyda german-
türk goşunyny Zakawkazýa çozmagyny kanunlaşdyrýan 
şertnama gol çekilýär. 26-nji maýda bolsa interwentleriň 
talabyna laýyklykda Zakawkazýe seými ýatyrylýar. 1918-nji 
ýylyň 28-nji maýynda Tiblisi şäherinde ýerleşen Azerbaýjan 
milli soweti Azerbaýjany ``garaşsyz demokratik respublika`` 
diýip yglan edýär we Fataly Han-Hoýyň ýolbaşçylygynda 
``milli hökümet`` döredýär. 
Türk interwentleri Ermenistany basyp alyp, Azerbaýjanyň 
üstüne çozýar. 1918-nji ýylyň maý aýynyň ahyrlarynda türk 
goşunynyň şatby general Nury paşanyň ýolbaşçylygynda Genje 
şäherinde berkeýärler. Şol wagtlar Tbilisi şäherinde Genje 
şäherine gelen musawat hökümetini türk goşuny ykrar etmeýär. 
1918-nji 
ýylyň 
17-nji 
iýunynda 
Fataly 
han-Hoýyň 
ýolbaşçylygynda täze musawat hökümeti döredilýär. Bu 
hökümet türk basybalyjylaryň elindäki oýnatgy hökümet 
bolupdyr. 
German-türk interwentleriniň 
Zakawkazýa çozmagy 
Azerbaýjanda Sowet hökümetine düýpli howp salypdyr. 
Interwentler içki kontrrewolýusionerler bilen birleşip, goşunyny 
sowet Bakuwyň üstüne sürüpdirler. Bakuwyň nebitine göz 
gyzdyryp, iňlisler hem Eýranda öz goşunlaryny jemläpdirler. 
Olar Bakuwy basyp almagy göz öňünde tutupdyrlar. 
1918-nji ýylyň 27-nji iýulynda bolşewikleriň umumy 
Bakuw konferensiýasy geçirilip, onda Bakuwy goramaklygy 
dowam etdirmeli diýlen karara gelinýär. Bakuw Halk 
Komissarlar Soweti ähliumumy mobilizasiýa yglan edip
zähmetkeş halky Sowet häkimiýetini goramaga çagyrypdyr. 
Daşnak-menşewik-eserler tarapynyň dönüklük etmegi Bakuw 
Kommunasynyň ýatyrylmagyna getirýär. 1918-nji ýylyň 31-nji 


62 
iýulynda Bakuw Halk Komissarlar Soweti öz ygtyýarlyklaryny 
bes edýär. Netijede, Azerbaýjanda Sowet häkimiýeti 
wagtlaýynça ýykylýar. 
1918-nji ýylyň 1-nji awgustynda eserler, menşewikler we 
daşnaklar Bakuwda kontrrewolýusion hökümeti döredýärler. Bu 
hökümetiň çagyrmagy boýunça 4-nji awgustda Bakuwa iňlis 
goşunynyň otrýady, 17-nji awgustda bolsa iňlis generaly 
Densterwil öz ştaby we goşun bölümleri bilen gelýär. 
Bu wagta çenli türk basybalyjylary Bakuwyň alkymyna 
gelipdirler. 14-nji awgustda gije sowet otrýady, işgärleri, 
kommunistler 17 gämä münüp Bakuwdan sowet Astrahanyna 
tarap 
ýüzüp 
başlaýarlar. 
Emma 
tiz 
wagtda 
kontrrewolýsionerleriň harby gämileri olaryň yzyndan ýetýärler 
we yzlaryna öwrülmäge mejbur edýärler. Sowet goşunlaryny 
ýaragsyzlandyrýarlar, 36 sany sowet we partiýa işgärlerini, 
şeýle hem Bakuw kommisarlaryny tutup, türmä atýarlar. 
1918 – nju ýylyň 13 -njy sentýabyrynda türk goşunlary 
Bakuwa 
tarap 
aýgytly 
hüjüme 
geçip 
başlaýar. 
Kontrrewolýusionerler bilen iňlisler çaltlyk bilen Bakuwy taşlap 
gidýärler. Bakuwy türk interwentleriniň basyp almagyň 
öňsyrasynda Bakuw kommisarlaryny türmeden boşatmak 
başardypdyr. Olar ``Türkmen`` atly gämide Bakuwdan ýene-de 
Astrahana ýüzüp başlapdyrlar. Emma gämidäki sowet 
hökümetiniň duşmançylykly topary gämini Krasnowodska 
(Türkmenbaşy) 
getiripdirler. 
Bu 
ýerde 
şol 
wagtlar 
akgwardiýaçylar we iňlis interwentleri agalyk edipdirler. Bakuw 
kommisarlary duşmanyň eline düşüpdirler. 1918-nji ýylyň 
sentýabr aýynyň 19-yndan 20-sine geçilýän gije iňlis-eser 
wagşylary 26 Bakuw Kommisarlaryny Krasnowodskiniň 
türmesinden äkidip, Akjaguýma bilen Perewal menzilleriniň 
aralygynda 207-nji wýorstlykda wagşylarça atyp öldürýärler. 


63 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling