Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Işçileriň rewolýusion hereketleri


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet18/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Işçileriň rewolýusion hereketleri 
Işçileriň demokratik partiýasynyň döremegi 
 Buržuaz-demokratik rewolýusiýanyň ýeňmegi 
Azerbaýjanyň işçileriniň rus işçileri bilen bir ýerde zähmet 
çekmekleri olaryň biri-birine ýakynlaşmagyna hem-de olaryň 
umumy rus rewolusion- azat edijilik hereketine çekilmegine 
getiripdir. XIX asyryň 70-nji ýyllaryndan Azerbaýjanda 
işçileriň iş taşlaýyşlary başlanýp, olar soňra işçileriň uly 
çykyşlaryna getiripdir. 1891-nji ýylyň dekabrynda şeýle uly 
çykyşlaryň biri Bakuwda bolup, oňa 5.000 adam gatnaşypdyr. 
Emma işçileriň bu çykyşlary özakymlaýyn, guramaçylyksyz, 
diňe ykdysady talaplar bilen çäklenipdir. 
XIX asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalaryndan başlap, 
Azerbaýjanda işçiler hereketi marksistik gurnaklar we toparlar 
bilen aragatnaşyk saklap başlaýar. 1888-nji ýylda Bakuwda 
işçiler gurnagy döredilýär. 1896-1897-nji ýyllarda bolsa ilkinji 
sosial-demokratik 
gurnaklar döredilýär. 1899-njy ýylda 
Bakuwda şeýle gurnaklaryň 6-sy iş alyp barypdyr. Bakuwdaky 
sosial-demokretik gurnaklara gatnaşyjylaryň arasynda Mämmed 


52 
Mämmedýarow, Balaamy Dadaşew, Mir Başir Kasymow we 
beýlekiler ýaly azerbaýjanyň öňdebaryjy işçileri hem bardy. 
XIX asyryň ikinji ýarymyndan başlap, Azerbaýjanda 
progressiw medeniýeti öňe sürýän demokratik pikirli 
intellegensiýa topary hem kemala gelýär. 
XIX asyryň ahyrlarynda Ýewropada başlanan ykdysady 
çökgünlik XX asyryň başlarynda Russiýany hem öz içine 
alypdyr. Bu bolsa öňden hem ýagdaýy pes azerbaýjan işçileriniň 
ýaşaýyş derejesiniň has pese gaçmagyna getiripdir. 
Kärhanlardan işçileriň köpçülikleýin işden çykarylmagy 
işsizligiň artmagyna getiripdir. Diňe 1901-1903-nji ýyllarda 
bakuwly işçileriň 30 %-i diýen ýaly işsiz galypdyrlar. Diňe 
nebit senagatynda işçileriň sany 1901-nji ýylda 35911 adam 
bolanlygyndan, 1903-nji ýylda 26886 adama çenli azalypdyr. 
Gündeki zähmet sagatlary 14-15 sagada çenli artyp, zähmet 
haklary bolsa iň pes derejä getirilipdir. 
Işçileriň we daýhanlaryň ýagdaýlarynyň erbetleşmegi 
rewolusýon syýasy işleriň ýaýbaňlanmagyna şert döredipdir. 
1900-nji ýylyň dekabr aýynda sosial-demokratik gazet bolan 
``Iskra`` gazetiniň ilkinji sanynyň çykmagy Zakawkazýanyň, 
şol sanda Azerbaýjanyň sosial-demokratlarynyň işinde adatdan 
daşary ähmiýete eýe bolýar. 
1900-nji ýylda sosial demokratlar Bakuwda öz işlerini has 
hem giňden ýaýbaňlandyrypdyrlar. 1901-nji ýylyň ýazynda 
Bakuwda ilkinji leninçi-iskraçylar komiteti döredilýär. 
Marksistik edebiýatlary ýaýratmak üçin Bakuwda ``Nina`` atly 
gizlin çaphana döredilýär. Çaphanada leninçilik ``Iskra`` gazeti 
köpeldilip halkyň arasynda ýaýradylypdyr. 
Bu döwürde işçiler hereketi has giň gerim alyp başlaýar. 
1903-nji ýylyň iýulynda Bakuw işçileriniň ähliumumy iş 
taşlaýşy bolup, ol tutuş Zakawkazýa we günorta Russiýa öz 
täsirini 
ýetirýär. 
Azerbaýjan 
proletariatynyň 
arasynda 


53 
guramaçylyk 
we 
syýasy 
işleri 
mundan 
beýläk-de 
ýaýbaňlandyrmak maksady bilen 1904-nji ýylyň ahyrlarynda 
Russiýanyň sosial-demokratik işçiler partiýasynyň (RSDIP) 
Bakuw Komitetiniň ýanynda ``Gummet`` atly sosial-demokratik 
topar döredilýär. 
Bakuw işçileriniň rewolýusýon çykyşlary Azerbaýjanyň 
beýleki ýerlerinde hem synpy göreşleriň ýaýbaňlanmagyna 
itergi beripdir. 1901-1903-nji ýyllarda Şamah uýezdiniň Nawag, 
Bakuw uýezdiniň Zyk, Ahmetli we Maştag obalarynda, 
Ýelizawetpol we Nahiçewan uýezdlerinde daýhanlaryň 
tolkunyşyklary bolup geçýär. Bu döwürde hem gaçaklar 
hereketi daýhanlar hereketiniň esasy görnüşine öwrülipdir. 
1905-nji ýylyň oktýabr aýynda Russiýada bolup geçen 
ähliumumy oktýabr syýasy iş taşlaýyş Azerbaýjana hem öz 
täsirini ýetirýär. 1905-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 226 adamdan 
ybarat işçiler deputatlarynyň Bakuw soweti döredilip, onuň 
düzüminde uly bolmadyk bolşewikler topary hem giripdir. 
Azerbaýjan obalaryndaky agrar hereketler milli-azat 
edijilik hereketi bilen utgaşykly gidipdir. Azerbaýjan milli 
buržuaziýasy bolsa synpy göreşi öz bähbitleri üçin peýdalanjak 
bolup hereket edipdirler. Şu maksat üçin azerbaýjan milli 
buržuaziýasy 1911-nji ýylda özleriniň ``Musawat`` (Deňlik) atly 
milli buržuaz partiýasyny döredýärler. 
1913-1914-nji ýyllarda Azerbaýjanda rewolýusion hereket 
ýene-de güýçlenip başlaýar. 1913-nji ýylda Bakuwda 40 müň 
adamdan ybarat işçi ähliumumy iş taşlaýyş yglan edýärler. Iş 
taşlan işçileriň aglaba köplügi öz iş şertleriniň gowulaşmagyny 
gazanypdyrlar. 
1914-nji ýylyň iýul aýynda I jahan urşy başlanýar. 
Azerbaýjan buržuaziýasy bu urşy goldap çykyş edýär. Sebäbi, 
olar uruşdaky ýeňşi öz peýdalaryna maksat edinýärler. 
Azerbaýjanyň bolşewikler topary bolsa bu urşyň imperialistik, 


54 
talaňçylykly uruşdygyny onuň halkyň bähbidne hiç hili peýda 
getirmeýändigini halkyň arasynda düşündiripdirler. 
Uruş azerbaýjan halkynyň ýagdaýyny öňküsinden-de beter 
agyrlaşdyrypdyr. Bu bolsa zähmetkeş halkyň patyşa 
hökümetiniň, pomeşikleriň we buržuaziýanyň garşysyna 
çykyşlaryny güýçlendiripdir. 1915-nji ýylyň tomusyndan başlap 
işçileriň hereketi has güýçlenip, olar diňe ykdysady talaplary 
däl-de, eýsem syýasy talaplary hem öňe sürüp başlapdyrlar. 
1917-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda Russiýada fewral 
buržuaz-demokratik rewolusiýasy patyşa hökümetini agdarýar. 
Azerbaýjanyň bolşewikleri gizlinlikden çykyp, zähmetkeş 
halkyň arasynda guramaçylyk işlerini alyp barýlarlar. 
Beýleki ýerlerde bolşy ýaly Bakuwda hem wagtlaýyn 
hökümet bilen bir wagtda işçileriň we soldatlaryň 
deputatlarynyň sowetleri döredilýär. Emma Bakuwda we 
Azerbaýjanyň uýezdleriniň köpüsinde sowetleriň düzüminde 
menşewikler we eserler agdyklyk edýärdiler. Netijede, beýleki 
ýerlerde bolşy ýaly Bakuwda we Azerbaýjanyň beýleki 
şäherleriniň köpüsinde iki häkimýetlilik peýda bolýar. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling