Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Azerbaýjanyň Eýranyň agalygyndan halas bolmagy


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet13/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Azerbaýjanyň Eýranyň agalygyndan halas bolmagy 
Azerbaýjan hanlyklarynyň döremegi 
Pýotr I aradan çykandan soň, Russiýanyň içerki we 
daşarky ýagdaýy çylşyrymlaşyp başlaýar. Russiýanyň gündogar 
syýasatyna Angliýa, Fransiýa we Türkiýe garşy durup 
başlaýarlar. Eýranyň hökümdary Nedir şa bolsa Eýranyň 
serhedini öňki ýagdaýyna getirmek ugrunda göreş alyp barýar. 
Ýerli halkyň bolsa täze eýran basypalyjylaryna garşy 
gahar-gazaby has ýitileşip başlaýar. Netijede, XVIII asyryň 40-
njy ýyllarynda Azerbaýjanda Eýranyň garşysyna durýan täze 
halk hereketleriň ojaklarynyň döremegine getirýär. Şeýle 
ojaklaryň biri ýerli feodal Gajy Çelebiniň ýolbaşçylygynda 
Şekide tutaşypdyr. Nedir şanyň gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin 
birnäçe gezek eden synanyşygy başa barmandyr. Şeýle 
gozgalaňlaryň ulusy 1743-nji ýylda Şirwanda hem bolup 
geçýär. 
Eýranyň Azerbaýjanyň garşysyna alyp baran talaňçylykly 
syýasaty ýerli ilatda olara bolan ýigrenji artdyrypdyr. Olaryň 
Russiýa ýakynlaşmak meýlini bolsa güýçlendiripdir. 1743-nji 
ýylda Şirwan gozgalaňynyň eýranlylar tarapyndan basylyp 
ýatyrylmagy we olardan öç alynmagy bolsa azerbeýjanlaryň 
tutuş maşgala bolup Russiýa göçmegini has hem artdyrypdyr. 
XVIII asyryň 40-njy ýyllarynda Eýranyň garşysyna uly halk 
gozgalaňlary Ardabilde we Töwrizde hem bolup geçýär. 
Bularyň ählisi XVIII asyryň 40-njy ýyllaryň ahyrlarynda 


36 
Azerbaýjanda Eýranyň agalygynyň ýok edilmeginde uly rol 
oýnapdyr. 
Azerbaýjanyň Eýranyň agalygyndan azat bolmagy onuň 
taryhynda täze döwrüň-garaşsyz we ýarym garaşly hanlyklaryň 
döwrüniň 
başlanmagyna 
getiripdir. 
Azerbeýjanyň 
territoriýasynda Şeki, Garabag, Kuba, Şemah, Baku, 
Nahiçewan, Genje, Töwriz, Sarab, Ardabil, Hoý, Urmi, 
Garadag, Talyş, Maraga, Maki hanlyklary döreýär.
XVIII asyryň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň eke-täk 
ykdysady merkezi bolmandyr. Bu döwürde hojalygyň natural 
görnüşi agalyk edipdir. Ýerli hanlar, soltanlar, mälikler, begler 
öz hususy özbaşdaklyklary ugrunda alada edip, merkezleşen 
häkimiýetiň bolmagyny islemändirler. Jemgyýetiň esasy 
gatlagyny feodallar we daýhanlar tutupdyr. Olardan başga-da 
şäherlerde hünärmentçiler, täjirler hem ýaşapdyrlar. Ýöne 
natural hojalygyň agalyk edýän ýerinde olar ýurduň 
ykdysadyýetinde-de, jemgiýetçilik-syýasy durmuşynda-da azda-
kände aýgytly rol oýnap bilmändirler. 
Azerbaýjanyň hanlyklarynyň ählisiniň taryhy yzygiderli 
uruşlardan we gandöküşikli köşk agdarylyşyklaryndan doly 
bolupdyr. 
Urmi, Şeki, Garabag, Kuba, Hoý hanlyklary has kuwwatly 
hanlyklar hökmünde öňe saýlanyp, olaryň içinde XVIII asyryň 
ortalaryndan başlap Urmi hanlygy has tapawutlanyp başlaýar. 
Bu hanlygy esaslandyran Fataly han Azerbaýjanda bitewi 
döwlet döredip, onuň başynda bolsa özi durmak isläpdir. Ol 
maksadyna 
ýetmek 
üçin 
özüniň 
harby 
kuwwatyny 
güýçlendirmegiň çärelerini geçiripdir. Oňa Nedir şanyň öňki 
goşun serkerdesi owganly Azat hany 15 müň goşuny bilen öz 
tarapyna çekmek başardypdyr. Fataly hana aňsatlyk bilen 
Garadag, 
Maraga, 
Töwriz 
hanlyklary 
we 
Günorta 
Azerbaýjandaky 
ownuk 
feodallaryň 
birnäçesini 
öz 


37 
hökümdarlygyna birleşdirmegi başarypdyr. Fataly han birnäçe 
hanlyklary özüne tabyn edenden soňra, tutuş Zakawkazýany 
tabyn etmek ugrunda çalşypdyr.
Ol Kahetiýa, Ýerewan we Garabag hanlyklaryň hem 
özüne tabyn bolmagyny talap edipdir. Emma olar tabyn 
bolmakdan boýun gaçyrypdyrlar. Netijede, Fataly han 1751-nji 
ýylyň ýazynda uly goşuny bilen Ýerewan galasyny gabaýar. 
Kahetiýanyň patyşasy Irakliý II gabalan Ýerewana kömek 
kömek üçin öz goşunyny iberýär. Muňa jogap edip Fataly han 
öz goşunyny gabawdan aýyryp, Kahetiýa tarap ugraýar. Söweş 
Urmi goşunlarynyň peýdasyna gutarýar. Fataly han ýeňlen 
tarapdan girewine adam we kontribusiýa (pul) alýpdyr. 
1756-njy ýylda Fataly han Garabag hanlygyny, soňra 
bolsa Talyş hanlygyny we Kutkaşen soltanlygyny öz 
tabynlygyna geçirýär. 
Şol döwürde Demirgazyk Azerbaýjanda Şeki hanlygyny 
esaslandyryjy Gajy Çelebiniň abraýy galyp başlaýar. Ol hem öz 
töweregindäki hanlyklary birleşdirmek ugrunda göreş alyp 
barypdyr. Ilkibaşda oňa Kabal we Arzeş soltanlyklaryny 
birleşdirmek başardypdyr. Emma onuň Genje, Garabag we 
Şemah hanlyklaryny birleşdirmek ugrunda alyp baran uruşlary 
netijesiz gutarypdyr. 1755-nji ýylda Gajy Çelebi aradan 
çykandan soň Şeki hanlygy belli bir derejede öz kuwwatyny 
ýitiripdir. 
Garabag hanlygyny Panak Aly han esaslandyrypdyr. Onuň 
gurduran Şuş galasy hanlygyň paýtagty bolup daşarky 
duşmanlaryň çozuşlarynyň hötdesindan gelmegi başarypdyr. 
Ybragim hanyň dolandyran döwründe (1763-1805) Garabag 
hanlygyň abraýy ýene-de has ýokary galypdyr. 
Kuba hanlygy Fataly han Kubalynyň dolandyran 
döwründe (1758-1789) azerbeýjan ýerlerini birleşdirmek 
ugrunda Zakawkazýada uly rol oýnapdyr. Gysga wagtyň içinde 


38 
ol Salýan soltanlygyny, Derbent, Baku we Şemah hanlyklaryny 
özüne birleşdiripdir. Şeki hanlygy hem Kuba hanlygyna garaşly 
edilipdir. Netijede, Kuba hanlygy XVIII asyryň 60-njy 
ýyllarynda Azerbaýjanda iň kuwwatly hanlyklaryň birine 
öwrülipdir. Şoňa görä hem 1769-njy ýylyň rus-türk urşy mahaly 
Türkiýe Kuba hanlygyny öz tarapyna çekmäge çalşypdyr. 
Emma Fataly han Türkiýäniň bu teklibini düýbinden ret edipdir. 
Ol Russiýa bilen ýakynlaşmagyň ýollaryny gözläpdir. Ol 1774-
nji ýylda Peterburga öz wekillerini ugradyp Russiýa 
döwletinden 
demirgazyk-gündogar 
Azerbaýjany 
öz 
howandarlygyna almagyny haýyş edipdir. Emma şol ýylyň 
özünde Fataly han Azerbaýjanyň we Dagystanyň iri 
feodallarynyň bileleşiginden ýeňlişe sezewar bolýar. Diňe 
Russiýa döwletiniň kömegi netijesinde Fataly hana 
Azerbaýjanyň demirgazyk-gündogar ýerlerinde berkemeklik 
başardypdyr. 1787-nji ýylda Fataly han öz ilçisi Mürze Sadyk 
Muhammet Weliýewiň üsti bilen Russiýanyň imperatory 
Ekaterina II hat üsti bilen ýüz tutupdyr. 
Fataly hanyň döwründe onuň agalyk edýän Azerbaýjan 
ýerleri daşarky duşmanlaryň çozuşlaryndan halas bolupdyr. 
Emma ol ölenden (1789) soň, onuň garamagyndaky hanlyklar 
tiz wagtda dargapdyr. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling