Türkmenistanyň Bilim ministrligi


III BÖLÜM  Azerbaýjan XVI-XVIII asyrlarda


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet11/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

III BÖLÜM 
Azerbaýjan XVI-XVIII asyrlarda 
 
Azerbaýjan sefewiler döwründe
Osmanly-sefewi urşy 
Sefewi türkmenleriň hökümdarlygyny XVI asyryň 
ahyrlarynda Ysmaýyl I (1502-1524) esaslandyrýar. 1500-1501-
nji ýylda Sefewiler Şirwan şasy Farruh Ýasaryň goşunyny 
derbi- dagyn edip Semahy we Bakuwy eýeleýärler. Soňra bolsa 
günorta tarap Nahiçewana süýşýärler. Bu ýerde 1501-nji ýylda 
Ysmaýyl Akgoýunly döwletiniň esasy güýjüni ýeňlişe sezewar 
edýär. Ol şol ýylyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda Töwrize 
girýär. Şol ýerde şa täjini geýmek bilen özüni Azerbaýjanyň 
şasy diýip yglan edýär. Ysmaýyl şa döwletiň paýtagty edip 
Töwriz şäherini saýlaýar. 
XVI asyryň başlarynda Merkezi Aziýada Temirler 
döwletini ýykan Muhammet Şeýbany han (1500-1510) güýçli 
döwlet gurup, Sefewiler döwletiniň garşysyna durýar. 1518-nji 
ýylda Ysmaýyl şa Şeýbany hany ýeňip, Horasany Şeýbanylaryň 
elinden alýar. Sefewileriň günbatara süýşmegi bolsa Osmanly 
döwleti tarapyndan güýçli garşylyga sezewar bolýar. Şeýlelikde, 
1514-nji ýylda Çaldyran düzlüginde gazaply söweş bolup, 
söweşde Ysmaýyl I goşuny soltan Selim I goşunyndan ýeňilýär. 
Şol söweşden soň, ysmaýyl şa uly söweşlere gatnaşmandyr we 
1524-nji ýylda 35 ýaşynda tarpa-taýyn aradan çykypdyr. Tagta 
Ysmaýylyň ogly Tahmasp I (1524-1576) çykypdyr. 
Tutuş XVI asyryň dowamynda Osmanly döwleti 
Azerbaýjany basyp almak meýlinden el üzmändir. Osmanly 
hökümdary soltan Süleýman Azerbaýjanyň üstüne dört gezek 
(1534, 1535, 1548, 1554) ýöriş edipdir. 
Söweşiň gidişinde osman goşunlary Töwriz şäherini basyp 
alýarlar we rehimsizlik bilen talaýarlar. Urşuň netijesinde 1555-


32 
nji ýylda Amasýa şäherinde iki döwlet arasynda ýaraşyk 
şertnamasyna gol çekilýär. Şertnama boýunça Gündogar 
Ermenistan, Gündogar Gürjüstan we Azerbaýjan Sefewiler 
döwletiniň düzüminde galýar. Osmanly döwletiniň Azerbaýjany 
basyp alyp, Kaspiý deňziniň kenarlaryna çykmak meýli başa 
barmaýar. 
1576-njy ýylda Tahmasp I ölenden soň, onuň ogullarynyň 
tagt ugrundaky özara dawalary başlanýar. Ýokary gatlak 
wekilleriniň goldamagynda tagta Ysmaýyl II (1576-1577) 
çykýar. Emma ol ýyl ýarym geçensoň dildüwşülip öldürilýär. 
Sefewiler döwletiniň içki agzalalygyndan Osman soltany 
Myrat III peýdalanypdyr. 1578-nji ýylda ýüz müň adamdan 
ybarat osman goşuny Zakawkazýa çozýar. Netijede, on iki ýyla 
çeken uruş başlanýar. Basyp alyjylar Şemahy, Derbendi we 
Şirwany alýarlar. Şol bir wagtda Osmanlylary goldap 
Sefewileriň üstüne Krym hanlygy hem çozuş edýär. Sefewiler 
bir wagtyň özünde hem Osmanly döwletiniň hem Krym 
hanlygynyň garşysyna göreşmeli bolupdyr. 
Osman soltany Myrat III uly ýitgiler çekip, tutuş 
Zakawkaziýany şeýle hem Azerbaýjany basyp alypdyr. 1590-
njy ýylda Stambul şertnamasy boýunça Sefewiler döwletiniň 
patyşasy Abbas I (1587-1629) Azerbaýjanyň günorta-gündogar 
böleginden galanyny Osman döwletine bermäge razy bolýar. 
Osman döwletiniň Azerbaýjany basyp almagy XVII asyryň 
başlaryna çenli dowam edipdir. Azerbaýjanyň territoriýasyndan 
Osman goşunlaryny çykarmak maksady bilen Abbas I birnäçe 
reformalary geçirýär. Ol Azerbaýjanyň tertip-düzgünli 
goşunyny döredýär. Merkezi häkimiýeti berkidýär. 1598-nji 
ýylda Sefewiler döwletiniň paýtagtyny Kazwinden Eýranyň 
Yspyhan şäherine geçirýär. Abbasylaryň döwründe döwlet dili 
azerbaýjan dili bolupdyr. 


33 
1607-nji ýylda Abbas I Osmanly döwletinden tutuş 
Azerbaýjany, şeýle hem Ermenistanyň we Gürjistanyň bir 
bölegini yzyna almagy başarýar. 
Osman-sefewi urşy ara wagt salnyp, tä 1639-njy ýyla çenli 
dowam edýär. Urşuň netijesi Sefewiler döwletiniň ýeňşi bilen 
gutarýar. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling