Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Seljuklaryň Azerbaýjanyň ýerlerine aralaşmaklary


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet7/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Seljuklaryň Azerbaýjanyň ýerlerine aralaşmaklary 
XI asyryň birinji ýarymynda Azerbaýjanyň üstüne 
alanlar‚ ruslar‚ sarirler ýaly dürli taýpalar bilen birlikde 
Wizantiýa imperiýasynyň goşuny hem birnäçe gezek çozuş 
edipdirler. Bu bolsa ýurdyň gowşamagyna getiripdir. Olaryň 


23 
yzysüre bolsa Azerbaýjanyň üstüne Beýik Seljuk türkmen 
döwletiniň ýörişi başlanýar. 
Seljuklaryň garşysyna Töwriz‚ Hoý‚ Şemah we Salmas 
şäherleriniň ilaty näçe garşylyk görkezseler hem basyp 
alyjylaryň öňünde durup bilmändirler. XI asyryň 40-70-nji 
ýyllatynda seljuklar Azerbaýjanyň üstüne birnäçe gezek 
tozduryjylykly ýörişleri geçirip‚ ýurdyň ykdysadyýetine uly 
zyýanlary ýetiripdir. Ilkinji nobatda oba hojalygy we daýhanlar 
uky zyýan çekipdir. 
Netijede, XI asyryň 70-80-nji ýyllarynda Azerbeýjan 
Zakawkazýanyň beýleki ýurtlary bilen birlikde Srljuklar 
döwletiniň ýapjasyna öwrülýär. Mundan beýläk-de seljuklar 
Azerbaýjanyň taryhynda esasy orny oýnap başlapdyrlar. Ýurdyň 
ykbaly Seljuklar döwletiniň ykbaly bilen bagly bolupdyr. 
XI-XII asyrlarda Azerbaýjanda ýerli ilat seljuklaryň we 
feodallaryň garşysyna birnäçe gezek gozgalaňlary hem 
turzypdylar. 1064-nji ýylda Hoý‚ 1132-1134-nji ýylda Ardabil 
şäheriniň ilaty seljuklaryň garşysyna aýaga galypdyrlar. 1110-
njy ýylda Baýlakan şäherinde gozgalaňçylar şäheriň emirini 
öldürip‚ şäheri özleri dolandyryp başlapdyrlar. Gozgalaňçylar 
birnäçe aýlap seljuk goşunynyň gabawyny yzyna serpikdiren 
bolsalar hem deň bolmadyk söweşde ýeňlişe sezewar edilýär. 
Beýik Seljuklar döwletiniň dargamagy (1118-nji ýyl) 
netijesinde Azerbaýjanyň ýerleri Yrak Seljuk soltanlygynyň 
(1118-1194-nji ýyl) düzümine geçýär. 
XI-XII asyryň wakalary Azerbaýjanyň etnik toparyna hem 
öz täsirini ýetiripdir. Dürli taýpalar ýurduň teritoriýasynda ýerli 
halkyň emele gelmeginde oguz we beýleki türki taýpalar esasy 
orny eýeläpdirler. Azerbaýjanyň ýerlerine XI asyryň birinji 
ýarymynda oguzlar‚ XII asyryň ikinji ýarymynda bolsa 
gypjaklar has köpçilikleýin ýagdaýda gelip başlaýarlar. Ol 
Azerbaýjanda ýerleşmek bilen yuwaş-yuwaşdan ýerli ilat bilen 


24 
goşulyşypdyrlar. Bu bolsa ýerli ilatyň diliniň türkleşmegini 
güýçlendiripdir we ahyrky netijede azerbeýjan halkynyň 
jebisleşmegine getiripdir. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling