Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet10/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 
Medeniýet we ylym 
VII-X asyrlarda Azerbaýjanyň medeniýeti mundan 
beýläkde ösüpdir. Bu döwürde Azerbeýjanda mekdepler bolup‚ 
olarda ilatyň dürli gatlaklarynyň çagalary okadylypdyr. VII-VIII 
asyryň sepgitlerinde araplaryň gelmegi bilen öňki dowam edip 
gelýän ýerli hat-ýazuw arap hat-ýazuwy bilen çalşyrylypdyr. 
VII 
asyrdan soň‚ azerbeýjan medeniýetine musulman 
medeniýati öz täsirini ýetirip başlapdyr. Musulman medeniýeti 
VIII-X asyrlarda has güýçlenipdir. Arap elipbiýsi Azerbaýjanda 


29 
XX asyryň 20-nji ýyllaryna çenli ulanylyp gelnipdir. Ýurtda 
mekdepler açylyp‚ olarda sapaklar arap dilinde geçilipdir. 
Matematika‚ medisina‚ astronomiýa‚ filosofiýa‚ geografiýa we 
beýleki dünýewi ylymlar uly ösüşlere eýe bolupdyr. Emma 
okuw okamak diňe barly adamlaryň çagalaryna ýetdiripdir. Bu 
döwürde Azerbaýjanda binagär.ilik we gurluşyk sungaty hem 
ösüpdir. Muňa mysal edip şol döwürlerde gurlan şäher gorag 
diwarlaryny‚ galalary‚ kerwen.saraýlary‚ köprüleri we 
beýlekileri görkezmek bolar. Şeýle ýadygärlikler Azerbaýjanyň 
Barda‚ Genje‚ Ardabil‚ Kabala şäherlerinde saklanyp galandyr. 
Arahs derýasyndan geçýän birinji Hudaferin köprüsi baryp VII 
asyrda gurlan köprüdir. Azerbaýjanda şol döwürde metjitleriň 
gurluşygy hem giňden alnyp barlypdyr. 
XI-XII asyrlar Azerbaýjanda feodal medeniýetiniň ösen 
döwri bolupdyr. Bu ýüzýyllyklarda Azerbeýjan dünýä belli 
akyldarlary‚ şahyrlary‚ alymlary orta çykarypdyr. Olaryň 
arasynda belli alym Abu Ali ibn Sinanyň okuwçysy filosof 
Bahmanýary,orta asyrda belli bolan Bagdatdaky `Nyzamyňe` 
uniwersitetinde sapak beren filosof‚ dilçi Hatib Töwrizini, 
taryhçy Masud ibn Namdary, belli şahyrana zenan Mahesti 
Genjewini, gurlan binalary biziň günlerimize çenli gelip ýeten 
binägärler Muhammet ibn Abu-Behri‚ Ajemi Abu-Bekri‚ Amir 
ad-din Masudy‚ Abu Mansur ibn Musany görkezmek bolar. 
Nyzamy Genjewi (1141-1209) hem şol döwürde öz 
döredijiligi bilen dünýä edebiýatynyň altyn fonduna giren beýik 
akyldarlaryň biridir. Ol tutuş gündogar poeziýasynyň ösmegine 
öz täsirini ýetiripdir. Emyr Hosrow Dehlewi‚ Abdyrahman 
Jamy‚ Alyşir Nowaýy‚ Muhammet Fizuly ýaly şahyrlar öz 
döredijilik işlerinde onuň agzyna öýkünipdirler. Nyzamy diňe 
bir şahyr bolmak bilen çäklenmän‚ eýsem adalatçylyga‚ 
deňsizlige‚ ýokary gatlaklaryň eden etdiligine garşy hem göreş 
alyp barypdyr. 


30 
XI-XII asyrlarda jaý gurluşyk sungaty hem ösüpdir. 
Nahiçewan‚ Şirwan‚ Aran ussalarynyň guran binalary diňe bir 
öz ýurtlarynda däl-de, eýsem Merkezi we Kiçi Aziýada‚ 
Eýranda we beýleki ýurtlarda hem tanalypdyr. Şol döwürlere 
degişli Baku galasy‚ Apşeron‚ Nahiçewanda gurlan Ýusup ibn 
Kuseýir‚ Zermiýdäki Üç gümmez‚ Maragadaky Geý gümmez 
diňleri‚ şeýle hem dünýä binägärlik we gurluşyk sungatynyň 
özboluşly ýadygärligi bolan Bukuwdaky Gyzlar Diňi biziň 
günlerimize çenli gelip ýeten taryhy ýadygärliklerdir. 
Amaly-haşam sungaty uly ösüşe eýe bolupdyr. Şäherlerde 
we obalarda ady belli aýdymçylar we sazandalar bolup‚ olar 
dürli halk aýdymlaryny aýdypdyrlar. Şol döwürde halk arasynda 
ýörgünli bolan- nagara‚ naý‚ zurna‚ tüýdük‚ kemençe ýaly saz 
gurallary şu günki güne çenli gelip ýetipdir. Aýdym‚ saz we 
tans ähli baýramçylyklaryň bezegi bolupdyr. 
XIII-XIV asyrlarda azerbaýjan poeziýasynda eserleri 
azerbaýjan dilinde ýazmak meýli döräp başlaýar. Yzzadin 
Gasan ogly, Gazy Burhaneddin ýaly belli şahyrlar öz eserlerini 
azerbeýjan dilinde ýazypdyrlar. Imameddin Nesimi XIV asyryň 
ahyrlarynda XV asyryň başlarynda ýaşap geçen beýik 
azerbeýjan şahyry bolup, ol öz döwründe feodal jemgiýetinde 
dowam edýän deňsizlige, adalatsyzlyga, eden- etdilige we dini 
nadanlyga garşy aýgytly göreşipdir. Bu erkin pikirleri üçin ol 
1417-nji ýylda jezalandyrylyp öldürilipdir. 
Azerbaýjanda ylym hem ösüpdir. 1259-njy ýylda 
Maragada Nasreddin Tusy tarapyndan belli obserwatoriýa 
esaslandyrylýar. Tusy astronomiýa ylmy boýunça diňe bir 
Gündogarda tanalman, eýsen Ýowropada hem giňden 
tanalypdyr. 
Onuň 
obserwatoriýasynda 
dünýäniň 
köp 
ýurtlarynyň alymlary işläpdirler. Töwrizde kitaphana döredilip, 
onda Eýranyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Gresiýanyň gymmat 
bahaly golýazmalar kitaby saklanypdyr. 


31 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling