Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Birinji rus rewolýusiýasynyň Özbegistana täsiri
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Birinji rus rewolýusiýasynyň Özbegistana täsiri
1905-907-nji ýyllarda bolup geçen birinji rus rewolýusiýasy Özbegistana hem öz täsirini ýetitipdir. Ýurduň senagat şäherlerinde, obalarynda patyşa Russiýasynyň alyp barýan syýasatyndan nägile halk köpçüligi sosial demokratik guramalaryň täsirinde bolmak bilen, rewolýusion hereketlere işeňňirlik bilen gatnaşypdyrlar. 1907-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň ýerlerinde hem rewolýusion hereketler basylyp ýatyrylýar. Patyşa hökümeti rewolýusion herekete gatnaşanlardan rehimsizlik bilen öç alypdyr. Reaksiýa ýyllarynda (1907-19010) sosial demokratik guramalar dargadylypdyr. Olaryň işeňňir ýolbaşçylarynyň bir bölegi tutulypdyr, beýlekileri bolsa, sürgün edilipdir. 1908-nji ýylyň sentýabr aýynyň başlarynda Türküstan general-gubernatorynyň buýrugy 134 bilen ýurtda çykýan "Daşkent kurýeri", "Türküstan durmuşy", "Samarkant" ýaly progressiw gazetler ýapylypdyr. Reaksiýa ýyllarynda şäherlerde we obalarda işçi- daýhanlaryň ýagdaýynyň mundan beýläk-de agyrlaşmagy sebäpli synpy gapma-garşylyklar ýitileşip başlapdyr. Kärhanalaryň köpüsinde iş güni 13 sagada çenli ýetirilipdir. Işçilere salynýan jerimeler agyrlaşdyrylypdyr, iş haklary pese düşürlipdir. Rewolýusion pikirli işçileriň ýüzlerçesi işlerinden boşadylypdyr we gara sanawa girizilipdir. Pagta arassalaýjy zawodlaryň we dag-magdan senagaty kärhanalarynyň işçileriniň ýagdaýy has hem agyr bolupdyr. Daýhanlaryň bergileri ýyl-ýyldan artypdyr. Reaksiýa ýyllarynda Türküstanda milli eziş has hem güýçlenipdir. Bu döwürde häkimet tarapyndan goldanylýan "Türküstan serkerdeleriniň soýuzy", "Rus halkynyň soýuzy" ýaly milletçi guramalar hereket edip başlapdyrlar. Olaryň garşysyna esasan hem ýerli intelligensiýadan çykan buržuaz milletçi toparlar güýçlenip başlapdyr. Bu döwürde Türküstan, Buhara we Hywa žadidleri ýaly milli buržuaziýasynyň bähbidini goraýan toparlar hem janlanyp başlapdyrlar. Türküstanyň žadidleri ýurtda patyşa hökümetiniň dolandyryşyny gowulandyrmak boýunça käbir reformalary geçirmegi, ýerli buržuaziýanyň hukugyny rus buržuaziýasynyň hukugy bilen deňleşdirmegi, Türküstana Russiýadan daýhanlaryň göçürilip getirilmegini bes etmegi we şuňa meňzeşleri talap edipdirler. Ýerli buržuaziýa patyşa hökümetiniň öňünde bu talaplary goýmak bilen özlerini tutuş özbek halkynyň umumymilli bähbidini goraýan hökmünde görkezipdir. Žadidleriň has sagçy topary Russiýadan bölünip, dini mezhebi ýakyn bolan Türkiýä döwleti bilen ýakynlaşmagyň tarapdary bolupdyr. 135 Žadidler rewolýusiýadan gorkupdyrlar. Olar rewolýusion herekete we işçileriň iş taşlaýyşlaryna garşy bolupdyrlar. 1905- 1907-nji ýyllaryň rewolýusiýasynyň tejribesi Türküstanyň milli buržuaziýasynyň patyşa Russiýasy bilen ýakynlaşmagyna getiripdir. Buhara hem-de Hywa žadidleri Türküstan žadidlerinden käbir taraplary bilen tapawutlanypdyrlar. Çünki, Buharada we Hywada žadizmiň döremeginiň käbir başga taryhy şertleri bolupdyr. Bu ýerlerde orta asyr feodal ezişleri we din has güýçli bolupdyr. 1905-1907-nji ýyllaryň rewolýusiýasy Buhara žadidleriniň progressiw özgerişleri geçirmek ugrunda çalyşmaklaryny güýçlendiripdir. Şoňa görä hem, şol döwürlerde Buhara we Hywa žadidleriniň alyp baran işleri progressiw häsiýete eýe bolupdyr. Sebäbi olar emirleriň we hanlaryň eden-etdiligini hem-de feodal gurluşy ýok edip, ýurtda buržuaz özgerişleri geçirmegi maksat edinipdirler. Türküstanda rewolýusion pikirli işçileriň köpçülikleýin tutulmagy we ýurtdan sürgün edilmegi bilen, olaryň rewolýusion çykyşlarynyň öňüni alyp bolmandyr. 1907-nji ýylyň sentýabrynda Kaunçy şugundyr-gant zawodynyň işçileri, 1908-nji ýylyň maýynda bolsa, Daşkendiň demirýolçylarynyň iş taşlaýyşlary bolup geçýär. 1909-njy ýylyň aprel aýynda mis känleriniň işçileri öz hal- ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyny talap edip iş taşlaýarlar. Oba daýhanlary hem salgyt tölemekden ýüz öwrüp, yzygiderli çykyşlary gurap durupdyrlar. 1912-nji ýylyň tomsunda goşunda hem rewolýusion hereketler güýçlenipdir. Daşkent, Termez, Samarkant harby rewolýusion guramalary özleriniň gizlin hereketlerini has güýçlendirip başlapdyrlar. Bu guramalar esgerleriň arasynda rewolýusion edebiýatlary ýaýradypdyrlar. Olar ýaragly gozgalaňa çagyrýan syýasy gürrüňdeşligi geçiripdirler. 136 1912-nji ýylyň birinji iýulynda Daşkent şäherinde başlanan sapýorlaryň (harby gurluşyk bölümleriniň harby gullukçylary) gozgalaňy diňe bir Türküstanda däl-de, eýsem bütin ýurtda uly waka bolupdyr. Sapýorlar ýaraga ýapyşypdyrlar. Gozgalaň turuzan sapýorlaryň sany 300 adamdan ybarat bolupdyr. Emma olar takyk meýilnamasynyň, tejribeli ýolbaşçylarynyň bolmandygy sebäpli, guramaçylyksyz hereket edipdirler. Deň bolmadyk göreş 2-nji iýulyň daňdanyna çenli dowam edipdir. Ahyrda gozgalaň basylyp ýatyrylypdyr. Patyşa häkimiýeiti gozgalaň turuzan esgerlerden gazaply öç alypdyr. 14 adama ölüm jezasy berilipdir. 18-si ömürlik sürgüne, 62-si bolsa on bäş ýyl sürgüne, galanlary bolsa dürli möhletler bilen sürgüne höküm edilipdir. Sapýorlaryň gozgalaňy basylyp ýatyrylan hem bolsa, ýerlerde gozgalaňlaryň wagtal-wagtal bolup durmagy dowam edipdir. 1914-nji ýylda Türküstanda rewolýusion tolgunyşyklar täzeden başlanypdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling