Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Buhara we Hywa hanlyklarynda halk köpçüliginiň ýagdaýy
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Buhara we Hywa hanlyklarynda halk köpçüliginiň ýagdaýy
1873-nji ýylyň 18-nji sentýabryndaky Russiýa bilen Buharanyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda Buhara öz garaşsyzlygyny gutarnykly ýitiripdi. Buhara emiri özüniň syýasy özbaşdaklygyny ýitiren hem bolsa, öz raýatlarynyň üstünden çäklendirilmedik häkimiýetini saklap galypdyr. 1885-nji ýylda emiriň we onuň hökümetiniň üstünden gözegçilik etmek maksady bilen Buharada "Rus imperatorlygynyň" syýasy agentligi döredilýär. Bu agentlik patyşa Russiýasynyň resmi wekilýeti bolup, onuň üsti bilen goňşy Türküstan we Buhara emirligi bilen gatnaşyklar ýola goýulypdyr. Mundan başga-da, syýasy agent rus-owgan serhediniň ýagdaýyna gözegçilik etmäge hem borçly bolupdyr. 137 XIX asyryň ahyrlarynda Buhara emirligi 28 sany welaýatdan ybarat bolupdyr. Buhara şäheriniň aýratyn adminstratiw-dolandyryş statusy bolup, ol birinji ministriň (Kuşbegi) garamagynda bolupdyr. Her bir welaýatyň başynda begler durup, olary emir belläpdir. Buhara feodal döwletiniň esasy wezipesi emirigiň we onuň çinownikleriniň peýdasyna köp mukdarda salgyt ýygnamak bolupdyr. Hanlykda salgytlaryň iki esasy görnüşleri bolupdyr: heraç (ýaragdan alynýan salgyt) we zekat (mallardan we söwdadan alynýan salgytlar). Emma olardan başga-da, hiç kim tarapyndan hasaba alynmadyk we çäklendirilmedik salgytlaryň köp ýygymlary hem dowam edipdir. Salgyt ýygnamaklyk köplenç ýagdaýlarda aç-açan talamak, gödek zorluklar we gorkuzmak ýagdaýna geçipdir. Buharanyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda musulman ruhanylary uly rol oýnapdyrlar. Ýokary suduň başynda ruhany durupdyr. Ruhanylar wakuf ýerlerinden gelýän girdejilerden hem-de dindarlaryň haýyr-sahawatyndan peýdalanypdyrlar. Feodal gatlagyň, we diniň ýokary gatlagynyň wekilleri hem- de iri ýer eýeleri ilatyň esasy bölegi bolan daýhanlary rehimsizlik bilen ezipdirler. Şol döwürde hanlyň ilatynyň 85%- ni daýhanlar düzüpdirler. Daýhanlaryň uly bölegi oturymly ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Daýhanlaryň öz ýerleri bolmandygy sebäpli döwlet, wakuf we mülk ýerlerini kärendesine alypdyrlar. Netijede, olaryň öndüren önümleriniň agramly bölegi çinownikleriň we ruhanylaryň peýdasyna berlipdir. Şäher ilatynyň esasy bölegini hünärmenler we söwdagärler tutupdyrlar. Hünärmenler we ownuk söwdagärler hem ýokary salgyt tölemäge mejbur edilipdir. Buhara emirliginiň patyşa Russiýasynyň protektoratyna öwrülmegi ýurtda agyr kolonial ezlişlere getiren hem bolsa, emirligiň sosial-ykdysady we 138 syýasy ösüşinde käbir progressiw netijeleri beripdir. Emirlikde gulçulyk we gul söwdasy ýatyrylypdyr. Buharada hayrt-pul gatnaşyklary ilkinji nobatda pagtaçylyk pudagynda ösüpdir. Munuň beýle bolmagynda Merkezi Aziýa demir ýol gurluşygy hem belli bir derejede täsir edipdir. Şonuň netijesinde Buhara bilen Russiýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklar güýçlenipdir. 1865-nji ýylda olaryň haryt dolanyşygy 5,2 mln. manat bolanlygyndan 1913-nji ýylda 66,6 mln. manada ýetipdir. Buhara rus kapitaly giňden aralaşypdyr. Ol ýerde birnäçe rus banklarynyň bölümleri ulag we ätiýaçlandyryş edaralary we beylekiler peýda bolupdyr. 1914-nji ýylda ýurtda uly bolmadyk 60 sany senagat kärhanalary hasaba alnypdyr. Buharada jemgyýetiň täze synplary bolan milli buržuaziýa we ýerli milli işçiler synpy kemala gelipdir. Emma bulara garamazdan Buhara öňküsi ýaly feodal gurluşly döwlet bolmagynda galypdyr. Buhara buržuaziýasy rus buržuaziýasy bilen deňeşdireniňde örän gowşak bolupdyr. Şoňa görä-de Buhara işçileri hem gowşak bolupdyr. XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Buhara emirliginde halk köpçüliginiň ýagdaýy erbetleşipdir. Zähmetkeş halka salynýan yzygiderli salgytlar, çinownikler tarapyndan mejbur edilyän tölegsiz zähmetleri we şuňa meňzeşler olaryň tozmagyna getiripdir. Netijede, 1871-nji ýylyň mart aýynda Güzaryň eteklerinde, şol ýylyň özünde Garşyda ilatyň garyplaşan toparynyň gozgalaňlary bolup geçýär. 1885-1886-njy ýyllarda Şirabat daýhanlary agyr salgytlaryň salynmagyna garşy çykyş edýärler. XX asyryň başlarynda Buhara emirliginde daýhanlar hereketi mundan beýläk hem dowam edipdir. 1905-1907-nji ýyllarda Russiýa we goňşy Türküstanda bolup geçen rewolýusiýanyň täsiri astynda Gissar, 139 Kulýap, Baljuwan we beýleki begliklerde daýhanlar tolkunşyklary bolup geçýär. Daýhanlar hereketi soňky ýyllarda hem dowam edipdir. 1873-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky şertnama laýyklykda Hywa hanlygy özbaşdak daşary syýasat ýöretmekden mahrum edilýär. Hanlyk bilen aragatnaşyklar etmek we onuň işine gözegçiligi ýola goýmak üçin ýedi adamdan ybarat maslahat (sowet) döredilýär. Olaryň dördüsi patyşa adminstrasiýasynyň, üçüsi bolsa, Hywa hanlygynyň (han, diwanbeg we mehter) wekilleri bolupdyr. Maslahatyň has wajyp kararlary Türküstan general-gubernatorlygy tarapyndan tassyklanmaly bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde ol maslahatyň agzalaryny hem belläp we aýryp bilipdir. Amyderýa bölüminiň Türküstana birikdirilmegi bilen maslahat ýatyrylypdyr. Netijede, Russiýanyň Hywa hanlygyndaky diplomatik wekili bolsa, şol bir wagatayň özünde Amyderýa bölüminiň hem başlygy bolupdyr. Ol bir wagtyň özünde ýurduň dolandyrylyşyna we hanyň iş hereketlerine hem gözegçiligi ýerine ýetiripdir. Hywa hanlygynyň jemgyýetçilik syýasy gurluşy 1873-nji ýyldan soň hem kän bir üýtgemändir. Hywa hanlygy feodal monarhiýasy görnüşinde dolandyrylyp, onuň başynda han durupdyr. Hanyň elinde çäklendirilmedik adminstratiw kazyýet we harby häkimiýet jemlenipdir. Hywanyň dolandyryjy topary ýurduň döwlet gurluşynda we jemgyýetçilik durmuşynda köne tertip-düzgünleriniň saklanylmagynyň tarapdary bolupdyr. Emma Hywa hanlygynyň üstünden Russiýanyň protektorlygynyň berkarar edilmeginiň belli bir derejede progressiw ähmiýeti hem bolupdyr. Ýurtda dowam edýän feodallaryň tozduryjylykly uruşlarynyň soňuna çykylypdyr we gulçulyk ýatyrylypdyr. Russiýa bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Hywa hanlygynyň ykdysadyýetine hem kapitalistik 140 gatnaşyklaryň aralaşmagyna getiripdir. Bu bolsa, öz gezeginde oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, pagtaçylygyň ösmegine we kapitalistik senagat kärhanalarynyň peýda bolmagyna getiripdir. Senagat kärhanalarynyň peýda bolmagy bolsa, Hywada işçiler toparynyň kemala gelmegine getiripdir. Hywa hanlygy ýigrimi sany begliklere we welaýatlara bölünipdir. Olaryň her biriniň başynda han tarapyndan bellenilen han ýa-da häkim durupdyr.Olardan başga-da iki sany has ownuk welaýat (naib) bolup, olaryň başynda naiblar durupdyrlar. Hywa şäheri we onuň etekleri hanyň garamagynda bolupdyr. Ähli wezipeli adamlaryň girdeji çeşmeleri bolsa ýerler, zähmetkeş halkdan alynýan salgytlar bolupdyr. Hywa hanlygy agrar ýurt bolup, onuň ykdysadyýetiniň esasyny emeli suwaryşly oba hojalygy düzüpdir. Ilatyň 90%- den gowragy ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Hywa hanlygynda däneli ösümlikler, pagta ösdürilip ýetişdirilipdir. Bagbançylyga we üzümdarçylyga hem uly ähmiýet berlipdir. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda hanlygyň hojalygynda pagtanyň tutýan orny has ösüpdir. Ýeriň ägirt uly bölegi feodal ýokary gatlagyň elinde jemlenipdir. Olaryň ýerlerini bolsa ýersiz we az ýerli daýhanlar kärendesine işläp bejeripdirler. Daýhanlar salgytlaryň birnäçe görnüşlerini tölemäge borçly edilipdir. Hanlykda 25-e golaý salgydyň görnüşi bolupdyr. Mysal üçin daýhanlar ýer salgydyny, mala salynýan salgyt, döwlet ýerlerinde işleýänler üçin, öri meýdanlary peýdalanýandygy üçin we şuňa meňzeş salgytlary töläpdirler. Bulardan başga-da daýhanlar suwaryş ulgamlarynda, ýollarda yzygiderli mugt bejejeriş işlerini geçirmäge borçly edilipdir.Salgytlaryň agramly bölegi zähmetkeş halkyň başyna düşüpdir. Wezipeli adamlar we ruhanylar salgydyň ähli görnüşinden boşadylypdyr. XIX asyryň ahyrlarynda Hywa 141 hanlygynda çig maly, esasan hem pagtany işläp bejerýän senagat kärhanalary kemala gelipdir we ösüpdir. Şeýle kärhanalar Hywada, Kungratda, Täze Ürgençde, Hazaraspda gurlupdyr. XX asyryň başlarynda Hywa hanlygynda senagat kärhanalarynyň sany köpelipdir. Egerde XIX asyryň ahyrynda dokuz sany pagta arassalaýan zawod bolan bolsa, 1917-nji ýylda olar otuz alta ýetipdir. Zawodlarda işleýän işçileriň ýagdaýy örän gözgyny bolupdyr.Olar telekeçiler tarapyndan agyr ýagdaýda ezilipdir we iň ýönekeý adam hukugyndan mahrum edilipdir. Demir ýollaryň çekilmegi, şeýle hem Aral deňzi we Amyderýa boýunça deňiz we derýa gämiçiliginiň döremegi rus-hywa söwda gatnaşyklarynyň ösmeginde uly rol oýnapdyr. Eger-de Russiýanyň Hywany basyp almazynyň öňüsyrasynda Hywadan 20.000 manatlyk pagta äkidilen bolsa, 1915-1916-njy ýyllarda 15 mln. manatlyk pagta äkidilipdir. Hywa hanlygyndan Russiýa garaköli bagana, balyk, tüwi, ýag, ýüpek, doňuz eti, ýüň, deri önümleri, kakadylan gök önümler we şuňa meňzeşler äkidilipdir. Russiýadan bolsa, dürli senagat önümleri, bugdaý, gant getirilipdir. Şeýlelik bilen, XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Hywa hanlygy rus basypalyjylarynyň çig mal çeşmesine we girde jili söwda bazaryna öwrülýär. Hywa hanlygyndaky zähmetkeş halkyň iki taraplaýyn, ýagny ýerli han-begleriň we patyşa kolonizatorlarynyň ezilişine sezewar bolmagy olaryň rewolýusion işeňňirligini artdyrypdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling