Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Merkezi Aziýada milli-döwlet bölünişigi we
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Merkezi Aziýada milli-döwlet bölünişigi we
Özbegistan SSR-niň döredilmegi Özbek halkynyň taryhy ösüşiniň esasy wakalarynyň biri Merkezi Aziýada döwlet bölünişiginiň bolup geçmekligi bilen Özbegistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň (Öz. SSR) döredilmegidir. Türküstan, Buhara we Horzem respublikalarynyň syýasy hem-de adminstratiw-dolandyryş serhetleri Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň serhedi bilen garyşyk bolupdyr. Mysal üçin milli-döwlet bölünişigine çenli Türküstan ASSR-nda ýaşaýan ähli ilatyň 51,4 %-ni özbekler tutan bolsa, Buhara Halk Sosialistik Respublikasynda 50,1-%-ni, Hywa Halk Sowet Respublikasynda bolsa, 61,1%-ni eýeläpdirler. Merkezi Aziýanyň ähli türkmenlerinden 42,2 %-i Türküstanda, 27-%-i Buharada we 29,8-%-i Horezmde ýerleşipdir. Türküstanda, Buharada we Horezmde sowet gurluşy ýeňenden soňra Merkezi Aziýanyň rewolýusiýadan öňki bölünen halklaryny özleriniň milli bähbitlerine laýyk geler ýaly edilip, täzeden birleşdirmek wezipesi durýardy. Milli-döwlet bölünişigi taglymaty özbek, türkmen we beýleki milli sowet respublikalaryny hem-de awtonom oblastlaryny döretmek meselesi kommunistik partiýanyň her bir milletiň öz ykbalyny özi kesgitlemek baradaky milli mesele baradaky programmasyndan gelip çykýardy. Merkezi Aziýa respublikalarynda milli-döwlet bölünişigini taýýarlamaklyga we ony geçirmeklige kommunistik partiýa ýolbaşçylyk edipdir. 166 1924-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda bu mesele Russiýanyň K (b)P-nyň Merkezi Komitetiniň Guramaçylyk býurosynda ara alnyp maslahatlaşylýar. 1924-nji ýylyň 25-nji fewralynda milli-döwlet bölünişigi baradaky mesele Buhara kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň Plenumynda seredilýär we Merkezi Aziýada milli-döwlet bölünişigini geçirmäge wagtyň ýetendigi bellenilýär. Bu meselä şol ýylyň 10-njy martynda Türküstanyň Kommunistik Partiýasynyň MK-de we MIK-niň Prezidumynyň birleşen maslahatynda garalýar. Milli-döwlet bölünişigi meselesi şol ýylyň mart aýynda Horezm Halk Sosialistik Respublikasynda hem seredilýär we milli-döwlet bölünişigini geçirmek barada karar kabul edilýär. 1924-nji ýylyň 28-nji aprelinde Russiýa Kommunistik Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling