Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Hywada we Buharada Halk Sowet rewolýusiýasynyň


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet56/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Hywada we Buharada Halk Sowet rewolýusiýasynyň 
ýeňmegi 
 Horezm we Buhara Halk Sowet Respublikalarynyň 
döredilmegi 
 XX asyryň başlarynda Hywada we Buhara ýagdaý has 
çylşyrymly bolupdyr. 1918-nji ýylyň ýanwarynda Hywada 
içki we daşky kontrrewolýusionerleriň kömegi bilen döwlet 
agdarylyşygy geçirilýär we häkimiýet başyna taýpa-feodal 
serdarlarynyň gelmegine getirýär. Mundan öň hem ýagdaýlary 
gowy bolmadyk zähmetkeş halkyň durmuşy has hem 
agyrlaşýar. Hywada feodallaryň garşysyna yzygiderli halk 
topalaňlary başlanýar. Hanlykda daýhanlaryň, hünärmenleriň 
ownuk 
we 
orta 
buržuaziýanyň, 
şeýle 
hem 
milli 
intelligensiýanyň bähbitlerini goraýan demokratik azat-edijilik 
hereketi güýçlenýär. 
Hywanyň milli buržuaziýasynyň bähbidini esasan "ýaş 
hywalylar" partiýasy gorap çykyş edipdir. Şol wagtlar ýaş 
hywalylar partiýasy ýeke-täk ýurtda ýeke-täk oppozision syýasy 
partiýady. Olar gelejekde halk hereketini ýerli buržuaziýanyň 
agalygyny dikletmek üçin peýdalanmak isläpdirler. 1919-njy 
ýylda Petroaleksandrowsk şäherinde (Häzirki Dörtgül şäheri) 
hywaly rewolýusionerleriň ştaby döredilip, ol öz öňünde hanyň 
häkimiýetini ýykmagy wezipe edipdir. 
Hywada rewolýusiýanyň ösmeginde we ýitileşmeginde 
1919-njy ýylyň başlarynda döredilen hywa kommunistik topary 
möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Hywanyň kommunistlerine 
kömek etmek üçin merkezden tejribeli partiýa we sowet 
işgärlerini 
iberipdirler. 
Hywa 
kommunistleri 
Rahman 
Primbetow, Ahmetjan Ibragimow, Gurban Beknyýazow, Keňje 
Abdullaýew, N.Solopow, Aly Abdullaýew, Juma Ataşow we 
beýlekiler 
özleriniň 
rus 
dostlarynyň 
tejribelerini 
peýdalanypdyrlar.


157 
Olar batraklardan we garyp daýhanlardan rewolýusion 
topary döretmekde we berkitmekde ýadawsyz iş alyp 
barypdyrlar. Kommunistleriň onlarçasy Daşkentde açylan 
agitatorlaryň gysga möhletli kurslarynda okapdyrlar. 1919-njy 
ýylyň 19-njy noýabrynda Hywa hanlygynyň Köneürgenç, 
Ýylanly, Kungrat, Hojaili begliklerinde halk gozgalaňlary 
başlanyp, ol gysga wagtyň içinde beýleki etraplara hem 
ýaýrapdyr.
Bu ýagdaýlar rewolýusiýanyň başlangyjydy. Hywanyň 
rewolýusionerleri kömek sorap Sowet Türküstanyna ýüz 
tutupdyrlar. Hywa halkynyň haýyşyny ýerine ýetirip RSFSR-yň 
hökümeti Amyderýanyň çep kenaryna ibermek barada buýruk 
çykarypdyr. 
Gyzyl goşunyň güýçli zarba urmagynda Hywa hanlygy 
ýykylýar. 1920-nji ýylyň 2-nji fewralynda Hywanyň hany Seýit 
Abdylla han tagtdan agdarylýar. Ol Garagum çölüne gaçýar. 
1920-nji ýylyň 27-30-njy aprelinde Hywada I Bütinhorezm 
Halk gurultaýy (Halk wekilleriniň gurultaýy) bolup, ol ýurduň 
gadymy Horezm adyny gaýtaryp berýär we Horezm Halk Sowet 
Respublikasyny yglan edýär. 
Gurultaý HHSR-yň hökümetini-Halk Ministrler Sowetini 
saýlaýar. Onuň düzümine "ýaş hywalylar" we türkmenleriň 
feodal taýpa serdarlary giripdir. Gurultaýda HHSR-yň 
konstitusiýasyny kabul edýär. Konstitusiýa RSFSR-yň 
konstitusiýasyndan tapawutlulykda ýere, önümçiligiň esasy 
gurallaryna we serişdelerine hususy eýeçiligi saklaýar, eziji 
synplaryň bir bölegine saýlaw hukugy berilýär. Iri feodallar 
saýlaw hukugyndan mahrum edilýär. HHSR özboluşly geçiş 
etaply halk-demokratik döwlet bolup, rewolýusion-demokratik 
wezipeleri hem-de respublikanyň kapitalistik döwründen böküp, 
sosialistik ýola düşmegi üçin ykdysady we syýasy şertleri 


158 
döretmek we zähmetkeşleri sosialistik gurluşyga çekmek üçin 
zerurdy. 
Syýasy we medeni taýdan yza galanlygy sebäpli Horezm 
respublikasynda sosial özgerdişler seresaplylyk bilen kem-
kemden geçirilýär. Ilkibaşda musulman hukugyna-şerigata 
esaslanýan sudlar, köne dini mekdepler, wakuf ýerleri, tire 
kethudalary we beýlekiler saklanylýar. 
Sowet häkimiýetiniň pugtalandyrylmagy ruhanylaryň we 
sagçy "ýaş hywalylaryň" zor garşylyk görkezmegi ýagdaýynda 
geçýär. 1921-nji ýylyň dekabrynda Hywa şäherinde Horezm 
kommunistik partiýasynyň I gurultaýy bolýar. Gurultaý 
ykdysady we milli meseleler boýunça möhüm karar kabul 
edýär. 
1922-nji ýylyň başlarynda Horezm kommunistik partiýasy 
RK(b)P-nyň düzümine kabul edilýär. 1923-nji ýylyň martynda 
Türküstan, Buhara we Horezm Respublikalarynyň birinji 
ykdysady konferensiýasy bolup, şonda üç respublika- Türküstan 
Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasy, Buhara we Horezm 
Halk Sowet Respublikalary ykdysady taýdan birleşýärler. 
Sowetleriň 1923-nji ýylyň oktýabrynda bolan Bütinhorezm 
IV gurultaýy Horezm zähmetkeşler köpçüliginiň ýurdy sosial-
ykdysady taýdan özgertmek we ilatyň medeni derejesini 
ýokarlandyrmak ugrundaky göreşinde gazanan üstünlikleriniň 
umumy jemlerini jemläp, Horezm Halk Sowet Respublikasyny 
Horezm Sowet Sosialistik Respublikasyna (HSSR) öwürmek 
hakynda karar kabul edýär. Bütinhorezm gurultaýy täze 
konstitusiýany - Horezmiň birinji sosialistik konstitusiýany 
biragyzdan kabul edýär. Şol konstitusiýa esasynda häkimiýet 
doly suratda zähmetkeşler köpçüliginiň eline berilýär. 
Oktýabr 
rewolýusiýasynyň 
täsiri 
astynda 
Buhara 
emirliginde 1920-nji ýylyň ortalaryna çenli rewolýusion ýagdaý 
döreýär. Ýurtdaky agyr ýagdaýlar zerarly halk köpçüliginiň 


159 
tolgunşyklary güýçlenýär. 1920-nji ýylyň 23-nji awgustynda 
Sakar-Bazarda (Çärjew begliginde) gozgalaň başlanýar. 25-nji 
awgustda gozgalaňa ýolbaşçylyk etmek üçin partiýa merkezi 
döredilýär. 29-njy awgustda Buhara gyzyl otrýadlary bilen 
birleşip köne Çärjewi eýeleýärler. Emirligiň beýleki ýerlerinde 
hem rewolýusion hereketler ýaýbaňlanýar. 
RSFSR-yň hökümeti Buhara rewolýusionerlerine kömek 
üçin M.B.Frunzäniň ýolbaşçylygynda gyzyl goşun otrýadlaryny 
iberýär. Daşkentden we Samarkantdan 500 meýletinçiler, 
Zakaspiden 200 adamdan ybarat türkmen otrýady, Horezmden 
bolsa 500 adam kömege gelýär. 
1920-nji ýylyň sentýabrynda Köne Buhara eýelenýär we 
Buhara emiriniň häkimiýeti agdarylýar. 1920-nji ýylyň 8-nji 
oktýabrynda halk wekilleriniň Bütinbuhara I gurultaýynda 
Buhara Halk Sowet Respublikasy (BHSR) yglan edilýär. 1921-
1924-nji ýyllarda Buharada ep-esli sosialistik ykdysady 
özgerişlikler amala aşyrylýar. 1921-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda 
kabul edilen ýer hakyndaky dekret Buharada feodal eýeçiligini 
ezişiň krepostnoýçylyk görnüşlerini ýatyrýar.
Emiriň we begleriň ýerleri ellerinden alynýar. 1921-nji 
ýylyň 2-nji fewralynda Buhara Halk Sowet Republikasynyň 
(BHSR) MIK-i ähli ýerleri, suwlary, tokaýlary, tebigy 
baýlyklary millileşdirmek hakynda dekret kabul edýär. 1921-nji 
ýylda BHSR hökümetiniň ýanynda türkmen bölümi, 1923-nji 
ýylda Buhara türkmen oblasty döredilýär. Hojalykda, medeniýet 
gurluşygynda gazanylan üstünlikler netijesinde BHSR-yň 
sosialistik respublika öwrülmegi üçin möhüm şertler döreýär. 
1924-nji ýylyň Bütinbuhara Sowetleriniň V gurultaýy 
BHSR-y Buhara Sowet Sosialistik Respublikasyna (BSSR) 
öwürmek barada karar kabul edýär. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling