Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Orta Aziýa Býurosy
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Orta Aziýa Býurosy Merkezi Aziýa Respublikalarynda milli-territorial alamatlar boýunça milli-döwlet bölünişigini geçirmekligiň maksadalaýyklygy barada karar çykarýar. Muny amala aşyrmak barada ýörite komissiýa döredilýär. Komissiýa iki soýuz respublikany-Özbegistan we Türkmenistan respublikalaryny, şeýle hem iki awtonom oblasty-Täjigistan we Gara Gyrgyzstan oblastlaryny döretmekligi teklip edýär. 1924-nji ýylyň 12-nji iýunynda RK(b)P-niň MK-niň Syýasy Býurosy "Merkezi Aziýa respubliklarynda milli-döwlet bölnüşigini geçirmek baradaky" meselä seredýär. Onda Merkezi Aziýanyň territoriýasynda garaşsyz Türkmenistan we Özbegistan respublikalaryny döretmek, Türküstanyň gazak etraplaryny birleşdirip, Gazagystan ASSR-ny, RSFSR-yň düzüminde Gyrgyzstan awtonom welaýatyny we Özbegistan SSR-niň düzüminde täjikleriň awtonom oblastyny döretmek barada karar kabul edilýär. 167 Şeýle hem Özbegistan we Türkmenistan SSR-niň SSSR-iň düzümine girizmek göz öňüne tutulýar. 1924-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Bütinsoýuz Merkezi Ispolnitel Komitetiniň sowetleriniň ikinji sessiýasy Türküstan Merkezi Ispolnitel Komitetiniň milli-döwlet bölünişigi baradaky çykaran kararyna laýyklykda, Özbegistan SSR-niň düzümindäki Täjigystan awtonom oblastyny üýtgedip, Täjigistan awtonom sowet sosialistik respublikasyna öwürmek, Gyrgystan (Gazagystan) ASSR-na Garagalpak awtonom oblastyny birikdirmek, Gara Gyrgyzstan (Gyrgyzstan) awtonom oblastyny bolsa, RSFSR-iň düzümine birleşdirmek barada karar kabul edýär. 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda SSSR-iň BMIK-niň ikinji sessiýasy Türküstan MIK-niň, Sowetleriň V Bütünbuhara we V Bütinhorezm gurultaýlarynyň milli-döwlet bölünişigi we täze sosialistik respublikalary hem-de oblastlary döretmek baradaky haýyşlaryny kanagatlandyrýar. Milli-döwlet bölnüşigi netijesinde Özbegistan SSR-niň territoriýasyna 17,071600 gektar meýdan geçipdir. Respiblikanyň ilaty (1926-njy ýylyň ilat ýazuwyna görä 4 million 445 müň 726 adama barabar bolupdyr. Onuň 4/3 bölegini özbekler tutupdyr. Respublikanyň paýtagty 1930-njy ýyla çenli Özbegistanyň merkezinde ýerleşýän Samarkant şäheri bolupdyr. Milli-döwlet bölnüşiginden soňra respublikada 185 sany fabrik-zawod kärhanalary bolup, onuň umumy öndürýän önümi 106,9 million manada deň bolupdyr. Oba hojalygynyň öňdebaryjy pudagy bolan pagtaçylykda ilatyň 85%-i zähmet çekipdir. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling