Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Özbegistan SSR-i 50-80-nji ýyllarda


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet62/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Özbegistan SSR-i 50-80-nji ýyllarda
1950-1980-nji ýyllarda hem Özbegistan SSR-iniň halk 
hojalygy we medeniýeti ösüpdir. Ýurtda kuwwatly himiýa 
senagaty döredilýär. Buhara-Ural we Orta Aziýa merkez gaz 
geçirijisi işe girizilýär. Oba hojalygynyň tehniki üpjünçili barha 
ösýär. 1976-njy ýylyň 1-njy ýanwarynyň hasabatyna görä, 
respublikanyň 803 raýaty Sosialistik Zähmetiň Gahrymany 
diýen belent ada mynasyp boldular.
Bu döwürde Özbegistan köp pudakly undustrial we ýokary 
derejede ösen oba hojalykly respublika öwrülýär. Özbegistan 
agyr senagatyň pajarlan, ýeňil we azyk senagatlaryň ösen ýeri 
bolup, SSSR-iň iň kuwwatly pagtaçylyk bazasyna öwrülýär. 
Bu ýerde ýüpekçilik, garakölüçilik, miweçilik, üzümçilik we 
gök ekerançylyk hem ýokary derjede ösüpdir. Özbegistan soýuz 
respublikalaryň hemmesi bilen ösen ykdysady aragatnaşyk 
saklap, Merkezi Aziýanyň beýleki respublikalary, Gazagystan 
we Sibiriň raýonlary bilen ysnyşykly aragatnaşygy ýola 
goýupdyr. Özbegistan beýleki soýuz respublikalardan gara 
metal, nebit önümlerini, maşyn we enjamlar, agaç 
materiallaryny, mineral dökünleri, galla we beýlekileri alyp, 
başga ýerlere altyn, reňkli metal, maşyn, tebigy gaz, mermer, 
pagta, ýüpek, ýüň, garaköli bagana, mata, çigit ýagyny, miwe 
we beýlekileri çykarypdyr. 
Özbegistanyň senagat önümi 1975-nji ýylda 1913-nji ýyl 
bilen deňeşdireniňde 61 esse ösüpdir. Uruşdan öňki ýyllarda 
senagat kärhanalarynyň esasy bölegi Fergana jülgesinde 


173 
ýerleşen bolsa, uruşdan soňky ýyllarda Daşkent şäheri we 
Daşkent welayaty esasy senagat merkezlerine öwrülýär. 
Samarkant we Buhara welaýatlarynda kuwwatly iri senagat 
pudaklary döredilýär. Respublikanyň ýangyç gorunda gaz esasy 
orny (70%-den gowrak) tutup, onuň köpüsi Buhara we 
Kaşgaderýa welaýatlaryndan çykarylypdyr. Ýurduň esasy 
nebitli raýonlaryna Fergana jülgesi we Buhara welaýatlary 
bolupdyr. Kömür senagat möçberinde Beýik Watançylyk urşy 
ýyllarynda Angren goňur kömür basseýninden, 50-njy ýyllarda 
bolsa, Syrhanderýa welaýatyndaky Şargun käninden çykarlyp 
başlanýar. 
Reňkli metallurgiýanyň esasy kärhanalary Almalykda, 
Çyrçykda, Gyzylgumda ("Özbekaltyn" kombinaty) we beýleki 
ýerlerde ýerleşipdir. Özbegistan 60-njy ýyllaryň ahyrynda soýuz 
möçberinde himiýa senagatynyň merkezleriniň birine öwrülýär. 
Aýratyn hem pagtaçylyk üçin mineral dökünleri öndürmek 
ösýär. Olar Çyrçykda, Kokantda, Samarkantda, Ferganada we 
Nowaýyda öndürilipdir. Özbegistanda uruşdan soňky ýyllarda 
köp pudakly maşyn gurluşyk senagaty kemala gelýär. Oba 
hojalyk 
maşynlary 
"Taşselmaş", 
"Uzbekselmaş", 
"Çirçikselmaş", Taşkenttraktor, "Taşhimselmaş" we beýleki 
zawodlarda ýasalypdyr. 
Daşkentde, 
Kokantda, 
Andijanda, 
Çyrçykda 
we 
Namanganda 
elektrotehnika 
senagatynyň 
kärhanalary 
jemlenipdir. Ýeňil we azyk senagatlary üçin enjam hem-de 
durmuşda ulanylýan abzallar Daşkentdäki, Kokantdaky, 
Andyjandaky, Ketdekurgandaky, Samarkantdaky zawoddlarda 
ýasalypdyr. Ýeňil senagatynda pagta arassalaýjy, dokmaçylyk, 
trikotaž, tikinçilik, deri-gön pudaklary has tapawutlanypdyr. 
Pagta arassalaýjy kärhanalaryň sany 100-den geçipdir.Oba 
hojalygy 
uruşdan 
soňky 
ýyllarda 
ýokary 
derjede 
mehanizasiýalaşdyrylan intensiw-öňdebaryjy pudaga öwrülýär. 


174 
1983-nji ýylyň başynda Özbegistanda 854 kolhoz, 1078 sowhoz 
bolupdyr. Sowet häkimiýeti ýyllarynda köne irrigasion desgalar 
rekonstruirlendi we täzeleri bina edildi. 1981-nji ýylyň 
maglumatyna görä, SSSR-däki suwarymly ýerleriň 20%-i 
Özbegistan SSR-niň paýyna düşüpdir. 
Oba hojalygy, esasan, pagtaçylyk ugurda ýöriteleşipdir. 
Başga tehniki ekinlerden kenep, temmäki we şekerçiňrik 
ekilipdir. Däne ekinlerinden bugdaý bilen arpa, düme, şaly 
mekgejöwen we jöwen suwarymly ýerlerde ekilipdir. 
Maldarçylykda garakölüçilik esasy orny tutupdyr.
Özbegistan goýunlarynyň sany boýunça RSFSR-den, 
Gazagystan SSR-den, Gyrgyzstan SSR-den, Ukraina SSR-den 
soň bäşinji orunda durupdyr. Ýüpekçilik oba hojalygynyň iň 
köne pudaklaryndan biri bolup, SSSR-de öndürilýän piläniň 58-
%-i Özbegistan SSR-niň paýyna düşüpdir. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling