Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistan we Özbegistan gatnaşyklary
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Türkmenistan we Özbegistan gatnaşyklary
Täze Galkynyş we Beýik Özgertmeler zamanynda goňşy Özbegistan döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda köptaraplaýyn hyzmadaşlyklar we hoşniýetli gatnaşyklar mundan beýläk-de has gülläp ösüp başlady. 2007-nji ýylyň 9- njy iýunynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýokary derejedäki resmi däl duşuşygy bolup geçdi. Bu ýerde döwlet baştutanlary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Yslam Kerimow bilen duşuşygy boldy. Döwlet baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Olar gazanylan şertleşiklerikleriň durmuşa geçirilişiniň barşyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz ugrunda özara arkalaşykly hereket etmäge aýratyn üns berildi. Taraplar tebigy gazyň artýan möçberlerini ygtybarly akdyrmagy üpjün etmegiň, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitinden häzir mawy ýangyç demirgazyk tarapa akdyrylýan transmilli gaz geçiriji ulgamynyň durkuny täzelemegi üpjün etmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglanyşykly Merkezi Aziýa sebitinde gazulag kuwwatlyklaryny ösdürmek hakynda Bilelikdäki jarnamanyň zerurdygy we öz wagtyndadygy bellenildi. Türkmenistanyň, 180 Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen bir hatarda bu resminama Özbegistanyň baştutany hem gol çekdi. 2007-nji ýylyň 18-19-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Kerimow resmi sapar bilen Türkmenistanda boldy. Iki döwletiň Prezidentleriniň duşuşygynda ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdylar, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anykladylar. Ozal kabul edilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti G.M. Berdimuhamedow Aşgabatda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy goldandygy üçin I.A.Kerimowa minnetdarlyk bildirdi. Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri boýunça dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan respublikasynyň arasyndaky Şertnama; 2008- 2012-nji ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama, degişli maksatnama, şeýle hem bilelikdäki beýanata gol çekildi. Ikitaraplaýyn resminamlar bolan Hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen Özbegistanyň söwda-senagat edarasynyň arasyndaky ylalaşyga; Türkmenistan we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetleriniň üstünden geçirilýän harytlar we ulag şerişdeleri hakyndaky maglumatlary alyşmagy guramak barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky teswirnama; Medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada iki döwletiň hökümetleriniň arasynda 2008-2010-njy ýyllar üçin Maksatnama we şu Maksatnama çäreleriň Meýilnamasyna; Döwlet serhedinden geçiriş ýerleri hakynda Türkmenistanyň 181 hökümeti bilen Özbegistan respublikasynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryny we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan respublikasynyň arasyndaky Şertnama, Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan respublikasynyň arasynda 2008- 2012-njy ýyllar üçin Şertnama we degişli Maksatnama, Bilelikdäki türkmen-özbek beýanatyna iki döwletiň Prezidentleri gollaryny goýdular. Iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Özbegistanyň baştutany Islam Kerimow Türkmenistanyň "Hormatly il Ýaşulusy" diýen ada mynasyp boldy. Oňa türkmen däbi boýunça don, telpek hem-de guşak sowgat edildi. Özbek Lideri özüniň jogap sözünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň "Buýuk hyzmatlary üçin" diýen ordeni bilen sylaglanýandygy baradaky Permany okady we oňa ýokary sylagy, şahadatnamany we ak özbek donuny gowşurdy. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda asyryň iň beýik gurluşygy bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy boldy. Gaz geçirijiniň uzynlygy 7 müň km-den gowrak bolup, ol goňşy Özbegistan, Gazagystan döwletleriniň üstünden geçip Hytaýa çenli bardy. Bu gaz geçirijiniň gurluşygyna Özbegistan döwleti hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda işeňňir gatnaşdy. Gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň döwlet ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň goňşy döwleti bolan Özbegistan bilen ýokarda bellenilen gepleşiklere we şertnamalara laýyklykda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyklar ýokary derejede alnyp barylýar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling