Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Gazaklaryň sosial-ykdysady ýagdaýy


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet73/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 
Gazaklaryň sosial-ykdysady ýagdaýy 
Birinji jahan urşundan öň Russiýanyň günbatar 
taraplaryndan Gazagystanyň topraklaryna getirilen ruslaryň 
sany üç milliona ýetipdir. Şol döwürde sanlary bir million 
töweregi bolan gazaklar üçin gelen ruslaryň sany örän ulydyr. 
Bu ruslaryň 90%-i ekerançylyk, 10% bolsa senetçilik we söwda 
bilen meşgul bolýardylar. Haçan-da ruslara we gazaklara 
topraklar paýlanylanda ruslara has bereketli topraklaryň 
berilmegi netijesinde gazaklar näçe zähmet çekseler hem 
hasyllary o diýen gowy netije bermeýärdi. Bu ýagdaýda 
gazaklar haýwanjylyga has üns bermäge başladylar. Bir 
tarapdan ruslaryň ekerançylykdaky ýokary hasyllary, beýleki 
tarapdan gazaklaryň maldarylykdaky üstünikleri netijesinde 
gazaklaryň hal-ýagdaýlary has gowulaşmaga başlapdy. Sebäbi 


200 
ruslaryň basyp almagyndan soňra halkyň iýmit meselesi 
çözülüpdi. Munyň netijesinde ruslar we gazaklaryň arasynda 
belki birinji gezek söwda gatnaşygy guruldy. Gazaklar ruslara 
haýwan we haýwan önümlerini, ruslar bolsa gazaklara 
ekerançylyk önümlerini satmaga başladylar. Bu söwdanyň 
netijesinde ruslaryň Gazasytandaky girdejileri üç esse 
köpelipdir. Meselem 1882-nji ýylda ruslar söwda arkaly 
Akmolinsk (Akmolla) welaýatyndan 6,6 million rubl girdeji 
alan bolsalar, 1900-nji ýylda bu girdeji 18 million rubl 
bolupdyr. Bu ýagdaý beýleki welaýatlarda hem şuňa meňzeş 
netijeler beripdir.
XX asyryň başlarynda rus hökümetdiniň ýerasty 
magdana baý gazak topraklaryndaky käbir magdanlary işlemäge 
başlamagy, gazaklaryň durmuşynda başga bir üýtgeşklik 
getiripdir. Ruslar tarapyndan dolandyrylan kömür we mis 
ojaklarynda 20 müňe ýakyn gazak, işçi bolup işlemäge 
başlapdyr.
Bu döwürde gazaklar ykdysady taýdan üç topara 
bölünipdir. Gazaklayň garyp-pukara bolan 70%-i maldarçylygy 
taşlap, ekerançylyga başlapdyrlar. Emma olara berlen 
topraklaryň bereketsiz bolmagy netijesinde, bir bölegi ruslaryň 
elinde işçi bolup işläpdirler. Ekerançylyk bilen meşgullanan 
gazaklaryň aglabasy oturymly durmuşa geçipdirler. Şol sebäpli 
we esasan hem ruslaryň sanynyň köpelmegi netijesinde 
şäherleşme başlapdyr. Ikinji topar gazaklaryň 25%-inden ybarat 
bolupdyr. Olar ruslar tarapyndan belli şertlerde berlen 
topraklarda maldarçylyk we ekerançylyk edip güzeranlaryny 
aýlapdyrlar. Üçünji topar bolsa ilatyň 5%-inden ybaratdy. 
Halkyň bu bölegi Ruslar bilen ýakyn aragatnaşayk saklapdyr we 
maddy ýagdaýlary gowy bolupdyr. Ýöne şu ýerde bir zady 
aýratyn belläp geçmeldiris, ülkeleriniň iň bereketli toprklarynyň 
ruslara berilmegi, özlerine bolsa hasyly pes bolan topraklaryň 


201 
berilmegi, şeýle hem mallary üçin otlak ýerleriniň az bolmagy, 
guraklyk ýyllarynda-da ruslaryň gazaklardan salgyt almaga 
dowam etmeklikleri gazaklary örän bimaza edýärdi.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling