Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet70/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Kiçi jüz 
 
1730-njy ýylda hemme gazaklaryň hany bolup bilmedik 
Kiçi jüziň hany Abulhaýyr han, 1731-nji ýylda öz islegi bilen 
özüne bagly uruglar bilen Rus Patyşasynyň golastyna girdi. Ol 
ruslaryň golastyna girmek bilen Russiýadan goldaw alyp
beýleki hanlaryň garşysynda öz ýagdayynyň güýçlenjegini we 
oýratlaryň çozuşlaryna garşy Russiýanyň özüni goldajagany 
pikir edýärdi. Ýöne ruslaryň hasaby başgaçady, sebäbi Russiýa 


193 
gazak 
ýurduny 
öz 
häkimiýeti 
astyna 
almaklygy 
meýilleşdirýärdi. Sebäbi Russiýa Pýotr I-den bäri Aziýada 
höküm sürmek üçin gazak steplerine häkim bolmaly ýörelgesini 
kabul edipdi. Ebülkaýyr hanyň öz islegi bilen ruslaryň golastyna 
girmek islemegi, ruslaryň arzuwlaryny amala aşyrmaklygyny 
aňsatlaşdyrýardy. 
Ruslar Abulhaýyr hanyň rus häkimiýetine girmek 
baradaky islegini derhal kabul etdiler we Gazagystanyň 
günbatarynda her biri harby baza bolan galalar gurmaga 
başladylar. Bu galalaryň iň ulylaryndan biri hem Orenburg 
galasydyr. 
1748-nji ýylda Abulhaýyr han, gazaklaryň ruslaryň 
golastyna girmekligine garşy çykan Orta jüziň soltanlaryndan 
Barak soltan tarapyndan öldürildi. Russiýa Abulhaýyr hanyň 
ýerine ogly Nuralyny han edip belledi. Şeýlelikde Russiýa 
gönüden-göni Kiçi jüziň içeri işlerine goşulmaga başlady. 
Netijeden 1824-nji ýylda Russiýa Kiçi jüziň hanlyk dolandyryş 
edarasyny düýbünden ýykdy we Kiçi jüziň topraklary gönüden-
göni ruslaryň häkimiýeti girdi. 
Orta Jüz we Abylaý han 
1730-njy ýylda hemme gazaklaryň hany saýlanan 
Ebülmenbet 
han, 
oýratlara 
garşy 
söweşlerde 
uly 
gahrymançylyklar görkezen we han neslinden gelen Sabalak 
batyra, 1735-nji ýylda öz islegi bilen hanlyk wezipesini berdi. 
Sabalak batyr ―Abylaý‖ adyny alyp, han boldy. Abylaý han hem 
bütin gazaklaryň hem-de oýratlaryň çozuşlarynýn öňünde galan 
Orta jüziň hany saýlandy. 
Abylaý han özüniň hanlygy döwründe gazaklary täzeden 
bir ýere jemlemek we ―Aktaban şubyryndy‖ ýyllarynda 
gazaklaryň elinden çykan topraklary yzyna almak üçin alada 
etdi. Onuň gaýratlary netijesinde Orta jüziň we Uly jüzin 


194 
hemmesi we Kiçi jüziň hem käbir uruklary onuň häkimiýetine 
girdiler. Şeýlelikde Abylaý han gazaklaryň uly bir bölegini bir 
ýere jemlemegi başardy. Abylaý han ―Aktaban şubyryndy‖ 
ýyllarynda gazaklaryň elinden giden Türkistan, Saýram 
şäherlerini yzyn almaklygy başardy. Daşkendi yzyna alyp 
bilmedik hem bolsa, salgyt salmaklygy başardy. 1746-njy ýylda 
oýratlaryň lideri Galgan Çerengiň ölüminden soňra oýratlaryň 
arasynda başlaýan iç göreşden peýdalanyp oýratlaryň elindäki 
gazak topraklaryny yzyna aldy. Oýratlaryň gazak topraklaryna 
çozuşlaryny durzurdy. 
1757-nji ýylda oýratlar hytaýlylar bilen bolan uly bir 
söweşde ýeňildiler we Merkezi Aziýada howp salyjy bir güýç 
bolmakdan çykdylar. Oýratlara garşy uly bir ýeňiş gazanan 
Hytaý, Merkezi Aziýa sebitinde täsir ediji güýç bolmaga 
başlady. Bu ýagdaýda Abylaý han ruslaryň basgysyny hem göz 
öňünde tutup Hytaýyň golastyna girdi. Onuň Hytaýyň golastyna 
girmegi ruslaryň basgysyny deňlemek maksady bilendir. Ýagny 
hytaýlylar gazaklary edara edenokdylar, gazaklary ýene Abylaý 
han dolandyrýardy. 
Abylaý hanyň döwründe gazaklar parahatçylyk döwri 
ýaşadylar. Gazak halky bu döwürde Aktaban şubyryndy 
ýyllarynda ýaşan kynçylyklaryndan saplandy. Ýurtlaryny terk 
eden gazaklar yzlaryna dolanyp geldiler. Halkyň ykdysady 
yagdaýy düzeldi. Abylaý han hemme gazaklar tarapyndan 
söýülen bir han boldy, ölümünden soň onuň hakynda dessanlar 
aýdyldy. Abylaý han hemme gazaklar tarapyndan han kabul 
edilne iň soňky gazak hanydyr. 
Abylay han 1781-nji ýylda öldi. Ýerine ogly Uwali Orta 
jüze han boldy.Ol hem kakasy Abylaý han ýaly Hytaýa tabyn 
bolmaga dowam etdi. Ýöne Merkezi Aziýada ruslaryň 
basgysynyň artmagy netijesinde 1788-nji ýýlda Russiýanyň 
häkimiýetini kabul etdi. Mundan soňra ruslar Orta jüziň hem 


195 
içeri işlerine goşulmaga başladylar. Netijede 1815-nji ýylda 
Uwali hanyň ýerine Barak soltanyň ogly Bökeýi Orta jüziň hany 
yglan etdiler. Bu wakadan soňra Russiýanyň Orta jüziň 
üstündäki häkimiýeti artdy. 1822-nji ýylda ruslar Orta jüzdäki 
hanlyk ederasyny ýykdy we bu jüziň ýaşaýan topraklarynyň 
gönüden-göni Russiýa goşulandygyny yglan etdiler. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling