Etrabynyň «Zaman» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumy
Download 32.22 Kb. Pdf ko'rish
|
Ysmamyt ata - Wikipediýa
- Bu sahifa navigatsiya:
- Taryhy Last edited 2 years ago by 95.85.109.234
Ysmamyt ata Görogly etrabynyň «Zaman» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumy zyýaratçylaryň gelim-gidimli mukaddes ýerleriň biri hasaplanýar. Ol antiк dünýä we IX asyra degişli gadymy Eşretgala şäheriniň biziň günlerimize gelip ýeten bölegidir. Halk arasynda Ysmamyt ata ady bilen giňden meşhur bolan bu şahsyýetiň hakyky ady XX asyryň ortalaryna çenli nämälimligine galdy. «Ysmamyt ata efsany örän gyzykly hem bendi edijidir — diýip, geçen asyryň 50-nji ýyllarynda bu ýere gelen hem-de bu taryhy şahs barada halk rowaýatlaryny içgin öwrenen gündogarşynas alym G.R.Snesarew ýazýar. Onda hakykata laýyk gelýän kök bar. Rowaýata görä, Ysmamyt ata Muhammet pygamberiň dosty we egindeşi Musaýyb Gazynyň ogludyr». Abulgazynyň ýazgylarynda bu gonamçylyk Ismamut ata şeklinde agzalýar we Şährislamdan Horezme gelýän kerwen ýolunyň ugrundaky möhüm düşelgeleriň biri hökmünde getirilýär. Soňra hywa taryhçylary Munisiň, Agehiň eserlerinde bu at Ism Mahmut Ata görnüşinde ýazylýar. Taryhy çeşmelere görä, hezreti pygamberimiz bu ülkä öz mübärek namasy bilen Seýit Ibn Musaýyb atly sahabasyny iberýär. Şol zamanda ady Ismi-Mahmut diýlip tutulan bu sahabanyň mertebesini halk hakydasy suwaryş ulgamynyň gözbaşynda duran sarpaly şahsyýet derejesine göterýär. Bu jähtden «Hanýap», «Ortaýap» akabalarynyň gazylmagy onuň ady bilen baglanyşdyrylýar. Eger halk arasynda onuň kakasy Musaýyb Gazynyň hormatyna gazylan ýaba «Gazawat» («Gazy abat») diýil ýän bolsa, onuň özüniň hormatyna çekilen şaýap «Weliýap» («Öwlüýä ýap») atlandyrylýar. Şeýdibem, Seýit ibn Musaýyb asyrlar üzre ekin meýdanlarynyň ençe muşakgat we kynçylyklar bilen jykyrlar arkaly suwarylyp gelinýän bu ülkesinde emeli suwaryş desgalaryny bina etdirýär. Şol döwürlerde ekin meýdanlaryny suwarmak bilen baglanyşykly mesele iň müşgul işleriň biri bolup, belent hem bitekiz ýerlere jykyr bilen belli-bir tertipde suw ýetirmegiň özi mümkin däl zat hasap edilipdir. Şonuň üçinem, ýerli ilat nesilden-nesle bu sebitde birinji bolup abu-haýat getireniň Ysmamyt atadygy baradaky Taryhy Last edited 2 years ago by 95.85.109.234 rowaýaty gürrüňlere berk ynanýar. Görogly şäherçesindäki muzeýde bu gadymy künjekde ulanylan şol suwaryş gurallarynyň galyndy-bölekleri saklanýar. Bu taryhy eksponatlar ata-baba oturymly mekanyň geçmişinden habar berýär. Halk hakydasynda müdimi galýan rowaýatlaryň öz-özünden peýda bolmaýandygy mälimdir. Il-günüň mydam hyzmatynda bolup, halk nazaryna düşen ynsanlaryň uly işleri nesilden-nesle geçip, rowaýaty wakalar görnüşine eýe bolýar. Ysmamyt ata baradaky köp sanly rowaýatlaryň hakykata näderejede golaýdygyny bolsa, indi ençeme asyrlar bäri onuň aramgähine gelýän, onuň mukaddes ruhundan medet dileýän zyýaratçylaryň yzy üzülmeýän akymy tassyklaýar. Bir wagtky gülläp ösen gadymy şäheriň çäginde tapylan jäçlerden çen tutup, hünärmenler onuň IX asyrlaryň ahyryna degişlidigini aýdýarlar. Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumynyň aýry-aýry binalary dürli döwürlere degişlidir, muny olaryň paýdiwarynyň dürli derejelerde tutulmagy-da tassyklaýar. Bu toplumyň häzirki durky dokuz bölekden ybaratdyr. Daş köçe galanyň iň gadymy, iň abat saklanan bölegidir. Köçäniň gurluş aýratynlygy onuň ilkibaşda söwda hajatlary üçin ulanylan ýer bolandygyny görkezýär. Toplumdaky Gurhanhana daş köçäniň günbatar böleginde ýerleşýär. Daş köçä sepleşýän goşmaça dälizden gyşky metjide girelge açylýar we ol günbatardaky ýazky metjide utgaşýar. Bu metjit-medresede il-günüň hormat-sarpasyna mynasyp bolan meşhur adamlar sapak alypdyrlar. "Diýar" žurnaly. Aşgabat. 2015. №8. Çeşmesi: " https://tk.wikipedia.org/w/index.php? title=Ysmamyt_ata&oldid=212945 " Edebiýat Download 32.22 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling