Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Gazak hanlygy barada taryhy çeşmeler


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet68/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Gazak hanlygy barada taryhy çeşmeler 
Gazak hanlygynyň ilkinji döwürleri barada maglumat 
beren taryhy çeşmeler esasan musulman ýazarmanlaryň 
eserleridir. Horasan, Maweannahr we Deşt-i Gypjak taryhy 
barada maglumat beren taryhy çeşmeleriň arasynda Muhammet 
Haýdar Duglatiniň eserinde has köp maglumata duş gelmek 
mümkindir. Özüniň hem belläp geçişi ýaly M. H. Duglati 
Duglat taýpasyndandyr. Onuň atalary Çagataý iliniň emirleri 
bolupdyrlar. Eje tarapyndan bolsa Çagataý hany Ýusup hanyň 
agtygydyr. 
Gazak hanlygynyň syýasy taryhy üçin beýleki çeşmeler 
―Nusret-nama‖, 
―Fatyh-nama‖, 
―Şeýbany-nama‖ 
we 
―Mihmanname-i Buhara‖ eserleridir. Bu eserler XV-XVI 
asyrlarda Merkezi Aziýa sebitindäki syýasy ýagdaý barada 
maglumatlar berýärler.


186 
Gazak hanlygy we hanlary 
Gazaklaryň ilkinji hanlary Janybek we Kereýdir (1465-
1480). Gazak hanlygynyň gurulmagy bilen bu sebitlerde 
ýaşaýan beýleki türki kowumlar hem gazaklara goşulyp, olar 
bilen garyşyp gazak boldular. 
Kereý hanyň ogly Burunduk hanyň döwründe (1480-
1511) Özbek hany Muhammet Şeýbany bilen gazaklaryň 
arasyndaky göreş dowam etdi. Burunduk hanyň döwründe 
steplerde ýaşaýan gazak boýlarynyň her biriniň gyşlak we 
ýazlak ýerleri belli edildi.
Gazak hanlarynyň iň güýçlülerinden biri Kasym han 
(1511-1523) bolandyr. Bugünki Gazagystan topraklarynyň 
hemmesi diýen ýaly onuň döwründe gazaklaryň häkimiýetine 
geçipdir. Kasym hana çenli Gazak hanlygynyň paýtagty 
Syganak şäheri bolan bolsa, onuň döwründe Ýesi (Türkistan) 
şäheriniň eýelenmegi bilen Ýesi paýtagt boldy.
Kasym hanyň ölüminden soňra ýerine ogly Mamaş geçdi. 
Emma hanyň nesliniň agzalary onuň baştutanlygyny kabul 
etmediler we hanlyk ugrunda göreş başlady. Netijede bu 
göreşde Mamaş han öldi we ýerine Tahyr han geçdi (1523-
1533). Tahyr han harby we syýasat ilerini bilmeýän bir baştutan 
bolupdyr. Şol sebäpli hem hanlygyň içinde bölünmeler 
başlapdyr.
Tahyr han Gazak hanlygynyň töweregindäki döwletler 
bilen hem duşman bolupdyr. Ol özüniň hanlyk eden döwründe 
hemme gazaklaryň hemmesine diýenini etdirip bilmedi. Onuň 
dolandyryşyndan närazy bolanlar oňa tabyn bolmadylar. Tahyr 
hanyň 1533-nji ýylda ölüminden soňra ýerine Buýdaş han 
(1533-1534) geçdi. Emma onuň döwründe-de göreşler dowam 
etdi we hanlygyň ýagdaýy gowşady. 
1538-nji ýylda Kasym hanyň ogly Aknazar han 
(Haknazar) (1538-1580) boldy. Syýasy we harby taýdan ukyply 


187 
bolan Aknazar Han 42 ýyl höküm sürdü. Ol gazak hanlarynyň 
içinde iň köp hanlyk edendir.
Aknazar han özüniň häkimiýeti döwründe Tahyr han we 
Buýdaş hanyň döwründe gazaklaryň agzalalyklary netijesinde 
bölünen gazaklary täzeden jemlemegi başardy. Bu hanyň 
döwründe gazaklaryň günbatar we demirgazyk serhetlerinde uly 
üýtgeşmeler bolup geçdi. Ruslar 1552-nji ýylda Kazan 
hanlygyny, 1556-njy ýylda Astrahan hanlygyny ýykdylar we 
olaryň topraklaryny basyp aldylar. Şeýle-de Wolga derýasy 
töweregindäki nogaýlaryň arasynda hökümdarlyk ugrunda göreş 
başlady we netijede Nogaý ordasy ýykyldy (1569). Nogaýlaryň 
bir bölegi gazaklara goşuldylar we bulara degişli topraklar 
Gazak hanlygynyň häkimiýetine geçdi. Nogaýlaryň başga bir 
bölegi bolsa ruslara goşuldylar we şeýlelikde gazaklar 
günbatarda Patyşa Russiýasy bilen serhetdeş boldy. 
Gazak hanlygynyň demirgazygynda Sibir hanlygy bardy. 
Bu hanlygyň başyna Küçüm hanyň geçmegi bilen (1563) Gazak 
hanlygyna garşy syýasat alyp barmaga başlady. Şol wagtlarda 
gazaklar bilen mongollaryň arasynda-da meseleler ýüze 
çykmaga başlady. Bu ýagdaýda Aknazar han özüniň daşary 
syýasatynda üýtgeşiklik getirdi. Ol döwre çenli Gazak hanlygy 
bilen oňuşmaýan özbek hanlary bilen aragatnaşyk gurdy we 
Buhara hany Abdylla II bilen soýuzdaş boldy. 
Bu soýuzdaşlyk netijesinde gazak halky bilen 
Mawerannahr arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklary güýçli 
depginde ýola goýuldy. Şeýlelikde gazak halky baýlaşdy we 
munyň netijesinde-de Gazak hanlygy güýçlendi. 
Şol döwürlerde Buhara hany Abdylla II bilen Daşkendiň 
hany Baba Soltanyň arasynda göreş başlady. Bu göreş 
döwründe Aknazar han käwagt Abdylla hanyň, käwagt bolsa 
Baba Soltanyň tarapyny tutmak bilen ikisini hem güýçden 
düşürmek üçin syýasat alyp bardy. Aknazar han 1579-njy ýylda 


188 
Abdylla hanyň Baba Soltana garşy gurnan bir ýörişinde Abdylla 
hana degişli birnäçe şäheri eýeledi we Baba Soltan bilen 
soýuzdaşlyk etdi. Munyň netijesinde Baba Soltan öz 
häkimiýetindäki Türkistan we Sawran şäherlerini gazaklara 
gaýtaryp berdi. Emma Aknazar han şol ýýlyň içinde bu sapar 
Abdylla hana gizlinlikde goldaw bermäge başlady. Duşmanyny 
goldaýandygyny eşiden Baba Soltan 1580-nji ýylda Aknazar 
hany öldürtdi. Şeýlelikde Baba Soltan bilen Gazak hanlygy 
duşman boldular. 
Aknazar hanyň ýerine Şygaý Soltan han (1580-1582) 
boldy. Şygaý hanyň ilkinji işi Aknazar hanyň aryny almak 
bolupdyr. Bu maksat bilen ol Buhara hany Abdylla II bilen 
ylalaşýar. 1582-nji ýylda Şygaý han bilen Abdylla II hanyň 
goşunlay birleşip Baba Soltana garşy ýöriş etdiler. Baba Soltan 
ýeňilip gaçdy, ýöne bu ýörişde Şygaý han öldi (1582). Onuň 
ýerine ogly Tewekel han (1582-1598) boldy. 
Tewekel han hem Baba Soltan bilen göreşmäge dowam 
etdi. 1582-nji ýylyň maý aýynda Türkistan şäheriniň ýakynynda 
Tewekel hanyň baştutanlygyndaky gazak goşuny bilen Baba 
Soltanyň goşuny arasynda uly bir söweş bolup geçdi. Bu 
söweşde Tewekel hanyň goşuny uly ýeňiş gazandy, Baba soltan 
öldürildi, ogullary we serkerdeleri ýesir düşdüler. Tewekel han 
Baba soltanyň kesilen kellesini Abdylla II hana iberdi. Güýçli 
duşmanyň öldürilmegine örän begenen Abdylla han Samarkand 
töweregindäki bir şäheri Tewekel hana sowgat berdi. Şeýle hem 
ol, Syrderýanyň boýundaky Türkistan, Otrar, Saýram ýaly 
öňden bäri gazaklara degişli bolan şäherleriň hem Gazak 
hanlygyna degişlidigini kabul etdi.
Emma Tewekel han 1583-nji ýylda Abdylla han II bilen 
Aknazarhan arasyndaky ylalaşyk esasynda Özbek hanlygyna 
degişlidigi kabul edilen Taşkent şäherine hüjüm etdi. Şeýlelikde 
Gazak hanlygy bilen Özbek hanlygy arasyndaky göreş täzeden 


189 
başlady. Şol wagtlarda Tewekel han Patyşa Russiyasy bilen 
Gazak hanlygy arasynda öňräkden bäri başlan diplomatiki 
gatnaşyklary güýçlendirdi. 
Rus Paty;alygynyň maksady Gazak hanlygy bilen 
soýuzdaşlyk edip Sibir hanlygynyň baştutatany Küçüm han 
bilen göreşmek, şeýle-de Buhara hanlygyna garşy Tewekel han 
bilen Eýranyň hökümdary Şa Abbas I-niň arasynda soýuzdaşlyk 
etdirmekden ybaratdy. Sebäbi Küçüm han Özbek hanyň 
neslinden bolup, Buhara hanlygy bilen soýuzdaşlyk edýärdi. 
Tewekel hanyň Taşkende çozmagy netijesinde Gazak hanlygy 
bilen Buhara hanlygy arasyndaky soýuzdaşlyk gutardy, şeýle-de 
Sibiriň hany bilen Gazak hanlygynyň hem arasy bozuldy. 
Buharanyň hany Abdylla II we ogly arasyndaky göreşden 
peýdalanan Tewekel han 1597-1598-nji ýylyň gyşynda 
Daşkendiň ýakynlarynda Abdylla II-niň goşunyny ýeňdi. Şol 
ýylyň mart aýynda Abdylla II han öldi we ýerine ogly 
Abdulhumin, han boldy. Bu üýtgeşmeden peýdalanan Şa Abbas 
I Buhara hanlygyna çozdu. Tewekel han hem bu pursatdan 
peýdalanmak isledi. Ol 100 müň adamdan gowrak goşuny bilen 
Mawerannahra girdi we Andijan, Daşkent we Samarkand 
şäherlerini eýeledi. Ol garyndaşy bolan Esim Soltany 20 müňe 
golaý goşun bilen Samarkandda goýup, özi 70-80 müň adamlyk 
goşuny bilen Buharany gabady. 20 günlük bu gabaw döwründe 
bolup geçen söweşleriň birinde Tewekel han agyr ýaralandy we 
gabawy aýryp Daşkende gaýtmaga mejbur boldy. Tewekel han 
gysga bir wagtyň içinde Daşkentde öldi (1598). Ýerine Esim 
Soltan han boldy (1598-1645). 
Esim hanyň ilkinji işi Buhara we Samarkandy eyelemek 
düşünjesinden aýrylyp, Buhara hany bilen ylaşayk gazanmak 
boldy. Bu ylalaşygyň netijesinde Daşkent we töweregi Gazak 
hanlygyna degişli boldy. (1598) 


190 
1598-nji ýylda Gazak hanlygyny gyzyklandyrýan başga 
bir taryhy waka bolup geçdi. Gazaklaryň demirgazygyndaky 
Sibir hanlygy ruslar tarapyndan ýykyldy we bu hanlykdaky 
türki halklaruly bir bölegi Gazak hanlygynyň häkimiýetini 
kabul etdiler. Sibir hanlygynyň ýykylmagy netijesinde Gazak 
hanlygy demirgazykdan ruslar bilen serhetdeş boldylar. 
Esim han 1645-nji ýylda öldi we ýerine ogly Jengir 
Soltan han (1645-1652) boldy. Oýratlar bilen bolan söweşler we 
Gazak hanlygynyň öz içinde meýdana gelen bölünmeler Jengir 
hanyň döwründäki möhüm wakalardyr. Oýratlar we Gazak 
hanlygy arasynda bolan söeşleriň birinde Jengir han öldi. Jengir 
hanyň ölümünden soňra ýerine Bahadyr hanyň döwri (1652-
1680) başlady. 
Bahadyr hanyň döwri gazak taryhynyň iň az bilinýän 
döwridir. Munyň sebäbi bolsa bu döwürde gazaklaryň goňşulary 
bilen gatnaşyklarynyň az bolmagy, parahatçylyk we asudalygyň 
bolmagydyr. Bahadyr hanyň döwründe Oýratlar gazaklaryň 
ýurduna çozmandyrlar. Çünki bu ýyllarda Oýrat kowumlaryň öz 
aralarynda iç söweş bolupdyr. Bahadyr handan soňra gazaklaryň 
başyna Tewke han bolup geçipdir. 
Tewke han (1680-1715) özüniň hanlyk eden ýyllarynda 
özünden öňki döwürde başlaýan bölünişiklikleriň öňüni almak 
isledi. Ol bu maksat bilen Hanlyk Mejlisiniň we Begler 
Mejlisiniň roluny artdyrdy, her ýyl Taşkent’iň ýakynlaryndaky 
Kültöbede gazaklaryň üç jüzüni ýygnap gutultaýlar geçirdi. 
Tewke han goňşy döwletler bilen gowy gatnaşyklary 
ýola goýmak üçin syýasat alyp bardy. Buhara hanlygy bilen 
parahatçylykly gatnaşykda bolmaklyk ugrunda işler alyp bardy.
Tewke han rular bilen hem diplomatiki gatnaşyklary ýola goýdy 
we Oýratlara garşy durup bilmek üçin olardan ýarag aldy. 
Emma Tewke hanyň bütin bu aladalary Gazak hanlygyny 
güýçli bir döwlete öwürmäge ýetmedi. Onuň zamanasynda 


191 
Oýratlar ýene-de gazaklaryň üstüne çozmaga başladylar. 
Gazaklar 1710-njy ýylda garagalpaklar we gyrgyzlar bilen 
birleşip Oýratlary ýeňdiler we Gazagystanyň günortasyndan 
çykardylar. Ýöne bu ýeňiş doly netije bermedi, sebäbi Oýratlar 
gazaklaryň ýerlerine çozuşlar etmäge dowam etdiler.
1715-nji ýylda Tewke han öldi we ýerine Gaýyp han 
(1715-1718) geçdi. Gaýyp hanyň döwründe hanlygyň güýji 
peseldi we Oýrat çozuşlary dowam etdi. 1718-nji ýylda Gaýyp 
han söweş meýdanynda öldi. 
Gaýyp hanyň ýerine Tewke hanyň ogly Bolat han (1718-
1730) seçildi. Emma güýçli gazak soltanlary onuň hanlygyny 
kabul etmediler we oňa tabyn bolmadylar. Munyň netijesinde 
Gazak hanlygy kiçi hanlyklara bölündi. Orta jüzi Semeke han 
we Kuşik han, Uly jüzi Jolbarys han, Kiçi jüzi Abulkaýyr han 
dolandyrmaga başlady. Bu hanlaryň arasynda hiçbir gatnaşyk 
bolmandyr.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling