Türkmenistanyň Bilim ministrligi


II BÖLÜM  Gazagystan Sowet häkimiýeti döwründe (1917-1991)


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet76/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

II BÖLÜM 
Gazagystan Sowet häkimiýeti döwründe (1917-1991) 
 
Gazagystanda Sowet häkimiýetiniň ýeňmegi we
Gazagystan SSR-niň döredilmegi 
1917-nji ýylda oktýabr rewolýusiýasynyň ýeňmeginden 
soňra 
bolşewikleriň 
Merkezi 
Aziýada 
häkimiýetlerini 
guranlaryndan soňra gazaklaryň topraklary 1920-nji ýylyň 26-
njy awgustynda Gyrgyzystan ASSR ady bilen Russiýa 
Federasiýasyna goşuldy. 1925-nji ýylda bu ―ýalňyşlyk‖ 
düzeldildi we gyrgyz ady Gazagystan ASSR edilip üýtgedildi. 
1936-njy ýylyň 5-nji dekabrynda bolsa Gazagystan SSR-i 
guruldy. 
Başlangyçda Garagalpagystan awtonom oblasty hem 
Gazagystana degişlidi. Ýöne 1932-nji ýylda Garagalpagystan 
awtonom respublikasyna öwrüldi we Russiýa Federasiýasyna 
goşuldy, 1936-njy ýylda bolsa Özbegistana degişli edildi. 
Bir başga mesele bolsa paýtagtyň niresi bolmalydygydy? 
Rus Patyşalygy döwründe gazaklaryň paýtagty Orenburgdy. 
Orenburg şäheri Gazagystanda Sowet häkimiýetiniň berkarar 
edilmeginde möhüm rol oýnapdy. Bu ýerde partiýa we beýleki 
işler üçin milli kadrlar taýýarlanypdy. Ýöne Orenburgyň ilaty 
ruslardan ybaratdy. Ýagny bu şäher gazak halkyndan üzňe bir 
şäherdi. Şol sebäpli hem täze paýtagt meselesi ara alnyp 
maslahatlaşyldy we täze paýtagtyň Ak-Metjit bolmagy 
kararlaşdyryldy. Şol bir wagtyň özünde hem Orenburg we 
Orenburg guberniýasynyň, şeýle hem Ural guberniýasynyň Ilek 
uýezdiniň hem gazaklara degişli däl diýlip karar alyndy. 
1925-nji 
ýylyň 15-19-njy aprelinde Ak-Metjitde 
republikanyň Sowetiniň V gurultaýy bolup geçdi. Bu gurultaýda 
paýtagt Ak-Metjidiň ady Kyzyl-Orda diýlip üýtgedildi. Şeýle 


211 
hem bu gurultaýda awtonom respublikanyň adynyň gyrgyz 
ýerine gazak diýlip üýtgedilmegine karar berildi.
1929-njy ýylda Türküstan-Sibir demirýol ulgamynyň 
tamamlanmagyna az wagt galmagy bilen Gazagystan ASSR-ni 
dolandyryjylar Alma-Ata göçdüler we Alma-Ata Gazagystanyň 
merkezine öwrüldi. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling