Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet84/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

GYRGYZYSTAN RESPUBLIKASY 
 
 
1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny 
gazanan Gyrgyzystan demirgazykda Gazagystan, günbatarda 
Özbegistan, günortada Täjigistan, günorta-gündogarda Hytaý 
bilen serhetleşýändir.
Döwletiň tutýan meýdany 198 500 inedördül kilometr 
bolup, 2008-nji ýyldaky maglumatlara görä ilaty 5 356 869-dir. 
Ilatyň 64,9 % gyrgyzlar, 13,8%, özbekler, 12,5% ruslardyr.
Gyrgyzystanyň topraklarynyň 65%-ini Týan-şan daglary 
tutýandyr. Bu döwletde ýerleşýän Yssyk-köl dünýäde ululygy 
boýunça Titikakadan soňra ikinji dag kölüdir.  
Gyrgyzystanyň esasy şäherleri we welaýatlary: Bişkek 
(öňki ady Frunze), Batken (merkezi Batken), Çu (merkezi 
Tokmok), Jelal-abad (merkezi Jelal-abad), Naryn (merkezi 
Naryn), Oş (merkezi Oş), Talas (merkezi Talas), Yssyk-köl 
(merkezi Karakol).
Paýtagty Bişkek bolup, 1825-nji ýylda Kokant hanlygy 
tarapyndan Bişkek sebitinde gala hökmünde gurlandyr. Bişkek 


234 
1922-nji ýylda Daglyk oblastynyň merkezi, 1924-nji ýylda 
Gyrgyz Awtonom oblastynyň paýtagty bolupdyr. 1926-njy 
ýylda şäheriň ady Frunze (Bolşewik serkerdesi M. Frunze 
Bişkekde doglupdyr) diýlip üýtgedilipdir. 1991-nji ýylda şähere 
taryhy ady gaýtarylyp berlipdir.
2000-nji ýyldan başlap Oş şäheri döwletiň günorta 
paýtagtydyr.
Gyrgyzystanyň milli pul birligi somdur. 
Gyrgyzystnayň häzirki wagtdaky Prezidenti Roza 
Otunbaýewa. 
I BÖLÜM
 
Gyrgyzlar iň gadymy döwürden XVIII asyra çenli
 
Gyrgyz ady barada 
 
Gyrgyz adynyň manysy barada dürli pikirler orta atylýar. 
Olardan birine görä bu sözüň manysy ―kyrk-iz‖ ýagny kyrklar 
diýmekdir. Bu ýerdäki ―iz‖ goşulmasy ―ekiz‖ sözündäki ýaly 
köplük manysyndadyr (iki+iz=ekiz). 
Halk arasynda bolsa gyrgyz adynyň ―Kyrk gyzdan‖ 
gelendigi 
barada rowaýat bardyr. Ýagny gyrgyzlaryň 
―kyrk+gyzyň‖ neslinden gelendiklerine ynanylýar. 
Bir başga pikir bolsa ―kyrk+uz‖ görüşidir. Ýagny ―kyrk 
oguz‖ manysyndadyr. Beýle bir pikir özbek ady bilen hem 
baglanyşykly bardyr (Uz+begi=Oguz begi).
Gyrgyz ady barada başga bir görüş bolsa ―gyr+gez‖ 
görnüşindedir. Ýagny gyrda gezen manysyndadyr.
Bu at bilen baglanyşykly beýleki pikirler bolsa 
şeýleräkdir: ―Kyrk+ýüz‖, ―kyrk+er‖ (er = är, erkek kişi), 
―kyra+gyz‖ (gara saçly halk).

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling