Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Gazagystanyň ykdysadyýeti
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Türkmenistan-Gazagystan gatnaşyklary
Gazagystanyň ykdysadyýeti
Gazagystan özüniň garaşsyzlygyny almagy bilen ykdysady ösüşe badalga berildi. Bu döwletde nebitiň, uranyň, demiriň, altynyň we gurşunyň baý känleri bardyr. Mineral we çig mal ojaklary babatda dünýäniň öňde baryjy döwletleriniň hataryndadyr. Gazagystan uran, hrom, gurşun we sink ojaklarynyň baýlygy boýunça dünýäde ikinji, mis baýlygy boýunça bolsa dünýäde bäşinji orundadyr. Şeýle hem kömür, demir we altyn ojaklarynyň baýlygy boýunça Gazagystan dünýäde ilkinji on döwletiň hataryndadyr. Tebigy gaz, nebit we alüminýum känleri babatynda bolsa dünýäniň ilkinji ýigrimi döwletiniň arasynda ýer alýar. 1996-njy ýýlda Gazagystanda dünýäniň iň baý üçünji altyn ojagy tapyldy. Bütin dünýädäki hromyň 26%-i, altynyň 20%-i we uranyň 17%-i Gazagystandadyr. Gazagystan esasy girdejisini nebitiň we nebit önümleriniň eksportyndan gazanýar. Gazagsytanda esasy nebit ojaklary: Kaşagan, Tengiz, Uzen, Karaşyganak we beýlekiler. Gazagystan Sowetler döwründe ―bugdaý ammary‖ diýlip atlanydyrylýardy. Häzirki wagtda hem Gazagystan bugdaý ununy düňýä bazaryna çykarýan öňdebaryjy döwletleriň hataryndadyr. Şeýle hem maldarçylyk, esasanam goýundarçylyk, sygyr, gulan, düýe we atçylyk bilen meşgul bolunýär. Gazagystanyň pul birligi tengedir. Türkmenistan-Gazagystan gatnaşyklary Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýakyn taryhy, medeniýet, goňşulyk we doganlyk baglary bu iki döwleti garaşsylygyň ilkinji günlerinden başlap bir-birine pugta baglady. Türkmenistanyň ilkini Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwründe Gazagystanyň Prezidenti Nursultan 227 Nazarbaýew bilen ençeme gezek Türkmenistanda, Gazagsytanda, Russiýada, Türkiýede we beýleki daşary ýurt döwletlerinde duşuşdylar. Taryhy ähmiýetli bu duşuşyklaryň ençemesi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we Gazagystanda geçirildi. 1991-nji ýylyň dekabr aýynyň 13-ne Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň teklibi bilen, Aşgabatda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy boldy. Duşuşykda Belarus Respublikasynyň, RSFSR-iň we Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň öňki hukuksyz respublikalaryň ornunda täze garaşsyz döwletleriň birleşen arkalaşygyny döretmek baradaky pikirleri goldanyldy. Aşgabat duşuşygyna gatnaşan döwlet ýolbaşçylarynyň Ýüzlenmesinde garaşsyz döwletleriň arkalaşygynya her döwletiň deň hukukly esaslandyryjy hökmünde girýändigi baradaky ýörelge ilkinji gezek kesgitlenildi. 1992-nji ýylyň 9-10-njy maýynda Aşgabatda Aziýa sebitiniň döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygy bolup geçdi, oňa Prezident S. A. Nyýazowyň çagyrmagy boýunça Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň Prezidentleri, Pakistanyň we Türkiýäniň premýer-ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga gol çekildi. 1993-nji ýylyň 18-20-nji maýynda Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy. Ýokary derejedäki duşuşyklar mahaly iki ýurduň baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi şertleşdiler, şonuň ýaly-da Hazar deňziniň ekologiýasyny we haýwanat dünýäsini goramak boýunça Hazarýaka döwletleri hyzmatdaşlyga çagyrdylar. 228 1993-nji ýylyň 23-24-nji dekabrynda Aşgabatda GDA girýän döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygy boldy we onda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ynamy berkitmek baradaky Aşgabat Jarnamsyna gol çekildi. 1997-nji ýylyň 27-28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň Gazagystana nobatdaky resmi sapary mahaly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bellenildi. 1998-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy boldy. Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýda bolup geçen duşuşykda bäş döwletiň baştutanlary sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we ösüşiň geljegi barada pikir alyşdylar. 1999-njy ýylyň 8-9-njy aprelinde Aşgabatda Saparmyrat Türkmenbaşynyň teklibi boýunça, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy boldy. Goňşy döwletleriň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek meselelerindäki garaýyşlaryny ölçerip gördüler. Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygynyň çäginde Gazagsytanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistana resmi sapary bolup geçdi. Ykdysadyýet we medeniýet ugurlry boýunça birnäçe ylalaşyklara gıl çekildi. 2002-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy Almata geldi we GDA ýurtlarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, 229 Özbegistanyň we Russiýanyň Prezidentleri energiýa syýasaty boýunça Ýüzlenmä gol çekdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt baştutanlygy wezipesine başlamagy bilen Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar täze bir öwüşgüne eýe boldy. Mälim bolşy ýaly 2007-nji ýýlyň 14-nji fewralynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň XIX Halk Maslahatynyň mejlisi boldy. Onda Türkmenistanyň ähli halk tarapyndan saýlanan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ygtyýarlyklary tassyklanyldy hem-de onuň işe girişmeginiň dabarasy boldy. Bu dabara dünýäniň 30-a golaý ýurdundan döwlet, hökümet, milli parlamentleriň baştutanlary we wekilçilikli wekiliýetler geldiler. Işe girişmek dabarasy tamamlanan badyna Prezident köşgünde dabaraly kabul edişlik boldy. Onda Türkmenistanyň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine gelen döwletleriňi hökümetleriňi parlamentleriň we wekilçilikli wekiliýetleriň baştutanlarynyň hormatyna kabul edişlik gurady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowilki bilen Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Ol türkmen döwletiniň täze baştutanyny wezipä girişmegi bilen mähirli gutlady. Däp bolan dostlukly türkmen- gazak gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, taraplar şol gatnaşyklary iki döwletiň halklarynyň bähbidine üýtgewsiz dowam etdirmek barada şertleşdi. 2007-nji ýylyň 23-nji martynda Milli Liderimiz Gazagystanyň Energetika we mineral serişdeler ministri Bahytkoja Izmuhambetowy kabul etdi, ol Prezident Nursultan Nazarbaýewiň tabşyrygy boýunça Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler energetika pudagynda, hususan-da, nebitgaz ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Şunda türkmen tebigy gazyny 230 Gazagystanyň çäkleriniň üstünden demirgazyk ugra hem, Türkmenistanyň tarapyndan garalýan mümkinçiligi has uly bolan beýleki ugurlara hem akdyrmagyň möçberlerini artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. 2007-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň resmi wekiliýetine baştutanlyk edip, bir günlük iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Gazagystanyň Premýer-ministri Karim Masimowyň arasynda gepleşikler geçiirldi. Belent mertebeli myhman Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň salamyny ýetirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözleri üçin Gazagystanyň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirip, resmi sapar bilen islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmek barada çakylygy Nursultan Nazarbaýewe gowşurdy. Duşuşygyň barşynda ähli ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika babatda, ulag, bilim, saglygy goraýyş we oba hojalygy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2007-nji ýylyň 10-12-nji maýynda Türkmenistanyň taryhynda taryhy wakalaryň biri bolup geçdi. Şol taryhy günlerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň myhmanlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Gazagsytanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde ýokary derejede üçtaraplaýyn duşuşyk bolup geçdi. Üçtaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary Hazarýaka gaz geçirijisini gurmak hakynda üçtaraplaýýn Bilelikdäki jarnama Merkezi Aziýa sebitinde gaz akdyryş kuwwatlyklaryny ösdürmek hakynda we dörttaraplaýyn Bilelikdäki jarnama gol çekdiler. Özbegistanyň Prezidenti hem oňa gol çekdi. 231 2007-nji ýylyň 28-29-njy maýynda Türkmenistanýn PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Gazagystanda boldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitarplaýyn resmi namalaryň toplumuna gol çekildi, şol sanda iki döwletiň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýanaty kabul edildi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda 2020-nji ýyla çenli hyzmatdalyk hakynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda Şertnama we degişli Maksatnama gol çekildi. Şeýle hem beýleki resmi namalaryň ençemesine – Standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak we akkreditasiýa babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystanyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Serhet wekilleriniň (serhet komissarlarynyň) işi hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Gazagystanyň hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Operatiw-agtaryş işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň döwlet serhet gullugy bilen Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň aralygyndaky Teswirnama gol çekildi. 2007-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly gürrüňdeşlik boldy. Gürrüňdeşligiň barşynda iki döwletiň başutanlary çzara gyzyklandyrýan ençeme meseleleri, şeýle hem goňşy üç döwlet bolan Gazagystanýn, Türkmenistanyň we Eýranyň çäkleriniň üstünden geçýäň demir ýoluň gurluşygy hakyndaky şertleşikleri ýerine ýetirmek mesleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2007-nji ýylyň 11-nji iýyulynda Türkmenistanyň Energateika we senagat ministrliginiň hünärmenleriniň wekiliýeti Gazagystandan dolanyp geldi. Wekiliýet ―Kazahstan energo‖ milli energetika ulgamy‖ Respublikan döwlet 232 kärhanasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirdi. Bu gepleşikler Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen geçirildi. Olar Türkmenistanýň baştutatanynyň Astana saparynyň barşynda 1994-1996-njy ýyllarda berlen türkmen elektrik energiýasy üçin Gazagystanyň Türkmenistana bergisiniň meselelerini çözmek hakynda şertleşdi. 2007-nji ýylyň 11-12-nji sentýabrynda Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew resmi sapar bilen Türkmenistanda boldy. Ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriniň jemleri boýunça Bilelikdäki beýanata, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalara; Özara düşünişmek we iki döwletiň paýtagtlary Aşgabat bilen Astananyň arasynda hyzmatdalyk hakyndaky Ähtnama; Ilatyň arassaçylyk-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatda hökümetara Ylalaşyga; Bereket-Gyzylgaýa-Üzen täze polat ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki ýurduň demir ýol edaralarynyň arasyndaky Ähtnama gol çekildi. 2007-nji ýylyň iň soňky aýynda sebitiň döwletleri üçin taryhy ähmiyetli wakanyň şaýady bolduk. 1-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Uzen-Gysylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýolunyň gurluşygynyň başlanmagyna bagyşlanyp Bereket şäherinde geçirilen dabaralara gatnaşdy. Polat ýoluň ilkinji relsleriniň goýulmagynyň dabarasyna Eýranyň we Gazagystanyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdy. 2-nji dekabrda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti ―Uzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa – Bereket – Etrek (Türkmenistan) – Gürgen (Eýran) halkara demir ýolunyň türkmen bölegini gurmak hakynda‖ karar kabul etdi. Şol gün Hazaryň boýundaky Ruhyýet köşgünde Uzen- 233 Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýolunyň gurluşygynyň başlanmagynyň şanyna uly baýramçylyk konserti boldy. 2008-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagtynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Gazagystana sapar bilen bardy. Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Türkmenistanyň Prezidentine ýubileý medalyny gowşurdy. Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşmaga gelen dokuz ýurduň prezidentleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygynyň barşynda döwletara gatnaşygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling